BMG-iň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurduň söwda kuwwatyna baha bermäge başlady

January 31, 2020

Aşgabat, 27-nji ýabwar, 2020-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, eksport diwersifikasiýasyny höweslendirmek we eksport düzüminde goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň paýyny artdyrmak, ýurduň ykdysadyýetinde import paýyna garaşlylygyny azaltmak maksady bilen “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýärler.

Bilelikdäki taslamanyň çäginde BMGÖM we milli hyzmatdaşlar, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen baglanyşykly her bir edaranyň wezipelerini öwrenmek we söwda syýasatyny ösdürmekde hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin hünärmen işgärleriň taýýarlyk zerurlyklaryna baha bermek üçin Germaniýadan halkara hünärmen jenap Akim Seýleriň ilkinji Aşgabada saparyny gurnadylar.

 “Söwda kuwwatyny güýçlendirip başlamak üçin, milli hyzmatdaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerurlyklaryndan ugur alyp, halkara söwda syýasatyny ösdürmek boýunça okuwlar gurnalar. Bu okuwlar, taslamamyzyň örän möhüm bölegi bolup, ýerli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ileri tutulýan milli ugurlara ünsi jemlemek bilen söwda özgertmeleriniň ähli işine badalga berer"-diýip BMGÖM-iň Taslama boýunça iş dolandyryjysy Muhommet Hommaýew belledi.

Şeýle hem Taslama, türkmen eksport önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna netijeli elýeterliligini üpjün etmeklige, şol sanda önüm öndürijiden ahyrky sarp edijä harytlaryň toplumlaýyn paýlanyş ulgamy üçin täze ykdysady mehanizmleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini goldaýar. Halkara bilermeniň iş saparynyň dowamynda, hyzmatdaşlar maksatly eksport bazarlary we harytlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara bilermeniň ýardam bermeginde, başlangyç 5 günlük okuwy azyndan 30 sany milli hünärmenlerine 2020-nji ýylyň baharynyň başyna çenli işlenip taýýarlanmagyny we durmuşa geçirilmegini meýilleşdirilýär.