BMGÖM Türkmenistanda DÖM-nyň milli platformasyny döretmäge ýardam eder

November 15, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji noýabry: BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan "Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek üçin platforma“ atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde DÖM-nyň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak boýunça binýadyň milli platformasyny döretmek işi tamamlandy.

Milli platformanyň esasynda DÖM-nyň Türkmenistan tarapyndan kabul edilen görkezijileriniň sanawy goýuldy. DÖM boýunça hasabatlylygy bermek üçin milli platforma we işlenip taýýarlanan köpugurly programma üpjünçiligi jikme-jik maglumatlary, şol sanda ýurduň gazanan üstünliklerini beýan edýän slaýderleri, metamaglumatlary, diagrammalary, grafikleri we DÖM-nyň görkezijileri boýunça bölünme derejelerini öz içine alýar.

DÖM boýunça statistiki hasabatlylygyň milli platformasynyň döredilmegi we ornaşdyrylmagy maglumatlara monitoring ulgamyny gurmaga we meýilnamalaşdyrmak hem-de ýurtda DÖM gazanmakda öňegidişlige gözegçilik etmek, hasabatlylyk bermek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek, DÖM-nyň gazanylan derejesi barada milli hasabatlary taýýarlamak üçin netijelere baha bermäge gönükdirilendir, olar hökümet düzümlerini, hususy bölegi we jemgyýetçilik guramalaryny goşmak bilen, peýdalanyjylaryň giň toparyna elýeter bolar. Bu öz gezeginde, DÖM maksatlary boýunça maglumat akymlaryna gözegçilik etmek babatynda maslahatlary işläp taýýarlamak işine goşmaça depgin berer we Türkmenistanyň milli statistika mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

***

BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň "Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma“ atly bilelikdäki taslamasy Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we olaryň ýurtda DÖM gazanmak boýunça işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.