BMGÖM Türkmenistanda agro-ekologiýa zonalary modelleşdirmek işine ýardam berýär

November 12, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Türkmenistanyp Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi we BEG  Ýörite kllimat gaznasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek»  atly taslamasynyň çäginde   "Agroekologiýa zonalary modelleşdirmegiň (AEZ) ýurduň sebitlerinde oba hojalyk ekinlerini amatly ýerleşdirmekdäki    ähmiýeti" atly seminar geçirildi.

Bu çäre, Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Ösüş üçin Rus Bilermenleri we ABŞ -yň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan Türkmenistanda Dolandyryş Maksatnamasy tarapyndan maliýeleşdirilýän ýaly hyzmatdaşlarynyň kömegi bilen gurnaldy.

Seminar, taslamanyň halkara geňeşçisi, Timirýazew Oba hojalyk akademiýasynyň (Moskwa) professory jenap Iwan Wasenewiň gatnaşmagynda geçirildi, ol gatnaşyjylary sanly tehnologiýalary ulanyp agro-ekologiýa zonalaryny döretmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy. Rus hünärmeni, şeýle hem halkara tejribesini we ýurtda bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanda AEZ-ni modelleşdirmek üçin ýol kartasyny taýýarlamakda taslama goldaw berer.

Bu seminara ylmy jemgyýetiň wekilleri, oba hojalyk uniwersitetleriniň ylmy işgärleri, welaýat we etrap häkimlikleriň wekilleri we gyzyklanýan pudaklaýyn ministrlikleriniň   bölümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

BMG -nyň ÖM Türkmenistandaky wekilhanasynyň  ekologiýa bölüminiň maksatnamalaýyn analitigi Farhad Orunow "Seminaryň maksady, AEZ-ni milli derejede modelleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we gyzyklanýan taraplaryň bar bolan mümkinçiliklerine baha bermek diýdi we agroekologiýa modelleri, geljekdäki howanyň töwekgelçiligini ýeňip geçmek üçin oba hojalygy we suw pudaklarynda uzak möhletleýin döwlet maýa goýum syýasatlaryny döretmäge kömek eder." – diýdip belledi.

***

BMG ÖM bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň  "Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygynyň howa şertlerine durnukly ykdysady durmuşyny goldamak" bilelikdäki taslama 2016-njy ýylda başlandy we durnukly ösüş üçin howanyň üýtgemegine Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda oba hojalygy bilen meşgullanýan oba ilatyny    uýgunlaşmak çäreleriniň ulanylmagyny goldamagy maksat edinýär.

Taslamanyň esasy maksatlaryndan biri, hökümete suw we ýer baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak üçin institusional we hukuk mehanizmlerini gowulandyrmak, şol sanda institusional üýtgeşmeler arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin çäreleri girizmekdir.

Bu nukdaý nazardan, hünärli hukuk hünärmenlerini çekmek we bilim we tejribe alyşmak, bar bolan kanun taslamalaryna we kadalaryna täzeden garamak üçin pikir alyşmak we bilelikdäki tagallalar arkaly ýer we suw dolandyryşy üçin berk kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmäge işjeň gatn