BMGÖM-iň sebit direktory Türkmenistana iki günlük resmi sapar etdi

December 16, 2023

BMGÖM-iň Sebit Direktory, BSK Iwana Žiwkowiç “Dialog parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyň gatnaşyjylaryna ýüzlenýär, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 13-nji dekabry - BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň kömekçisi we BMGÖM-iň Ýewropa we GDA boýunça sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabr aralygynda parahatçylyk we durnukly ösüş boýunça Halkara foruma gatnaşmak, şeýle hem BMGÖM-iň Türkmenistan bilen strategiki hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli ýygnaklary geçirmek üçinTürkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. 

11-nji dekabrda BMG-iň Baş Sekretarynyň Kömekçisi (BSK), Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedow bilen bilen duşuşdy. Ara alyp maslahatlaşmalar ýurt üçin inklýuziw we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin strategiki hyzmatdaşlygyň mümkin ugurlaryna gönükdirildi.

"Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak we milli ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini we howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş we sanlaşdyrma ugrundaky bilelikdäki tagallalarymyzy goldamak maksady bilen BMGÖM hem-de Hökümetiň arasyndaky berk hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygymy bildirmek meniň üçin uly hormat" - BSK Iwana Žiwkowiç duşuşykdan soň belledi.

Iwana Žiwkowiç Türkmenistanyň Bitaraplyk gününi bellemek we parahatçylyk medeniýetini ösdürmek boýunça global kampaniýalary goldamak maksady bilen guralan “Dialog parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly Gepleşik parahatçylygyň kepili halkara ýyly diýip yglan eden kararyna laýyklykda, Forum halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy goramak we berkitmek, parahatçylyk medeniýeti we halkara gatnaşyklaryna ynam döretmek tagallalaryny birleşdirmegi, şeýlde-de durnukly ösüş boýunça global gepleşikleri öňe sürmegi maksat edinýär.

"BMGÖM ösüş, parahatçylyk we durnuklylyk ugrundaky tagallalarynda Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýar. Deňi-taýy bolmadyk global kynçylyklaryň öňünde ösüşi parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak üçin esasy gural hökmünde ulanmak möhümdir" - BSK Ziwkowiç diýip belledi. “Şonuň üçin, Türkmenistanyň parahatçylyk, düşünişmek we bütin dünýädaki konfliktleri çözmek boýunça gepleşikleri ösdürmek baradaky başlangyçlaryny mähirli goldaýaryn."

BSK Žiwkowiç Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri jenap Raşid Meredow bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 10-njy dekabry, Aşgabat.

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistanda bolan wagtynda BSK Žiwkowiç ýokary derejeli Hökümet wekilleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri jenap Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Nurmuhammet Amannepesow, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygy jenap Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy. Ýurduň ösüş mümkinçiliklerini we 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary giňeltmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. BSK Žiwkowiç BMGÖM bilen Türkmenistan hökümetiniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň gazananlaryny belläp geçdi we demokratik dolandyryş, saglygy goraýyş, sanly üýtgeşmeler, daşky gurşaw we inklýuziw ykdysady ösüş ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy.

BMGÖM sebit direktorynyň Aşgabatdaky Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetine (TKKJ) iş sapary.

BMGÖM Türkmenistanda

Soňra BMGÖM-iň sebit direktory Aşgabatdaky Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) birinji karton we çaphana ussahanasyna baryp gördi. Global ösüş gaznasy we Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän maýyplar üçin okuw we iş mümkinçiligini giňeltmek boýunça BMGÖM taslamasynyň çäginde iş ussahanasy düýbünden abatlandy we täzeden enjamlaşdyryldy. 

 

Mundan başga-da, BSK Ziwkowiç 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününi bellemek dabarasyna gatnaşdy.