Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň garamagyndaky Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň bölümleriniň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümçesiniň hünärmenleri aragatnaşyk psihologiýasy boýunça okuw maslahata gatnaşdylar

September 21, 2020

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 15-18-nji sentýabry: Aşgabat, Tejen, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherleriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümçesiniň 20 sany hünärmeni aragatnaşyk psihologiýasy we ilata, esasanam iş gözläp ýüz tutýan ýaş aýallara we erkeklere goldaw bermek boýunça onlaýn okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahatyň esasy maksady, Zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlaryň toparlardan bolan ýaşlara iş ugry boýunça maslahat we psihologiki kömek bermegiň dürli usullary we ýollary bilen tanyşmak we ara alyp maslahatlaşmakdy.

Onlaýn okuw maslahatynda amaly sapaklary öz içine aldy, şol döwürde gatnaşyjylar söhbetdeşiň emosional ýagdaýyna baha bermek usullaryny ulanyp bildiler, "işjeň diňlemek" we "eşitmek" adalgalarynyň arasyndaky tapawudy, şahsy gatnaşyklaryň görnüşlerini we olaryň gapma-garşylyk ýagdaýlaryny, aragatnaşyk tapgyrlaryny we aragatnaşyk psihologiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, gatnaşyjylar gündelik durmuşda (düzmek) konstruktiw aragatnaşyk we dawalary çözmegiň usullaryny we ýollaryny durmuşa geçirdiler.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň Zähmet gory we iş üpjünçiligi müdirliginiň orunbasary Batyr Gurbannazarow, “Aragatnaşygyň esasy usullaryny we düzgünlerini bilmek, ilat we esasanam iş gözlemek üçin ýüz tutýan ýaş aýallar we erkekler bilen üstünlikli söhbetdeşlik mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýandygyny" belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylar, onlaýn görnüşli söhbetdeşlik Türkmenistanyň iş üpjünçiligi gullugynyň işinde üstünlik gazanan ýene bir täzelikdigini aýtdylar.

***

Bu okuw maslahaty BMGÖM bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäginde Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň: hem-de serhetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde geçirildi.