Bank işinde işewürligi alyp barmagy we sanly özgertmeleri goldamak

Taslama näme barada?

Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) we Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiñ 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öñünde tutulan milli strategik maksatlara, Bank ulgamyny ösdürmegiñ Milli strategiýasyna, Ykdysady, maliýe we bank sektoryny ösdürmegiñ 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna we Türkmenistanyñ sanly ykdysadyýetini ösdürmegiñ 2019-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna gollanyp we 2018-nji ýylda durmuşa geçirilen «Ösüş ulgamynda halkara maliýeleşdirmegiñ elýeterligini giñeltmäge ýardam etmek» atly bilelikdäki taslamada gazanylan üstünliklere esaslanyp, Türkmenistanyñ Daşary ykdysady iş döwlet banky (TDYIDB) we Birleşen Milletler Guramasynyñ Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) şu taslamanyñ çäklerinde TDYIDB-nyñ innowasion telekeçilik modelini we sanly özgertmelerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen, täze taslamany işe girizýärler. Şeýle hem taslama BMGÖM bilen TDYIDB-nyñ arasynda gol çekilen, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüşi maliýeleşdirmegi jemlemek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Taslamanyñ umumy maksady, DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin ösüşi halkara maliýeleşdirmegiñ dolandyrylyşyny gowulandyrmak we TDYIDB-nyñ telekeçilik işleriniñ we sanly özgertmeleriniñ ýerine ýetirilmegine goldaw bermek maksatlarynda TDYIDB-nyñ kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirirlendir. 

Garaşylýan netijeler

Taslamanyň maksady innowasion telekeçilik modelini we sanly özgertmeleri işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş döwlet bankyna goldaw bermek bolup durýar. Taslamanyň çäklerinde şu dört netije gazanylar diýlip garaşylýar:

Netije 1: TDYIDB-nyň maliýe hasabatlarynyň MHHS bilen laýyklygy üpjün edildi - şu çäreleri  geçirmek arkaly gazanylar:

1.1.           MHHS 9 standartynyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin TDYIDB-nyň maliýe hasabatlaryny özgertmegi amala aşyrmak

1.2.           MHHS 9 standartynyň maliýe gurallary boýunça birnäçe okuw seminarlaryny geçirmek;

1-nji netijäniň gazanylyşy şu görkezijileriň kömegi bilen ölçener:

1.1            TDYIDB-nyň 2019-njy ýyl üçin maliýe hasabaty MHHS 9 standartyna laýyklykda taýýarlandy

1.2            TDYIDB-nyň MHHS 9 standarty öwredilen işgärleriniň sany

1.3            Okuwy geçen TDYIDB-nyň zenan işgärleriniň sany

Netije 2: TDYIDB-nyň infrastrukturasy we işgärleri sanly tehnologiýalara geçmek üçin taýýarlandy - şu çäreleri geçirmek arkaly gazanylar:

2.1 Daşarky üpjün ediler bilen maglumat ulgamyny we infrastrukturany dolandyrmak и внедрение в цифровой банкинг üçin MT hyzmatlaryny etmek hakynda ylalaşyk baglaşmak  

2.2 MT dolandyrmak we tehnologiýalar ulgamynda bilimleri we tejribäni alyşmak

2.3 MT enjamlaryny we tehnologiýalaryny satyn almak

2-nji netijäniň gazanylyşy şu görkezijileriň kömegi bilen ölçener:

2.1 Okuw geçen MT boýunça işgärleriň sany

2.2 MT infrastrukturasy we programma üpjünçiligi häzirki zaman enjamlary bilen täzelendi

Impact

START DATE

October 2019

END DATE

June 2023

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

United Nations Development Programme

DONORS

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

TOTAL CONTRIBUTIONS

$1,929,241

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2019$3,708

2020$187,181

2021$30,144

2022$126,943

2023$386,577

2024$959

Full Project information