Türkmen eko-blogery adamlary ekologiýa taýdan durnuklylyga çagyrýar

April 22, 2022

Birnäçe ýyl ozal Gülnar ýönekeý adamyň durmuşyny alyp barýardy. Ol işe gidýärdi, dost we joralary bilen wagtyny geçirýärdi we beýleki adamlaryň köpüsi ýaly, onuň adaty ýaly bolup görünýän durmuş ýörelgeleriniň daşky gurşawa ýaramaz täsirini nähili derejede ýetirýändigi hakynda pikir hem etmeýärdi.

Bularyň hemmesi onuň Türkmenistanda geçirilen eko-çäresine gatnaşandan soňra üýtgedi: "Men howanyň üýtgemegi we onuň adam saglygyna we planetamyzyň geljegine nähili täsir edýändigi barada köp zatlar öwrendim”, - Gülnar aýdýar. “Men ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaşamagy başladym we beýleki adamlary hem bu ýörelgelere eýermäge çagyryp başladym. Men deň-duşlarymyň hem köpüsiniň daşky gurşaw meseleleri barada gaty az maglumat bilýändigine düşündim.” Ine, şonda Gülnary ajaýyp pikir gurşap aldy – jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we planetanyň gülläp ösmegi üçin endikleriň üýtgemegine itergi bermek üçin sosial aragatnaşyk torlarynda blog açmak.

Häzirki wagtda Gülnar Taýjanowa Türkmenistanyň ilkinji we ýeke-täk eko-blogerydyr. Sosial aragatnaşyk torlarynyň tanymal we täsir ediji şahsyýeti hökmünde Gülnar galyndylary azaltmak barada görkezmeleri bermek bilen ýerli ilatyň içinde durnukly endikleri öňe sürmek üçin köp işleri alyp barýar. Şeýle hem, Gülnar ekologiýa taýdan arassa önümleri satmak üçin platforma bolup hyzmat edýän onlaýn eko-marketiň esaslandyryjysydyr we şeýlelik bilen ol ýurtda “ýaşyl” işewürligiň ösüşini goldaýar.

“Men ekologiki durmuş ýörelgeleri boýunça siziň ýol belediňiz. Men size nirede we nämäniň gaýtadan işlenilýändigi barada aýdyp bererin”, -  diýip, Gülnar Instagram sahypasyndaky terjimehalynda aýdýar. "Ähli janly-jandarlara biperwaýlyk etmeýän adam." Gülnaryň sosial aragatnaşyk torlarynda “Tebigatyň kömekçisi” atly sahypasy bilen ruhlandyrjy tanyşlyk, onuň abunaçylarynyň daşky gurşaw meselelerine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp boldy we Gülnaryň blogy howanyň häzirki ýagdaýy barada bilim paýlaşmak we adamzadyň öňünde duran daşky gurşaw bilen baglanyşykly iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma öwrüldi.

Gülnar öz Instagram sahypasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly dürli meseleler barada gürrüň berýär we durnukly durmuşda ýaşamak üçin her kimiň amala aşyryp biljek işleri barada ýönekeý maslahatlaryny berýär. “Men öz blogymda daşky gurşaw bilen baglanyşykly nähili meseleleriň bardygyny we her birimiziň planetany halas etmek üçin nähili işleri ýerine ýetirip biljekdigimiz barada ýönekeý dilde gürrüň berýärin. Men şahsy mysallarym bilen galyndylaryň mukdaryny nädip azaltmaly, olary öýde nädip seljermeli, nirä alyp gitmeli we soňra täzeden ulanmak üçin olaryň gaýtadan işlenilip, nämä öwrülýändigini görkezýärin"- diýip, Gülnar gürrüň berýär. 

"Men daşky gurşawyň arassa bolmagy üçin alnyp barylýan işlere gatnaşmak we çäreleri görmek üçin abunaçylarymyň isleg bildirýändiklerini görýärin. Meniň wezipäm - olara muny nädip edip boljakdygyny görkezmekdir."

Gülnaryň durnukly geljegi gurmak ugrunda endikleri üýtgetmek boýunça tutýan orny – onuň işjeň tarapdarlaryna öwrülen beýleki eko-aktiwistler üçin görelde boldy. Onuň açyklygy we yhlasy, ony adamlaryň diňleýän we eýerýän täsirli eko-aktiwistine öwürdi. Beýleki täsirli adamlar ýaly, Gülnar halkara tejribesine daýanýar we hünärmenler bilen işjeň işleşýär.

Iki ýyl mundan ozal, Gülnar Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasynyň çäginde galyndylary durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly çärelere işjeň gatnaşyp başlady.

Taslama, durnukly şäherleriň ösüşine goldaw bermek, şeýle hem ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny we howanyň hapalanmagyny azaltmak, energiýanyň sarp edilmegini azaltmak we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde galyndylary durnukly dolandyrmak ýaly ýurtda şäher ösüşiniň ýaramaz täsirlerini azaltmak maksady bilen amala aşyrylýar. Taslama tehniki, institusional we syýasy taýdan goldaw berýär, şeýle hem Aşgabat we Awazany öz içine almak bilen çeşmelerden tygşytly peýdalanmak we galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly endikleri üýtgetmäge goldaw berýär, hem-de bu ugurda gazanylan netijeleri Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ulanmak üçin esas döredýär.

Gülnar Türkmenistanda BMGÖM-niň taslamasynyň synag çäreleriniň netijesinde ýaýbaňlaşýan we gowulaşýan - galyndylary dolandyrmak ulgamynyň bardygyny mälim etmek üçin galyndylary seljermek we gaýtadan işlemek boýunça ýerli kärhanalaryna baryp görýär. 

"Adamlar, BMGÖM-niň Durnukly şäherler baradaky taslamasynyň goldawy bilen ýaňy-ýakynda peýda bolan gaýtadan işleýän we hatda galyndylary ýygnaýan nokatlarymyzyň bardygyny bilmelidirler."

Abunaçylarynyň haýyşlary sebäpli, şu ýyl Gülnar BMGÖM taslamasynyň hünärmenleri bilen BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň goldawy bilen galyndylary dolandyrmagyň milli ulgamynyň ornaşdyrylmagy barada okyjylara habar bermek üçin söhbetdeşlik gurady. Bu söhbetdeşligiň wideosy Gülnaryň we Türkmenistanda BMGÖM-niň sosial aragatnaşyk kanallarynda ýerleşdirildi we halk arasynda durnukly sarp etmek hem-de durnukly durmuş ýörelgeleri barada işjeň çekişmeleriň döremegine itergi berdi.

Mundan başga-da, Gülnar şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda BMGÖM tarapyndan gurnalan ýaş eko-aktiwistler bilen resmi däl söhbetdeşligiň bilelikde guramaçysy hökmünde çykyş etdi.

Gülnaryň we beýleki gatnaşyjylaryň goldawy bilen bu çärede işjeň çekişmeler boldy we sosial aragatnaşyk torlarynda BMGÖM-niň mandaty we maksatlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen mazmunlar döredildi, şeýle hem ýerli ilatyň endiklerini üýtgetmek boýunça alnyp barylýan işleri durnukly ösüşe gönükdirmek barada çekişmeler geçirildi. "

"Biziň her birimiziň hereket etmegimiz möhümdir we bu hereketler howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça saldamly goşant goşýar" – diýip, Gülnar duşuşygyň dowamynda aýtdy. 

Bu çäre bilim almak we ekologiýa taýdan howpsuz we jogapkärçilikli kararlary bermek üçin tejribeler bilen tanyşmaga gönükdirilen BMGÖM-niň ýaşlar bilen resmi däl gepleşikleriň bir bölegidir. "Şular ýaly bilim beriji başlangyçlar adamlara antropogen hapalanmasynyň adamlaryň we ekosistemanyň saglygyna ýetirýän täsirini düşünmäge ýardam edýär, hem-de durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin endikleri üýtgetmek bu meseläniň çözgüdini tapmak ugrunda nähili goşant goşup biljekdigi barada has giňişleýin pikir alyşmaga ýardam edýär" – diýip, BMGÖM-niň Türkmenistanda Hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy.

BMGÖM-niň ýaş eko-aktiwistler bilen duşuşygynda Gülnar BMGÖM-niň tagallalaryna ýaşlary çekmek, şol sanda öýsüz-öwzarsyz haýwanlara goldaw bermek babatyndaky taslamany ýola goýmak boýunça birnäçe gymmatly teklipleri hödürledi.

Adamlaryň haýwanlara bolan ynsanperwer garaýşy, Gülnaryň Instagram blogynyň esasy mowzuklarynyň biridir. 

"Meniň haýwanlara bolan söýgim maňa ejemden geçdi. Çagalygymda ejem öýsüz haýwanlaryň ýanyndan geçip gidip bilmeýärdi, ol olary bejermäge çalyşýardy we iýmit berýärdi, ol häzirem şol işini dowam edýär."

Gülnar köplenç öýsüz haýwanlaryň gonalgasyna gidýär, soňra bolsa öz abunaçylaryna haýwanlar barada gynançly hekaýalaryny gürrüň berýär we olary bu haýwanlara ideg etmäge çagyrýar: “Men päk tohumly pişikleri ýa-da güjükleri satyn almagyň zerur däldigini düşündirýärin, gonalgada biziň ünsümize, söýgimize we idegimize mätäç bolan köp gürjiler bar.”

Gülnaryň daşky gurşaw meseleleri boýunça maslahatlary we teklipleri bermek üçin blog hökmünde açan köpçülikleýin habar beriş sahypasy indi has möhüm bir zada öwrüldi - sagdyn durmuş ýörelgelerini we bilimi paýlaşmak, hereketleri we üýtgeşmeleri etmäge çagyrmak üçin jemgyýetçilik platformasyna öwrüldi. Gülnar durnukly geljegi gurmak üçin üýtgeşmeleri öňe sürmek ugrundaky edýän tagallalary arkaly beýleki ýaşlar üçin görelde boldy. 

"Şahsy mysallarym bilen, men uglerodyň ýetirýän täsirlerini azaltmak bilen her birimiziň häzirki ýagdaýy nädip gowulaşdyryp biljekdigimizi görkezýärin. Men öz abunaçylaryma zyňyndylaryň ýok bolan dünýäsini gurmak üçin edýän tagallalaryna goldaw bermäge taýyar."