BMGÖMsy Galyndylary dolandyrmagyň strategiýasyny hem-de Döwlet ekologiýa gözegçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaga ýardam berýär.

July 7, 2021

2021-nji ýylyň 7-nji iýuly.  Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi”  atly taslamanyň  çäklerinde iş duşuşygy geçirildi.

Bu iş duşuşygynyň maksady, daşky gurşawy goramak, galyndylary dolandyrmak hem-de howanyň we suw gorlarynyň arassaçylygyna Döwlet gözegçiligini amala aşyrmak bilen bagly meseleleri  ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar. Şeýle-hem iş duşuşygynyň dowamynda, daşky gurşawy goramak babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek,  tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, innowasion teklipleri önümçilige ornaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Energetika, Gurluşyk we binagärlik  ministrlikleriniň, Aşgabat şäher Häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň  wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan, galyndylary dolandyrmak, howanyň  we suw gorlarynyň arassaçylygyna Döwlet gözegçiligini amala aşyrmak babatynda söhbetdeşlikler geçirildi. Şonuň ýaly-hem duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan galyndylary dolandyrmak, howanyň  we suw gorlarynyň arassaçylygyna Döwlet  gözegçiligini amala aşyrmak bilen bagly kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilişi barada hem pikir alyşyldy.

Iş duşuşygynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi”  atly taslamasynyň hünärmenleri tarapyndan, iş duşuşyga gatnaşyjylaryň garamagyna şu aşakda görkezilen resminamalaryň taslamasy hödürlenildi:

- Galyndylary dolandyrmak boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň;

- Türkmenistanyň şäherlerinde howanyň  we suw gorlarynyň arassaçylygyna Döwlet ekologiýa gözegçiligi ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasy;

- Galyndylaryň klassifikatory we galyndylaryň klassifikasiýa kody;

- Howply galyndylaryň, daşky tebigat üçin  howplylyk derejesini kesgitlemegiň tertibini.

Iş duşuşygynyň dowamynda, duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan teklip edilen kadalaşdyryjy resminamalaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, goşmaçalary girizmek barada teklipler berildi. Bu bolsa galyndylary dolandyrmak hem-de howanyň we suw gorlarynyň arassaçylygyna Döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin niýetlenilen kadalaşdyryjy resminamalaryň ýokary hilli taýýarlanylmagyna ýardam berer.