Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan, Türkmenstanda ekologiýa gözegçiligi ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam berilýär

December 7, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 7-nji dekabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy  (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde “Täze barlaghana enjamlarynyň amaly ulanylyşy  we ekologiýa gözegçiliginiň hem-de barlaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçiligi gullugynyň himiýa barlaghanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň arasynda, Türkmenistanyň ekologiýa gözegçiligi ulgamynyň häzirki ýagdaýy we ulgamyň işini kämilleşdirmegiň ugurlary barada maslahatlaşyldy. Şeýle-hem, okuw maslahatyna gatnaşyjylar daşky gurşawyň hapalanmagyna gözegçilik etmek maksady bilen, taslamanyň çäklerinde satyn alynan barlaghana enjamlary bilen, tanyşdyryldy  we şol enjamlary ulanmagyň usuluýeti barada söbetdeşlik geçirildi.

Satyn alynan enjamlaryň sanawy döwrebap gurallardyr hem-de senagat kärhanalardan we beýleki çeşmelerden atmosfera zyňylýan hapalaýjy maddalaryň mukdaryny anyklamagyň usuliýetini öz içine alýar.

“Bu enjamlar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa barlaghanalarynyň hünärmenlerine ýardam bermek maksady bilen, satyn alyndy. Enjamlaryň täze, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işlemegi, ekologiýa gözegçiligini netijeli amala aşyrmaga ýardam berer  diýip” – BMGÖM-niň taslamasynyň hünärmeni Wiktoriýa Akopowa habar  berdi.

***

“Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama, Global Ekologiýa Gaznasy we BMGÖM-sy tarapyndan maliýeleşdirilýär.Taslama şüheleriň durnukly ösdzrilmegine ýardam bermäge, şäherleriň ösmegi bilen bagly ýaramaz täsirleri azaltmaga, howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga, daşky gurşawa zyňylýan parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny azaltmaga, energiýanyň tygşytly ulanylmagyna, galyndylary durnukly dolandyrmaga we netije-de ýyrdymyzyň sosial-ykdysady taýdan ösmegine ýardam bermäge  gönükdirilendir.

Taslamanyň maksady ýerli hünärmenlere tehniki, guramaçylyk we strategik goldaw bermekden ybaratdyr. Taslama Aşgabat şäheriniň we Awaza Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde energiýany oýlanyşykly ulanmak  we galyndylary durnukly dolandyrmak babatda nusgalyk işleri ýerine ýetirmäge we bu ugurda düşündiriş, maslahat-beriş işlerini geçirmäge esaslanýar. Şeýle-de gazanylan oňin tejribäni Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ulanmaga mümkinçilikler dörediler.