Durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik birleşiklerinden durmuş hyzmaty boýunça ýolbaşçylar Türkmenistanda täze durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmeginiň öňüsyrasynda hünär kämilligini artdyrýarlar

February 1, 2021

Aşgabat, 1-nji fewral, 2021: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik birleşiklerinden 100-den gowurak durmuş hyzmaty boýunça orta derejeli ýolbaşçylar bäş gün dowam eden intensiw onlaýn okuwa gatnaşyp, durmuş işi we ony dolandyrmak boýunça hünär kamilliklerini artdyrdylar. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan gurnalan okuw maslahaty Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ýokary hilli, hemmetaraplaýyn we ýerli derejede edilýan durmuş hyzmatlaryny girizmek boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde geçirildi. Bu okuw şu ýyl durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasynyň synagdan geçirilmäge başlanjak etraplarynda hünär kamilligini artdyrmak maksady bilen durmuş hyzmaty ulgamyndaky işgärlere geçirilýän deslapky okuw maslahatlaryň biridir.

Okuw maslahaty Bolgariýanyň durmuş işjeňligi we tejribeligi institutynyň (SAPI) degişli interaktiw we onlaýn okuwyny üstünlikli tamamlan milli hünärmenler tarapyndan geçirildi. Şeýle okuwy durmuş işi boýunça ýolbaşçylara geçirmegiň çylşyrymlylygy okuw goldanmalaryň elektron görnüşini we onlaýn okuw geçmekligiň interaktiw usullaryny ulanmakdan ybarat boldy.   

Okuw maslahatynyň onlaýn geçirilmegine garamazdan, okuwyň ahyrynda gatnaşyjylaryň dolduran gysgaça anketalary Bilelikdäki maksatnamanyň degişli hünär kamilligini geçirmek boýunça öňde goýan maksatlaryna ýetendiginiň subutnamasy boldy. Okuw maslahatyna gatnaşan 102 gatnaşyjydan 73-i meýletin onlaýn anketany doldurmaga gatnaşyp, geçilen 16 mowzuk boýunça öz bilimlerini we düşünjelerini artdyrandyklaryny mälim etdiler. Bu mowzuklara durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça esasy düşünjeler, çagaly maşgalalaryň, gartaşan adamlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we beýleki durmuş taýdan ynjyk toparlaryň kynçylyklaryna we zerurlyklaryna düşünmek, durmuş taýdan ynjyk toparlary durmuş hyzmatynyň täze modeli bilen goldamak, durmuş hyzmatynyň hil ölçegleri we ýörelgeleri, täze durmuş hyzmatyny düzmegiň elementleri, durmuş hyzmatynda gözegçilik we bahalandyrma hem degişlidir.     

Bilelikdäki maksatnama meýilnamasyna laýyklykda durmuş işi boýunça ýolbaşçylaryň diňe 60-yna okuw geçirmegi meýilleşdiripdi. Ýöne okuwyň onlaýn geçirilmegi has köp hünärmeni okuw maslahatyna çagyrmaga şert döredendigi sebäpli, oňa ýurtdaky durmuş taýdan ynjyk toparlara durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik birleşikleriň ählisiniň wekilleri gatnaşdy.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi esasy milli hyzmatdaşy bolup, beýlekiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.