BMGÖM Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde tegelek stol geçirýär

June 26, 2020

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 26-njy iýuny: BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň arasyndaky bilelikdäki taslamanyň çäklerinde 2008 Milli hasaplar ulgamyny (MHU 2008) ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.

Ylmy-barlag işiniň hyzmatlaryny kesgitlemek we olary JIÖ hasaplananda peýdalanmak boýunça şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde onlaýn tertipde geçirilen tegelek stol hem munuň aýdyň şubutnamasy bolup durýar.

Tegelek stoluň dowamynda şu meseläniň ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri (YBTKI), olary  MHU 2008 –da görkezmek, YBTJKI-niň çykarylyşyny kesgitlemek boýunça birinji we maslahat berilýän çeşmeler ýaly möhüm jähtlerine seredildi.

BMG-nyň halkara bilermeni jenap Alekseý Ponomarenko öz çykyşynda şeýle belledi: „MHU-da YBTKI diýip bilimleri döredýän ylmy barlaglara, işläp taýýarlamalara düşünilýär. Bilimler bolsa, öz gezeginde, intellektual eýeçilige degişli bolan ykdysady aktiw bolup durýar. Şeýlelikde,   MHU 2008-de  ylmy-barlag işleriniň önümi maýalaşdyrylýar, ýagny aktiwler diýlip ykrar edilýär we YBTKI üçin esasy serişdeleriň satyn alynmagyna, kesekileşdirilmegine we ulanyş tutumyna beýleki esasy serişdelerde bolşy ýaly serediler“.

Tegelek stol gatnaşyjylary ylmy-barlag işiniň hyzmatlaryny kesgitlemek boýunça teklip edilýän taslama bilen tanyşdyrmak we ony ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi.