Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň tagallalary netijesinde akaba örtükleriniň iki görnüşiniň önünçiligi ýola goýuldy

October 26, 2021

Akabalarda suwuň syzmasy we ýerleriň şorlaşmagy sebäpli suw ýitgilerini azaltmak zerurlygy tutuş ýurdumyz boýunça, yagny suw paýlaýyş ulgamynyň ähli derejelerinde, uzaklara paýlaýan geçirijilerden başlap, aýry-aýry hojalyklara çenli giňden duýulýar. Şol bir wagtyň özünde 40,000 km-den gowrak bar bolan üpjünçilik we zeýkeş akabalaryny örtmeklik üçin ummasyz uly serişdeleriň we zähmet güýjüniň zerurdygyny nygtamak gerekdir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy we Bütindünýä Ekologiki Gaznasynyň (BEG) bilelikdäki “Energiýany tygşytly peýdalanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýan energiýa serişdeleri”  taslamasynyň, suw ýitgilerini azaltmak, energiýany tygşytlamak we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen suw infrastrukturasynyň gowulandyrylmagyna maýa goýumlarynyň göwrüminiň köpeldilmegini maksat edinýän ikinji ugruna laýyklykda, ilki bilen täze örtükleri synaglardan geçirip soňy bilen ýerli çig maly ulanmaklyk esasynda örtükleri öndürmek üçin zerur bolan önümçiligiň ornaşdyrylmagy babatda esasy tagallalary jemlemek kararyna gelindi.

Taslamanyň gysga möhletlerde, tygşytly we uly göwrümli netijeleri gazanmakda, maddy-tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmaga, öndürijiligiň depginlerini ýokarlandyrylmagynyň we netijeliligiň gazanylmagy üçin ulanylmadyk mümkinçilikler bar bolan ýerli çig-mala daýanýan önümçiligiň ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Taslamanyň esasy hyzmatdaşy, Türkmenistanyň Suw baradaky Döwlet komitetiniň häzirki wagtda Büzmeýinde ýerleşýän we esasan demirbeton turbalary we kanal plitalaryny öndürýän zawody dolandyrýar.

BMGÖM we Türkmenistanyň Suw baradaky Döwlet komiteti zawodda önümçiligiň has giňeldilip, gönükdirilip we has täsirli we tygşytly bolup biljek ileri tutulýan ugry kesgitlediler. Ylmy-amaly taýdan synagdan geçirilen akabalary örtmegiň bu usuly, 0,5 mm ýokary dykyzlykly polietilen (HDPE) membranasy we 5 sm çäge gatlagynyň üstüne altyburç beton plitalary ýerleşdirmek arkaly düzülýär. Çäge gatlagy gurnama işleri geçirilen mahalynda membranany altyburçly plitalaryň  tarapyndan deşilmeginden goramak taýdan ähmiýeti bardyr. Bu akabalary örtmegiň usulynyň beýlekilere görä artykmaçlygy, ýokary dykyzlykly membranasyny öndürmek üçin çig malyň az sarp edilip, gysga wagtda ýurdüň içinde öndürilip bilinmegidir.

Gökdepede ýerleşýän 145 gektarlyk ylmy-gözleg meýdançasynda kanalyň bir bölegi polietilen plýonkasyny we altyburç beton plitalaryny ulanmak arkaly görkeziş hökmünde örtüldi.

    
1-nji surat Altyburçly plitalaryň dizaýny 2-nji surat Suwaryş akabasynyň altyburçly plitalardan emele gelýän gorag gatlagy bilen örtülmegi  
 
3-4-nji suratlar Polietilen plyonka we altyburçly plitalaryň gorag gatlagy bilen örtülen taýýar suwaryş akabasy  

1. Geomembrana öndürýän ekstruziýa enjamy

Taslamanyň çäginde BMGÖM Türkmenistanyň Suw baradaky Döwlet komitetiniň Büzmrýindäki gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodynda ýokary dykyzlykly membranalaryny öndürmek üçin niýetlenen ekstruziýa enjamyny satyn aldyp berdi we oturtdy. Zerur enjamlary eltip, gurnandan soň, potratçy kompaniýa ady agzalan zawodyň operatorlary we tehniki işgärleri üçin ýokary dykyzlykly polietilen polimer plýonkasyny öndürýän ekstruziýa liniýasyny işletmek, onuň diagnostikasy, tehniki hyzmaty we ownuk abatlaýyş işlerini geçirmeklik meseleleri boýunça üç günlük okuw geçirdi. Okuwyň dowamynda enjam doly işledilip, synag hökmünde 500 kg mukdarda polietilen membrana hem öndürilip görkezildi. Şeýle hem, enjamyň işe girizilmegi bilen baglanşykly çäreleriň çäginde synaglaryň geçirilmegi arkaly geomembranalary öndürmek üçin ýerli çig malyň iň amatly görnüşi kesgitlendi.

    
5-6-njy suratlar Türkmenistanyň Suw baradaky Döwlet komitetiniň Büzmeýindäki gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodynda oturdylan polimer örtüklerini öndürýän ekstruziýa enjamy  

1. Önümçilik liniýasyna goşmaça, önümleriň hilini ölçemek we gözegçilikde saklamak üçin laboratoriýa enjamlary, şeýle hem taýýar polietilen plyonkany uly gurnama rulonlaryna (akabalaryň ululygyna baglylykda) ýelmemek üçin kebşirleýiş enjamlary berildi.

Galyndy önümlerini gaýtadan işlemek üçin granulýator oturdyldy. Bu enjam önümçiligiň galyndylaryndan, ikinji derejeli çig maldan polipropilen granulalaryny öndürmäge ukyply. Bu enjamyň ulanylmagy, plastik galyndylary zyňmagyň ekologiki we ykdysady taýdan ýaramaz täsirini aradan aýýyrmaklyga giň mümkinçilikleri döredýär.

Mundan başga-da, potratçy rus dilinde ekstruziýa enjamyny dolandyrmak üçin iş görkezmeleriniň 2 nusgasyny berdi.

Ýeri gelende aýtsak, mundan beýläk bu enjamda  ýokary dykyzlykly geomembranalaryny öndürmek üçin çig mal 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga berlen Gyýanlydaky (Balkan welaýaty) polimer zawodyndan satyn alnar.

7-nji surat Ekstrusiýa enjamynda suw syzmasyna garşy ulanylýan polimer geomembranasynyň önümçiligi

Tehniki parametrler:

1. Çig mal: granula görnüşindäki polietilen (HDPE - LDPE) ýa-da şuňa meňzeş gaýtadan işlenen çig-mal.

2. Önümçilik kuwwaty: sagatda 100 - 200 kg.

3. Önümiň (membrananyň) ululygy: ini 2000 mm, galyňlygy 0,5mm +/- 10%.

Jemläp aýtsak, 15 ýyllyk işeýiş ömrüniň dowamynda bu enjam 1950 km akabalarynyň örtülmeine mümkinçilik döretjek mukdarda  ýokary dykyzlykly geomembranalaryny öndürip biljekdigini bellemelidiris. Bu bolsa öz gezeginde 80,940,6 GJ möçberinde energiýanyň tygşytlamagyna we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylarynyň 13,899 tCO2 azalmagyna sebäp bolar.

2. Altyburçly beton plitalaryň önümçiligi üçin galyplar

Taslamanyň çäginde suwaryş akabalary suwuň syzmasyna garşy örtülende olary mehaniki zeperlerden goramaýan altyburçly beton plitalaryny öndürmekde ulanylýan 1200 rezin altyburçly galyplar satyn alnyp, Türkmenistanyň Suw baradaky Döwlet komitetiniň häzirki wagtda Büzmeýinde ýerleşýän demirbeton turbalary we kanal plitalaryny öndürýän zawodyna berildi. Bu altyburç galyplaryň ulanmak arkaly bir iş günüň (8 sagat) dowamynda takmynan 250 m2 taýýar önümi öndürilip bilinjekdigini bellemelidiris.

Orta toprakda syzma garşy örtük bilen örtülen akabanyň bir böleginde we tebigy toýun düşegindäki akabada suw ýitgileri bilen baglanşykly deňeşdirme gözegçilik seljermesi geçirilende, bir sagadyň dowamynda örtülen akabada 4 litr mukdarda suw ýitgileri (esasan suwuň bugarmagy sebäpli) emele gelse, ýagny onuň netijeliligi 0,99, örtülmedik akabalarda suw ýitgisi 205 litre barabar boldy.

Akabalarda suw ýitgilerini azaldylmagy we suwarymly ýerlerde zeýkeşleriň gowulandyrylmagy aşakdaky peýdalary getirip biler:

• Suwuň tygşytlanan mukdary sebäpli suwarylýan ýerleriň köpelmegi;

• Täzeden ulanylmaýan zeý suwlarynyň göwrüminiň azalmagy;

• Ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek we oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin şertleri gowulandyrmak we hasyllylygy ýokarlandyrmak.