DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary Türkmenistanda DÖM-ny maliýeleşdirmek üçin toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmlerini girizmek üçin Hereketleriň meýilnamasy barada ylalaşyga gelýärler

July 13, 2021

Aşgabat, 13-nji iýul, 2021 ý.: BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek üçin toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş ulgamyny girizmek baradaky teklipleri öwrenmek we işläp düzmek üçin bilelikdäki bilermenler toparynyň ilkinji ýygnagyny geçirdi.

BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Ilaty Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Daşary ykdysady işler bankynyň wekillerinden ybarat bolan bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary toparyň esasy maksatlary we wezipeleri barada ylalaşyga geldiler we toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň çäginde geçiriljek dürli çäreler arkaly DÖM-ny maliýeleşdirilmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

BMGÖM-niň Stambul şäherinde ýerleşýän sebitleýin merkeziniň hünärmenleri hem bu ýygnaga gatnaşdylar we ýurduň ýagdaýyna baglylykda dürli usullary nazara almak bilen toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş ulgamynyny işläp düzmegiň esasy proseslerine we tapgyrlaryna ünsi çekip, toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş ulgamyny sebitiň beýleki ýurtlarynda ulanmak boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar.

“Şu gün Türkmenistanda DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Addis Abeba hereketler meýilnamasynyň çäginde borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şeýle hem DÖM-niň durmuşa geçirilmegi we milli derejede maliýeleşdirilmegi üçin bütin dünýäde başlangyçlara goldawyny bermäge taýýarlygyny görkezýär. “Biz bu toparyň işi 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda Durnukly Ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin milli tagallalara goldaw berer diýip umyt edýäris" – diýip Natia Natswlişwili, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň we BMGÖM-niň Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi aýtdy.

Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş ulgamynyň girizilmegi Türkmenistanyň maliýe meýilnamalaşdyryş işlerini we býudjetini ösdürmek, maýa goýumlaryny we iş gurşawyny gowulandyrmak, maýa bazarlaryny ösdürmek, şeýle hemTürkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň maksatnamasyna we başga maksatnamalara laýyklykda innowasion maliýe gurallaryny ornaşdyrmak ýaly strategiki ileri tutulýan ugurlaryň ösmegine goşant goşar.