Aşgabadyň töwekgelçilikleriniň aýratynlyklary
Aşgabadyň töwekgelçilikleriniň aýratynlyklary
June 6, 2026
Aşgabadyň töwekgelçilikleriniň aýratynlyklary bu Türkmenistanyň paýtagtynyň ýüzbe-ýüz sezewar bolýan klimat we tebigy töwekgelçilikleriniň hemmetaraplaýyn bahalandyrylmasydyr. Resminama şäher üçin esasy howplary aýdyň görkezýär: ýertitremeler, sil akymlar, guraklyk we aşa yssy howa.
Şeýle hem resminamada ilatyň, ýaşaýyş jaý gaznasynyň, şäher infrastrukturasy we möhüm pudaklaryň ejizligini (gowşak taraplaryny) hasaba almak bilen, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça amaly çözgütleri hödürleýär.
Mundan başga-da, Aşgabadyň töwekgelçilikleriniň aýratynlyklary betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerini şäher gurluşyk meýilleşdirilişine girizmek üçin analitiki esas bolup hyzmat edýär.
Aşgabat şäheri Petropawlowsk, Oş, Duşanbe we Namangan şäherleri bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin taslamasynyň synag şäherleriniň biri hökmünde saýlandy. Bu şäherleriň her biri özboluşly kynçylyklar we umumy sebitleýin howplar bilen ýüzbe-ýüz sezewar bolýarlar.
Resminama Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada şäherleriň betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerine we klimatyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.