BMGÖM Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde webinar geçirdi

July 24, 2020

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly: Şu gün Birleşen Milletler Garamasynyň goldaw bermeginde syýahatçylygyň setellit (kömekçi) hasabyny düzmek boýunça webinar geçirildi, ol BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň arasyndaky bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirildi.  Bu çärä Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, „Türkmenhowaýollary“ gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şu günki telegelek stoluň maksady 2008  Milli hasaplar ulgamyna (MHU 2008) laýyklykda, syýahatçylygyň satellit hasabyny düzmek boýunça halkara standartlary we Türkmenistanda ony düzmek boýunça maslahatlar bilen tanyşdyrmak bolup durdy.  Syýahatçalygyň ýurduň ykdysady önümçiligine goşandyny, şeýle hem ýurduň özünde syýahatçylygyň ösdürmekde gazanan üstünliklerini ölçemek üçin syýahatçylygyň göni jemi içerki önüminiň görkezijileri giňden peýdanylýar.  Ol Syýahatçylygyň satellit hasaplarynyň (SSH) konseptual esasyny peýdalanmak bilen ölçenilýär. Şu konseptual esas BMG-nyň Statistka komissiýasy tarapyndan kabul edildi.

Awstriýaly halkary bilermeni, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, statistika ulgamyndan dosent, statistika ulgamynda 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan jenap Piter Hakl 2008 Milli hasaplar ulgamyna (MHU 2008) laýyklykda, syýahatçylygyň satellit hasabyny düzmek boýunça halkara standartlary we Türkmenistanda ony düzmek boýunça maslahatlar bilen tanyşdyrdy.

Tegelek stola gatnaşyjylar şu webinary örän  peýdaly diýip bahalandyrdylar, hem-de geçirilen çäre üçin BMGÖM-yna we halkara bilermen jenap Piter Hakla minnetdarlyk bildirdiler.