Eksport import amallary üçin Bir penjire

Şu taslamanyň maksady edara özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeli girizilmegini üpjün etmek, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (TDGG) bilen import we eksport amala aşyrylanda gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň (DGE) arasyndaky özara işi berkitmek, ygtyýarnamalaryň, güwänamalaryň we rugsatnamalaryň (YGRR) integrirlenen monitoringini we gözegçiligini ýola goýmak, gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda pudagara töwekgelçiligi dolandyrylyşy girizmek, Türkmenistanyň dünäýädki, sebitleýin ykdysady integrasiýasyndaky we halkara söwdasyndaky mümkinçiliklerini berkitmek bolup durýar.

Şu taslamanyň çäklerinde BMGÖM we ÝUNKTAD TDGG we DGE degişli tehniki ýardamy hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda elektron YGRR ornaşdyrmak boýunça hem-de «Bir penjire» we mümkinçilikleri ösdürmek konsepsiýasyny ulanmak bilen gümrük resmileşdirmesini mundan beýläk hem awtomatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça ýardamy berýär. 

Bu taslamanyň maksady gümrük hyzmatlaryny etmek ulgamynda “Bir penjire” çemeleşmesini girizmek arkaly eksport-import amallaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.

Taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Gümrük ulgamyny ösdürmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin maksatnamasyna we Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda gümrük resmileşdirmesine gatnaşýan DGE (döwlet gözeçilik edaralarynyň) iş mümkinçiliklerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, şeýle hem adalatly söwdany ýönekeýleşdirmek we gender deňligini göz öňünde tutup, raýatlaryň ykdysady taýdan deň hukuklaryny, şol sanda raýatlaryň telekeçilik işine bolan hukugyny üpjün etmekde, ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmekde, senagatlaşmakda we ykdysady ösüşi gazanmakda Türkmenistana goldaw bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (ÝUNKTAD) bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” taslamasynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, bu taraplaryň giň özara gatnaşygy üçin esas döreder, şeýle hem olaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürer we güýçlendirer.

Bu Taslamanyň uzak möhletli maksady döwlet edaralaryny güýçlendirmegi, döwlet maliýeleşdirmesini gowulandyrmagy we gurşawyň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşary söwdany amala aşyrmak üçin, şol sanda hususy telekeçiligiň wekilleri tarapyndan, amatly şertleri döretmek arkaly Türkmenistanyň ykdysadyýetini berkitmegi, ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini güýçlendirmegi we onuň dünýädäki we sebitdäki söwda gatnaşmak kuwwatyny artdyrmagy öz içine alýar.