Seýsmiki töwekgelçilikler boýunça okuw kitaby

a statue of a person and a clock

Textbook on Seismic Risk

pdf (19.8MB)

Download

Seýsmiki töwekgelçilikler boýunça okuw kitaby

January 21, 2025

BMGÖM we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fizikanyň atmosferasy  instituty tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýertitremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak” taslamasynyň çäginde halkara derejesinde ykrar edilen hünärmen tarapyndan taýýarlanan Seýsmiki töwekgelçilikler boýunça okuw kitabynyň neşir edilendigini mälim edýäris. 

Munuň ýaly ilkinji okuw kitaby seýsmiki töwekgelçiligi öwrenmek üçin giňişleýin giriş höküminde toplumlaýyn ýertitremeleri bilen baglanyşykly mowzugy öz içine alýar. Bularyň arasynda ýertitremeleriň ýüze çykmagy, olaryň adam gurşawyna we ýaşaýyş durmuşyna ýetirýän zyýanly täsirleri, seýsmiki töwekgelçiligi anyklamak we bahalandyrmak hem-de dolandyrmak boýunça tapgyrlaýyn çeşmeler hödürleniýär. Kitapda seýsmiki howpy, seýsmik gowşaklygy we seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmagyň bar bolan usullary we bu töwekgelçilikleri dolandyrmagyň häzirki zaman usullary giňişleýin öwrenilýär.

Bu okuw kitaby, gurluşyk-inženerçilik hünäriniň talyplary we beýleki tehniki-inženerçilik hünärleriniň talyplary üçin niýetlenip hem-de “Durmuş howpsuzlygy” ugurlaryndaky sapaklar üçin möhüm goşundy hökmünde ulanmak bolar. Şeýle hem bu kitaby ýertitremesiniň howpsuzlygy we ýertitremesinde adatdan daşary ýagdaýlarda jogapkärçiligi bolan hünärmenler üçin peýdaly boljakdygy we seýsmiki taýdan howply sebitlerde ýaşaýan hem-de ýertitremesi bilen baglanyşykly hadysalary bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm çeşmesi bolup durýar. 

Bu okuw kitabynyň neşir edilmegi, ýertitremesiniň howpsuzlygy boýunça täze ýaş hünärmenleri taýýarlamak we ýurdumyzyň ýertitremelere we seýsmiki töwekgelçiligni bahalandyrmakda ýurdumyzyň milli mümkinçiligini artdyrmak üçin uly ähmiýeti bar.