Türkmenistanda uýgunlaşma meseleleriniň milli meýilnamasyny işläp düzmek

July 14, 2021

Aşgabat, 14-nji iýul, 2021 ý.: BMGÖM bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň " Türkmenistanda uýgunlaşma meseleleriniň milli meýilnamasyny işläp düzmek" atly täze bilelikdäki taslamasy şu gün taslama baha beriş komitetiniň onlaýyn ýygnagynda taslama gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Bu üç ýyllyk taslama Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) tarapyndan maliýeleşdirilýär we milli uýgunlaşmany ösdürip, howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň guramaçylyk esaslaryny berkitmek bilen, Türkmenistanyň durnuklylygyny we uýgunlaşma kuwwatyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem, uýgunlaşma meýilnamasyny taýýarlamakda milli mümkinçilikleri artdyrmagy we ýurduň suw hojalygy pudagynda uýgunlaşma meýilnamasy üçin ygtybarly subutnama binýadyny döretmegi maksat edinýär. Taslamanyň çäginde, BMGÖM beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde, pudaklaýyn meýilnamalaryny  we uýgunlaşma çärelerini amala aşyrmagy üpjün etmek maksady bilen guramaçylyk utgaşdyryş we dolandyryş usullaryny güýçlendirmek üçin iş alyp barar.

 “Türkmenistan yzygiderli ýokarlanýan temperatura we suw ýetmezçiligi sebäpli howanyň üýtgemegine durumsyzdyr. Howanyň üýtgemegi ykdysadyýete uly täsir edýär, emma suw pudagyna ol has-da uly zyýan etirýär. BMGÖM, ýurduň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek mümkinçiligini güýçlendirmek üçin milli uýgunlaşma meýilnamasyny işläp düzmekde hökümet bilen ýakyndan işleşmäge taýýardyr "- diýip, BMGÖM Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Natia Natswlishwili belläp geçdi.

Duşuşyga milli uýgunlaşma meýilnamasyny taýýarlamak boýunça jogapkär bellenen milli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda we Daşoguzda taslamanyň çäginde başlajak meýilleşdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

***

“Türkmenistanda uýgunlaşma meseleleriniň milli meýilnamasyny işläp düzmek” taslamasynyň çäginde, milli uýgunlaşmany ösdürmek üçin howanyň töwekgelçiligini we uýgunlaşma çärelerini meýilnamalaşdyrmaklyga we maliýeleşdirmeklige birikdirmek arkaly, hem-de ýurduň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylyk ukybyny güýçlendirmek maksady bilen, BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan işleşer.  

Bu taslama BMGÖM-ň  häzirki wagtda ýerine ýetirýän howanyň üýtgemegi baradaky maksatnamalarynyň üstüni ýetirer, hem-de howanyň üýtgemegi we uýgunlaşma meseleleriniň milli meýilnamasyny işläp düzmek boýunça gönüden-göni gatnaşýan ministrlikleriň, edaralaryň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrar.

Taslamanyň netijesinde, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ygtybarly strategiýany we iş meýilnamasyny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.