Aşşgabat, 2020-nji ýylyň 22-nji iýuny: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilelikde durmuşa geçirilýän „Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak“ taslamasynyň çäklerinde döwlet statistik klassifikasiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tegelek stol geçirildi.
Tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa gaznasynyň, „Türkmenstandartlary“ baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri ýygnandylar. Gatnaşyjylar halkara standartlaryna, hususan-da, 2008 Milli Hasaplar Ulgamyna (MHU 2008) laýyk getirilen döwlet statistiki klassifikasiýalary bilen tanyşdylar.
„Şu günki tegelek stoluň maksady MHU 2008-i peýdalanylýan döwlet statistiki klassifikasiýalar we olary milli hasaplar ulgamyna ornaşdyrmak baradaky maslahatlar bilen tanyşdyrmak bolup durýar“ diýip BMGÖM-nyň Türkmenistandaky taslama boýunça ýolbaşy Röwşen Nurmuhammedow belleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda MHU 2008-iň düzgünlerini statistika tejribesine ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan klassifikasiýalary emele getirmek we ornaşdyrmak MHU 2008-i statistika tejribesine ornaşdyrmak boýunça işi guramagyň ileri tutulýan ugurlaryň birine degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky ýaly minisirlikler we pudak edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy artdyrýar.