Adamlaryň 60 göterimi emeli intellekt täze iş üpjünçilik mümkinçiliklerini döreder diýip umyt edýärler
BMG Ösüş Maksatnamasynyň Hasabatyna görä adam ösüş depgini soňky 35 ýylyň dowamynda iň pes derejesine ýetdi
May 7, 2025
Brýussel, 2025-nji ýylyň 6-njy maýy - Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan şu gün ýaýradylan täze hasabata görä, adam ösüşi ugrundaky öňegidişlik öň görlüp-eşidilmedik haýallyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hasabat, emeli intellektiň (AI) nähili ösüş üçin täze hereketlendiriji bolup biljekdigini görkezýär.
Hasabat 2020–21-nji ýyllardaky krizis ýyllaryndan soň kem-kemden dikelmegiň ýerine garaşylmadyk öňegidişligiň haýallygyny belleýär. Şol döwürden başga, täze hasabatda çak edilýän global adam ösüşi indeksiniň uly bolmadyk ösüşi, 1990-njy ýyldan bäri iň pesi bolup durýar.
"Saýlap almak meselesi: Emeli intellekt (AI) döwründe adamlar we mümkinçilikler" 2025-nji ýyl üçin Adam ösüşi hakynda hasabaty, adam ösüşi indeksini (AÖI) düzýän birnäçe görkezijiler boýunça ösüşiň öňegidişligini seljerýär, şol sanda: saglygy goraýyş we bilim pudagyndaky üstünlikler, şeýle-de girdeji derejesi. 2024-nji ýylda göz öňünde tutulan AÖI görkezijisi dünýäde düýpli oňyn üýtgeşmeleriň ýokdugyny görkezýär.
Global ösüşiň haýallanmagynyň aladaly alamatlaryndan başga, hasabat baý we garyp ýurtlaryň arasyndaky barha artýan deňsizlige ünsi çekýär. Ösüşiň adaty ýollary global kynçylyklaryň basyşynyň astyndadyr we uzak wagtly durgunlygyň öňüni almak üçin dünýä aýgytly hereketler zerurdyr.
BMGÖM-iň Dolandyryjysy Akim Ştaýner: "Biz onlarça ýyllaryň dowamynda 2030-njy ýyla çenli adam ösüşiniň örän ýokary derejesini gazanmak boýunça ýol geçdik, emma häzirki haýallyk global ösüş üçin hakyky howpy alamatlandyrýar" -diýdi. "2024-nji ýyldaky haýal öňegidişlik "täze kadaly ýagdaýa" öwrülse, 2030-njy ýyllar üçin maksatlara ýetmekligi onlarça ýyllara yza süýşürilip bilner. Bularyň hemmesi dünýämizi has howply, has-da biri birinden daşlaşdyryp, ykdysady hem-de daşky gurşaw howsalalyklara has gowşak eder."
Hasabat boýunça, pes we örän ýokary adam ösüşiniň görkezijili bolan ýurtlaryň arasyndaky üzňelik yzly-yzyna dördünji ýyl bäri ulalýar.
AÖI görkezijileri pes bolan ösýän ýurtlar, dünýä söwdasynda dartgynlylygynyň ýokarlanmagy, karz krizisiniň güýçlenmegi, we iş ýerlerini döretmeýän senagatlaşma şertlerinde agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
"Global howsalalyklar wagtynda ösüşi höweslendirmek üçin biz täze usullary tapmaly" - jenap Ştaýner diýdi. "Emeli intellekt durmuşymyzyň köp ugurlaryna çalt ornaşýandygy sebäpli, onuň ösüş potensialyna çynlakaý göz aýlamalydyrys. Täze tehnologiýalar her gün diýen ýaly ýüze çykýar. AI ähli meseleleriň umumy çözgüdi bolmasa-da, şu günki çözgütlerimizden ösüşe täze itergi berip biljekdigimiz we adamzadyň öňünde täze mümkinçilikleri we geljegi açyp biljekdigimiz baglydyr."
Hasabatda, emeli intellektiň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly üýtgeşmelere adamlaryň seresap optimizm bildirýändikleri barada geçirilen soňky sorag etmegiň netijeleri hödürlenýär.
Dünýäde sorag edilen her ikinji adam, işleriniň awtomatlaşdyrylyp bilinjekdigine ynanýar. Şol bir wagtyň özünde, soraga gatnaşanlaryň 60%-i AI-iň olar üçin täze kär mümkinçiliklerini, şol sanda entek ýok hünärlerde, açjakdygyna ynanýarlar.
Gatnaşanlaryň diňe 13%-i AI iş ýerleriniň ýitirilmegine sebäp bolup biler öýdüp gorkýarlar. Şol bir wagtyň özünde, pes we orta HDI derejeli ýurtlarynda soraga gatnaşanlaryň 70%-i AI-iň olaryň öndürijiligini ýokarlandyrmagyna garaşýarlar we üçden iki bölegi AI-ni geljek ýyl bilim, saglygy goraýyş ýa-da iş ýerlerinde ulanmagy meýilleşdirýärler.
Hasabatyň awtorlary ösüş strategiýalaryna düýpgöter täzeden garamaga mümkinçilik berjek AI-e adam çemeleşmesini goldaýarlar. Sorag etmegiň netijeleri, ahli dünýädäki adamlaryň şeýle “täzeden başlamaga” taýýardygyny görkezýär.
Hasabat üýtgeşmeleriň üç esasy ugruny kesgitleýär:
- Adamlaryň AI bilen bäsdeşlik etmegiň ýerine, hyzmatdaşlyk edýän ykdysadyýeti gurmak.
- AI ýaşaýyş sikliniň ähli tapgyrlarynda işlenilip düzülmekden durmuşa geçirilýänçä adamyň gatnaşmagyny we gözegçiligini üpjün etmek.
- 21-nji asyryň zerurlyklaryny hasaba almak bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak.
Emeli intellektiň demokratiýalaşdyrylmagy eýýäm başlandy. Sorag etmegiň her bäşinji gatnaşyjysy eýýäm gündelik durmuşynda AI ulanýar. Adam ösüşi pes derejeli ýurtlardan jogap berenleriň köpüsi indiki ýylda bilim, saglygy goraýyş ýa-da iş ýerlerinde AI ulanyp başlamagy meýilleşdirýärler. Şeýlelik bilen, hiç kim täze mümkinçiliklerden daş bolmaz ýaly, elektrige we internete elýeterliligiň üzňeligi aradan aýyrmak meselesi öňküsinden hem has derwaýys bolup durýar. Emma diňe elýeterliligiň özi ýeterlikli däl: hakyky deňsizlik adam mümkinçiliklerini çalyşman, AI nähilli derejede netijeli güýçlendirip biljekdigi bilen kesgitlener.
BMGÖM-iň Adam ösüşi hakynda hasabaty taýýarlamak boýunça gullugynyň müdiri Pedro Konseýsao: " Golaý ýyllarda kabul etjek çözgütlerimiz, adam ösüşi üçin bu tehnologiki üýtgeşmäniň mirasyny kesgitlär" -diýdi. "Dogry syýasaty we adama ünsi çekmek bilen AI täze bilimlere, başarnyklara we taglymlara daýhanlardan başlap kiçi telekeçiligiň eýeleriniň mümkinçiliklerini giňeldip biljek möhüm köpri bolup biler."
Adam ösüşiniň2025 hasabaty şu salgyda: https://hdr.undp.org/human-development-report-2025.
****
BMGÖM hakynda:
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) garyplyga, deňsizlige we howanyň üýtgemegine garşy göreşýän BMG-nyň öňdebaryjy guramasydyr. 170 ýurtda bilermenleriň we hyzmatdaşlaryň giň ulgamy bilen işläp, BMGÖM döwletlerde adamlar we planeta üçin durnukly we toplumlaýyn çözgütleri işläp düzmekde kömek edýär. Has giňişleýin maglumat üçin undp.org girip görüň ýa-da sosial mediýada @UNDP yzarlaň.