Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň synag okuwlaryň uçurymlaryna serifikatlary gowşurmak dabarasy

June 9, 2020

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 9-njy iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Sanly dolandyryş” hünäriň magistratura ugry boýunça gysga möhletli synag okuwlary tamamlan diňleýjilerine serifikat gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu çäre BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen 2017-2020 ýyllar aralygynda amala aşyrylýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek" atly bilelikdäki Taslamanyň çäklerinde geçirildi.

“Sanly dolandyryş” hünäriň magistratura ugry boýunça gysga möhletli synag okuwlaryň esasy maksady – birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralaryň Maglumat Kommunikasion Tehnologiýalar (MKT) boýunça alyp baryjy hünärmenleriň mümkinçiliklerini, bilim derejesini we endiklerini ýokarlandyrmak, innowasion we sanly dolandyryşyň düzümlerini ulanmakda hünär derejesini ösdürmek, şeýle hem sanly dolandyryşa geçilýän döwründe  häzirkizaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döwlet edaralaryň we guramalaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdyr.  

Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory jenap Alym Kadyrow öz çykyşynda sanly ykdysadyýetiň ösüşi we bu ugurda geçirilýän institusional özgertmeler döwlet gullukçylaryň hem-de telekeçilik düzgünleriň wekilleriniň amaly endikleriniň ösdürilmegini talap edýär, diýip belledi.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda we BMGÖM-niň işjeň ýardam bermeginde “Sanly dolandyryş” hünäri ugry boýunça magistrlik maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we  gysga möhletli synag okuwlary üstünlikli geçirildi.

        BMGÖM-niň Hemişelik Wekiliniň ýerine ýetirijisi hanum Natia Naswlişwili ähli döwlet maksatnamalaryna we durmuş syýasatyna ornaşdyrylan Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmekde sanly tehnologiýalarynyň aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

Şunuň bilen birlikde, BMGÖM esasy milli hyzmatdaşlary bilen amala aşyrýan bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde sanly ykdysadyýeti we dolandyryş ugrunda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Hökümetine tehniki ýardamy bermegini dowam eder.

***

“Sanly dolandyryş” hünäriň magistratura ugry boýunça okuw maksatnamalary BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň  we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek" atly bilelikdäki Taslamanyň çäklerinde işlenilip taýýarlanyldy we  Döwlet gullugy akademiýasynda ornaşdyryldy.