BMGÖM we hyzmatdaşlar Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak boyunca Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesiniň ösdürilmegini goldaýarlar

November 16, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy noýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) “Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak boýünça Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesini ösdürmek” atly taslamasy boýunça başlangyç maslahatyny geçirdi. BMGÖM we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän üç ýyllyk täze taslama Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we howa şertleriniň üytgemegi babatynda Pariž ylalaşygynyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen edaralaryň we guramalaryň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga aýratyn üns berip, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin Milli meýilnamalary işläp düzmek ukybyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanyň durnuklylygyny we uýgunlaşma ukybyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem bu ugurda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga we ýurduň suw pudagynda uýgunlaşma meýilnamalaryny işläp düzmek üçin ynamly subutnama binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Duşuşykda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesini ösdürmäge gatnaşýan  ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda hasaba alynan halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar taslamanyň maksatlary we ony durmuşa geçirmek ugrunda ýüze çykyp biljek meseleleri, Milli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyny we Taslama Geňeşini döretmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre gatnaşyjylary Milli uýgunlaşma meýilnamalaryny işläp düzmek prosesi, şeýle hem Ýaşyl howa gaznasynyň talaplary bilen tanyşdyran BMGÖM-niň Bangkok şäherindäki sebitleýin merkeziniň baş tehniki geňeşçisi hanym Rohini Kolinyň we BMGÖM-niň Stambul şäherindäli sebitleýin merkeziniň tehniki geňeşçisi hanym Burçu Dagurkudeniň gatnaşmagynda geçirildi.

“Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan geografiki ýerleşişi, temperaturanyň yzygiderli ýokarlanmagy we suw ýetmezçiligi sebäpli howanyň üýtgemeginiň onaýsyz täsirlerine sezewar bolup biler. Howanyň üýtgemegi tutuş ykdysadyýete täsir edýän hem bolsa, esasy täsir suw pudagyna ýetýär" – diýip Türkmenistanda BMGÖM-niň daşky gurşaw maksatnamasynyň hünärmeni belläp geçdi. “Taslamanyň maksady, Milli utgaşdyryş mehanizmlerini, şeýle hem meýilnamalaşdyrmak we uýugunlaşmak üçin çäreleri geçirmek üçin dolandyryş proseslerini işläp düzmek, hem-de meseleleriň netijeli çözgüdini tapmak üçin zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etmek üçin suw pudagynda tejribelere esaslanan maglumat binýadyny pugtalandyrmakdyr. Bu taslama, suw pudagynda we umuman uýgunlaşmak üçin meýilnamalary işläp düzmek prosesine gatnaşýan gatnaşyjylaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar diýip garaşýarys."

***

"Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak boyunça Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesini ösdürmek " taslamasynyň çäginde BMGÖM howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesi arkaly meýilnamalary işläp düzmek we býudjeti taýýarlak işlerine howanyň üýtgemeginiň töwekgelçiliklerini we uýgunlaşmak boýunça çäreleri girizmek bilen howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşma we durnuklylyk ýaly meselelerde ýurduň mümknçiliklerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk eder.

Taslama howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly BMGÖM-niň häzirki wagtda amala aşyrylýan beýleki maksatnamalarynyň üstüni ýetirer we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere gönüden-göni gatnaşýan milli ministrlikleriň kuwwatyny ýokarlandyrar we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin Milli meýilnamalary işläp düzmek prosesini ösdürer. Taslamanyň netijesinde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin berk we Milli strategiýanyň, şeýle hem muňa laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasynyň işlenip düzülmegine garaşylýar.