BMGÖM ýaşlar üçin netijeli okuw maslahaty geçirýär

June 26, 2020

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 26-njy iýuny: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Ýaponiýanyň hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýaşlar bilen iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyň maksady, sanly tehnologiýalary ulanyp, iş gözlemek we iş tapmak endiklerini ösdürmegi göz öňünde tutdy.

Okuw maslahatynyň çäginde, gatnaşyjylar kompýuter programmalaryny we internet ulanmagyň esaslary, onlaýn arkaly iş gözlemegiň usullary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň iş portalyny, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň web sahypasyny ulanmak bilen tanyşdylar.

“Häzirki wagtda ýaşlar üçin iş gözlemekde haýsy çeşmelerden peýdalanmalydygyny, bolup biljek iş beriji bilen özüni nädip tanyşdyrmalydygyny, söhbetdeşlige çagyrlar ýaly rezýumeni nädip doldurmalydygyny, şeýle hem iş söhbetdeşliginden nädip üstünlikli geçmelidigini bilmek peýdaly. Ýaşlara iş tapmaga kömek etjek mowzuklar boýunça sapak taýýarladyk, olar BMGÖM web sahypasynda we ýerli onlaýn habar gullugy www.orient.tmýerleşdirildi "- diýip, BMGÖM ýaşlar taslamasynyň geňeşçisi Ogulnur Hommaliýewa aýtdy.

Okuw maslahaty tamamlanandan soň, ýaşlar üçin sanly sowatlylyk bäsleşigi meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň netijelerinden soň gatnaşyjylara diplomlar, taslamanyň nyşany bilen berlen baýraklar, şeýle hem BMGÖM, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen duşuşmak we garşy alma mümkinçiligi berler.

Sanly tehnologiýalary ulanmak bilen iş gözlemek endikleri boýunça okuw maslahatlar 8-nji iýunda Maryda başlandy we Tejen (11-12-nji iýun), Daşoguz (15-16-njy iýun), Türkmenabat (18-19-njy iýun) şäherlerinde geçirildi.

Bu okuw maslahatlar Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan ýerine ýertirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň: hem-de serhetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde gurnaldy.