Baý ýurtlar adam ösüşiniň ýetilmedik derejelerine ýetýärler, şol bir wagtda garyp ýurtlaryň ýarysynda bu görkeziji pese düşýär diýip BMG-niň Ösüş maksatnamasy belleýär

Syýasy polýarizasiýa we ynamsyzlygyň güýçlenmegi bizi global meseleleri çözmekde çykgynsyz ýagdaýa goýýar

March 14, 2024

The 2023/24 Human Development Report (HDR), titled “Breaking the Gridlock: Reimagining cooperation in a polarized world"

UNDP

Nýu-Ýork, 2024-nji ýylyň 13-nji marty - Ösüşdäki endigan däl öňe gidişlik iň garyp ýurtlary yzda goýýar, deňsizligi güýçlendirýär we global derejede syýasy polýarizasiýany tutaşdyrýar. Bularyň hemmesi bizi, bilelikdäki tagallalary edip eýýam şu wagt çykalga gözlemeli, howply çykgynsyz ýagdaýa getirýär. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň şu gün çap edilen täze hasabatynda gürrüň berilýär.

2023-2024-nji ýyllar boýunça "Çykgynsyzlykdan çykmak: polýarlaşan dünýäde hyzmatdaşlyga täzeden garamak" atly howsalaly tedndensiýalar barada habar berilýär: Adam ösüşiniň indeksi (HDI) - ilatyň jan başyna düşýän umumy milli girdejini, bilimi we ýaşaýyş dowamlylygyny görkezýän jemleýji görkezijiniň ähmiýetleriniň täzeden dikelmesi bölekleýin, doly däl we deň däl boldy.

HDI 2020 we 2021-nji ýyllarda düýpli pese gaçandan soň 2023-nji ýylda rekord derejä ýeter diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, bu ösüş çuňňur deňsizlikler bilen tapawutlanýar. Baý ýurtlarda adam ösüşiniň ýokary görkezijilerini synlaýarys, sol wagtyň özünde iň garyp ýurtlaryň ýarysy bolsa krizisden öňki derejesinden pes bolup galýar.

Global deňsizlik ep-esli ykdysady konsentrasiýa bilen güýçlenýär. Hasabata görä, global haryt söwdasynyň takmynan 40 göterimi üç ýa-da has az ýurtda jemlenendir; we 2021-nji ýylda dünýäniň iň uly üç tehnologiýa kompaniýasynyň hersiniň bazar kapitalizasiýasy şol bir ýylda ýurtlaryň 90 göteriminden gowragynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) has uly boldy.

"Hasabatda görkezilen adam ösüşinde aranyň giňelmegi, ýigrimi ýyldan gowrak baý we garyp ýurtlaryň arasyndaky deňsizligi yzygiderli peselmek tendensiýanyň tersine bolandygyny görkezýär. Dünýädäki jemgyýetler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolsa-da, deňsizlige garşy göreşde kynçylyk çekýäris. Özara garaşlylygymyzyň berýän mümkinçiliklerinden we umumy derwaýys meseleleri çözmek we adamlaryň isleglerini hakykata öwürmek üçin mümkinçiliklerimizden peýdalanmalydyrys "-diýip BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Başlygy Ahim Ştaýner çykyş etdi. - Çykgynsyz ýagdaýda bolmak adamlara uly zyýan ýetirýär. Köpçülikleýin hereketler arkaly howanyň üýtgemegi, sanlaşdyrma, garyplyk we deňsizlik meseleleri boýunça öňegidişlik gazanyp bilmezlik diňe bir adamyň ösüşine päsgel bermän, eýsem polýarizasiýany güýçlendirýär we dünýädäki adamlara we edaralara bolan ynamy hasam pese gaçyrýar."

Hasabatda häzirki wagtda ösüp gelýän "demokratiýanyň gapma-garşylygynyň" halkara köpçülikleýin hereketleriň üstünliklerine päsgel döredýändigi öňe sürülýär. Hasabatda seljerilen maglumatlara görä, dünýädäki 10 adamdan 9-sy demokratiýany goldaýar, ýöne global soragnama gatnaşanlaryň ýarysyndan gowragy demokratik prosesiň esasy düzgünlerini bozup, oňa zyýan ýetirip biljek ýolbaşçylary goldaýandyklaryny mälim edýär. Bütin dünýäde soralan adamlaryň ýarysy öz durmuşyny dolandyrmaýandyklaryny ýa-da çäklendirilen derejede dolandyrýandyklaryny aýdýarlar, üçden iki böleginden gowragy hökümetiň kararlaryna kän bir täsir edip bilmeýärin diýip pikir edýärler.

Global täsirler bilen barha ösýän meseleleriň biri syýasy polýarizasiýa bolup durýar. Döredijileriň pikiri boýunça, ejizlik duýgusy bilen bir hatarda, ol diňe içerki bähbitlere gönükdirilen syýasat çemeleşmeleri güýç berýär, bu bolsa ykdysadyýetiň dekarbonizasiýasy, sanly tehnologiýalar bilen hyýanatçylykly peýdalanmak we dawalar ýaly möhüm kynçylyklary çözmek üçin zerur bolan global hyzmatdaşlyga düýpden gapma-garşy gelýär. Howanyň krizisini çözmek üçin köpçülikleýin hereket etmegiň gyssagly zerurdygyny aýratyn nygtaýan, 2023-nji ýyldaky temperatura rekordlary, şeýle hem kadalaşdyryjy howpsuzlyk päsgelçilikleri bolmazdan, emeli intellektiň täze we çalt ösýän rewolýusion tehnologiýa hökmünde ýüze çykmagyny göz öňünde tutyp bu aýratyn aladalandyrýar.

Hasabatda häzirki dünýäde deglobalizasiýanyň peýdaly däldigi, hakykydygy däldigi we ykdysady garaşlylygyň ýokary derejede galýandygyny nygtalýar. Hiç bir sebitiň öz-özüni üpjün etmek üçin ýakyn däldigi, iň azyndan bir esasy haryt we hyzmatlar görnüşi üçin beýleki sebitlerden getirilýän importa 25 göterim ýa-da has köp garaşlydygy bellendi.

Hasabatyň döredijileri global garaşlylygyň konfigurasiýasynyň üýtgeýändigini nygtaýarlar we global jemgyýetçilik bahbitleriniň täze neslini döretmäge çagyrýarlar. Olar gaýragoýulmasyz çäre görmek üçin dört ugry teklip edýärler:

- Antroposeniň görlüp-eşidilmedik kynçylyklarynyň arasynda howanyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin planetar jemgyýetçilik bähbitleri;

- adalatly adam ösüşi üçin täze tehnologiýalary ulanmakda has deňhukuklyga ýetmek üçin sanly global jemgyýetçilik bähbitleri; 

- pes girdejili ýurtlara ynsanperwer kömegini we adaty ösüş makstlary üçin kömegini doldurýan halkara hyzmatdaşlygyň täze ugruny goşmak bilen täze we giňeldilen maliýe mehanizmleri; we

- adamlaryň karar kabul etmeklige gatnaşmagyny ýokarlandyrmak we ýalňyş maglumatlara garşy göreşmäge gönükdirilen täze dolandyryş çemeleşmeler arkaly syýasy polýarizasiýa derejesini peseltmek.

Şu nukdaýnazardan seredilende, köptaraplaýyn çemeleşme möhüm rol oýnaýar, sebäbi ikitaraplaýyn gatnaşyklar hökmany suratda tebigatda planetar bolan global jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek meselesini çözmek üçin ýeterlik däl.

Hasabatdan goşmaça möhüm maglumatlar 

• 2023-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna (OECD) girýän 38 ýurdunyň hemmesi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende Adam ösüş indeksine (HDI) has ýokary görkezijileri gazandy.

• 2020-nji we (ýa-da) 2021-nji ýylda HDI pese gaçmagy başdan geçiren iň pes ösen 35 ýurduň arasynda ýarysyndan gowragy (18 ýurt) 2019-njy ýylda gazanan adam ösüş derejesini dikeldip bilmedi.

• Ähli ösýän sebitler 2019-njy ýyla çenli görlen tendensiýa görä garaşylýan HDI derejesine ýetmedi. Has pes HDI traýektoriýasyna geçen ýaly bolup görünýär, bu bolsa bu ýurtlaryň geljekde adam ösüşiniň görkezijilerinde yzygiderli yza galmak ýüze çykyp biler.

• Adam ösüşindäki ýitgileriň netijeleri Owganystanda we Ukrainada aýdyň görünýär. Owganystanyň HDI on ýyl yza çekildi we Ukrainanyň HDI 2004-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi.

• Hasabatda populist hökümetleri bolan ýurtlaryň JIÖ ösüş depgininiň pesdigini görkezýän gözleglere salgylanýar. Populist hökümet häkimiýete gelenden 15 ýyl soň, adam başyna düşýän JIÖ populist däl ssenariýadan 10% pesdir.

Hasabatyň doly tekstini şu ýerden tapyp bilersiňiz: https://hdr.undp.org/content/human-development-report-2023-24 

Habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin habarlaşmak üçin maglumatlar

Has giňişleýin maglumat ýa-da söhbetdeşlik geçirmäge arza üçin aşakdakylara ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:

Nýu-Ýorkda: stanislav.saling@undp.org +1 347 653 1980 ýa-da  victor.garrido.delgado@undp.org +1 917 995 1687

Ženewada: sarah.bel@undp.org +41 79 934 11 17

BMGÖM hakynda

BMGÖM – garyplygyň, deňsizligiň we howanyň üýtgemeginiň adalatsyzlygyny ýok etmek üçin göreşýän Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy guramasydyr. 170 ýurtda bilermenleriň we hyzmatdaşlaryň giň ulgamy bilen işlemek arkaly hökümetlere adamlar we planeta üçin hemmetaraplaýyn, uzak möhletli çözgütleri döretmäge kömek edýäris. Has giňişleýin maglumaty undp.org ýa-da sosial torlarda @UNDP girizip tapyp bilersiňiz.

Adam ösüşiniň hasabatyny taýýarlamak boýunça bölüm hakynda 

Adam ösüşi hasabat gullugynyň (HDRO) wezipesi adam ösüşine ýardam bermekdir. Onuň maksady – mümkinçilikleriň, saýlawyň we erkinligiň giňelmegine goşant goşmak. Bölüm innowasiýa pikirlerini öňe sürmek, syýasatda amaly üýtgeşmeler üçin çykyş etmek we adam ösüşini saklaýan syýasatlara we çemeleşmelere garşy konstruktiw argumentler bermek arkaly bu maksada ýetmek üçin işleýär. Bölüm beýlekiler bilen makala ýazmak we gözleg, hödürlenen maglumatlary seljermek arkaly, milli we sebit seljermesini goldamak, wagyz-nesihat we bilim arkaly üýtgeşmeleri gazanmak üçin işleýär.