ÝERLI DEREJEDE HEMMETARAPLAÝYN ÝOKARY HILLI DURMUŞ HYZMATLARYNY GIRIZMEK ARKALY DURMUŞ GORAGLYLYGY ULGAMYNY KÄMILLEŞDIRMEK

Türkmenistanyň Hökümeti orta möhletli Milli ösüş maksatnamasynda we adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynda durmuş hyzmatlaryny kämilleşdirmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan BMG-niň ýurt boýunça toparynyň goldamagynda Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny döretmek arkaly durmuş taýdan hyzmat edýän ulgamy döwrebäplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen BMG we Türkmenistanyň Hökümeti 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek barada Bilelikdäki maksatnama gol çekdiler.

BILELIKDÄKI MAKSATNAMANYŇ MAKSADY

Bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny bermäge taýýarlamagy maksat edinýar. Bu bolsa durmuş goldawyna mätäç adamlara olaryň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meselelerini çözmäge we özbaşdak durmuşlaryna dowam etmäge köp mümkinçilik döreder. BMG-niň edaralary we olaryň milli hyzmatdaşlary Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde bilelikde işläp, ilatyň durmuş taýdan goldawa mätäç gatlagyny goldamak üçin ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň nusgasyny işläp düzer we onuň esasy düzüm böleklerini synagdan geçirerler; ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze ulgamyny ornaşdyrmak üçin kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, güýçlendirerler we institusional gurallaryny dörederler; hem-de durmuş işi we durmuş hyzmaty boýunça mümkinçilikleri artdyrarlar.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde ýurduň durmuş taýdan hyzmat edýän ulgamyny özgertmek babatynda maksada okgunly ädimler ädiler. Täze işe kabul edilen durmuş işi boýunça hünärmenlere, şeýle-de, durmuş işi boýunça dolandyryjylara, durmuş hyzmatlaryny üpjün edijilere we durmuş hyzmatlary bilen bagly dürli hünärleriň wekillerine durmuş işi boýunça dürli ýygylykda gysga möhletli okuw maslahatlary geçiriler. Okuwlaryň çäginde durmuş işi boýunça hünärmenler Bilelikdäki maksatnamanyň maksat toparlarynyň, ýagny Türkmenistanyň ilatynyň durmuş taýdan ynjyk gatlaklarynyň şahsy zerurlyklaryna baha bermegiň usullaryny öwrenerler. Mundan başga-da, ýurdumyzda bar bolan durmuş hyzmatlaryna seljerme berler we onuň esasynda hemmetaraplaýyn we ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatynyň täze nusgasynyň 15 görnüşi meýilleşdiriler we işlenip düzüler. Döwlete degişli durmuş hyzmatyny edýän edaralar we durmuş hyzmatyny edýän jemgyýetçilik guramalary ýerli derejede ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny işläp taýýarlamaga we şol hyzmatlary etmäge bäsleşik esasynda çagyrylar. Şeýlelikde, Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş hyzmatlaryny etmegiň dürli ýollary, şol sanda durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça döwlet sargydy hem synagdan geçiriler.

Mundan başga-da, ilata durmuş hyzmatyny etmek boýunça kanunçylyk binýadyna syn berler we durmuş hyzmatynyň täze nusgasynyň görnüşlerini synagdan geçirmek boýunça gazanylan amaly netijelere esaslanyp, olary kämilleşdirmek barada teklipler taýýarlanar. Durmuş hyzmatyny etmegiň köp derejeli ulgamyny kesgitleýän döwlet sargyt gurallary we institusional gurluşy işlenip düzüler. Durmuş hyzmatyny etmegiň täze nusgasynyň ykdysady netijeliligi we artykmaçlyklary görkeziler. Bu bolsa Türkmenistanyň Hökümetine ilata durmuş hyzmatyny etmeklik ulgamyny özgertmek babatynda oňyn netijelere gelmäge ýardam eder.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş işi boýunça hünär mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle-de, durmuş işi boýunça hünärmenlere we mugallymlara gysga möhletli okuw maslahatlaryny geçirmek arkaly durmuş işiniň amaly we nazary esaslary Türkmenistanda hem kemala geler. Maksatnama ýurduň ýokary okuw jaýlary üçin halkara ülňülere esaslanýan hem-de ýerli hukuk, durmuş we medeni şertlere laýyk gelýän durmuş işiniň ölçeglerini, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmäge goldaw berer. Galyberse-de, durmuş işi boýunça hünär kämilligini artdyrmak boýunça ölçegleriň işlenip düzülmegi we durmuş işi boýunça hünärmenlere hünär goldawy bermek boýunça seminarlary geçirmek arkaly bu prosese has hem güýçlendiriler.

GARAŞYLÝAN NETIJELER:

  • Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Hökümeti durmuş taýdan hyzmat etmegiň täze nusgasyny dolulygyna kabul eder we 2025-nji ýyla çenli ony giň möçberde durmuşa geçirmäge başlar;
  • 2022-nji ýylyň ortasyna çenli ýerli derejede edilýän täze durmuş hyzmatlary görkeziler, synagdan geçiriler we netijeliligine baha berler;
  • 2022-nji ýyla çenli Bilelikdäki maksatnamanyň netijelerine we synagdan geçiriljek hyzmatlaryň netijeliligine esaslanyp, Türkmenistanyň Hökümet ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryna goýberilýän býujet serişdeleriniň möçberini artdyrar;
  • 2022-nji ýyldan başlap durmuş işi boýunça hünärmenler we ygtyýarly durmuş hyzmatlaryny üpjün edijiler durmuş hyzmatyna mätäç bolan ähli adamlaryň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we olaryň durmuş ornaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryny ederler.

Bilelikdäki maksatnama şu aşakdaky Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant goşar:

1, 4, 8, 10, 16, 17