BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde täze taslamany işe girizdiler

December 17, 2019

Aşgabat, 16-njy dekabr, 2019-njy ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek boýunça täze hyzmatdaşlyk taslamasyna başladylar.

Taslamanyň maksady, milli işgärleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we adam maýasyny ösdürmek we adamyň zehinini ykdysady ösüşiň we milli bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktoryna öwürmek. Taslama, şeýlede eksporty diwersifisirlemek we onuň düzüminde goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň paýyny artdyrmak, ýurduň ykdysadyýetinde importyň paýyny azaltmak arkaly ýurduň söwda kuwwatyny güýçlendirmekden ybarat.

“Türkmenistan Hökümetiniň gün tertibinde, ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek örän möhüm. BMGÖM, milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda ýaly möhüm ugurda ösüş meýilnamasyna goşant goşmak üçin Hökümet bilen täze hyzmatdaşlyga başlandygyny begenç bilen belleýäris. Biz bu taslamany iň ýokary hilde durmuşa geçirmäge, dünýä derejesindäki hünärmenleri çekmäge we ähli başarnyklarymyzy we tejribelerimizi jemlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys"-diýip, Natia Natswlişwili, BMGÖM-iň Hemişelik wekiliň w. ýe. ýe. aýtdy.

Taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we 2019-2021-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirmegi meýilleşdirilýär.

Beýleki çäreler bilen birlikde, taslama zerurlyklary we kämilleşdirmek mümkinçilikleri giňişleýin seljermek bilen institusional we işgär kuwwatyny yzgiderli okuwlar arkaly pugtalandyrar we söwda düzgünleşdiriş gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň daşary ýurt bazarlaryna eksportynyň netijeli elýeterliligini üpjün etmek, toplumlaýyn paýlanyş ulgamynyň täze ykdysady mehanizmlerini ornaşdyrmak ýaly çäreleriň düzülmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw berer.

Ahyrky netijede, taslama ylmy-gözleg ukybyny döretmek we işewür toparlaryndan, gözleg we akademiki edaralardan alnan pikirlere netijeli baha bermek üçin ölçeg ulgamyny kämilleşdirmek üstünde işlär.