Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň “Galyndylary dolandyrmak barada” täze konsepsiýasynynyň taslamasyny taýýarlamaga ýardam berýär

July 22, 2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň “Galyndylary dolandyrmak barada” täze konsepsiýasynynyň taslamasyny taýýarlamaga ýardam berýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 22-si. Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde galyndylary dolandyrmak we tebigy serişdeleri oýlanyşykly ulanmak hem-de ozon gatlagyny goramak barada tejribe alyşmak, bu ugurlarda strategiki meseleler boýunça pikir alyşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň ýardam bermeginde taýýarlanylan “Galyndylary dolandyrmak barada” Türkmenistanyň täze konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we bu konsepsiýa barada ygtyýarly döwlet edaralarynyň tekliplerini, belliklerini öwrenip, resminamayň jemleýji görnüşini taýýarlamak hem-de Monreal ylalaşygynyň Kigali goşundysyny ýerine ýetirmek barada Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrmak baradaky meseleler girizildi.

Milli dereje-de, ekologiýany gorap saklamak barada strategiki resminamalaryň taýýarlanylyp kabul edilmegi we olaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak barada alyp barýan häzirkizaman syýasatynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.  

Täze pudaklarlaýyn maksatnamalaryň we kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryň taýýarlanylmagy antropogen hadysalaryň netijesinde, daşky gurşawyň ähli düzüm birliklerine ýetirilýän ýaramaz täsirleri azaltmaga gönükdirlendir.