BMGÖM Türkmenistanda

Biz barada

Halkara ösüş ugrunda BMG-niň öňdebaryjy edarasy hökmünde BMGÖM garyplygy we deňsizligi ýok etmek üçin 170 ýurtda işini alyp barýar. Biz ýurtlara syýasatlary işläp düzmäge, ýolbaşçylyk başarnyklaryny, hyzmatdaşlyk ukyplaryny, institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin durnuklylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýäris.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýurduň uzak möhletleýin we ösüş ugrunda doly ynamly strategiki hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýurda demokratik dolandyryş, daşky gurşaw we energiýa, şeýle hem adam ösüşi ýaly giň gerimli meselerde ösüş ugrunda çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmaga ýardam etmek üçin irginsiz işleýär. Bu ugurlaryň ählisinde biz milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak, şeýle hem durmuş we ykdysady ösüşi, hem-de ösüş ugrunda Milli gün tertibini öňe sürmek üçin innowasion çözgütleri ulanýarys.

BMG-niň iň uly edarasy bolmak bilen, BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynda 70 töweregi işgär işleýär we 25 taslama durmuşa geçirilýär, 2023-nji ýylda olary durmuşa geçirmek üçin ýyllyk çykdajy 50 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. 2021-2025-nji ýyllar üçin BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Ýurt boýunça täze maksatnamasynyň çäklerinde seljeriş, maslahat beriş we durmuşa geçiriş hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi:

1. DOLANDYRMA, YKDYSADYÝETIŇ DIWERSIFIKASIÝASY WE INKLÝUZIW ÖSÜŞ

2. DURNUKLYLYK, HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE ENERGIÝA

3. INKLÝUZIW LUKMANÇYLYK HYZMATLARYNY ALYP BILMEK MÜMKINÇILIGI

 

Missiýa we garaýyş

BMGÖM-iň wezipesi garyplygy ýok etmek, demokratik dolandyryşy döretmek, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak, şeýle hem ýurtlara klimatyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklardan has rejeli peýdalanmak, pes derejeli uglerod ösüşine geçmäge kömek etmekdir. Biz özgerişi goldaýarys we DÖM-leri hakykata öwürmek üçin ýurtlara bilime, öňdebaryjy tejribelere we serişdelere elýeterlilik berýäris.

BMG Tertipnamasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna San-Fransisko şäherinde 1945-nji ýylyň 26-njy iýunynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Guramasy babatyndaky maslahatynyň ahyrynda gol çekildi we 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda güýje girdi. Onuň maksatlary we ýörelgeleri halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, deň hukuklylyk we özüňi kesgitlemek esasynda halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem tire-taýpa, jyns, dil ýa-da din aýratynlyklaryna garamazdan ykdysady, sosial, medeni ýa-da ynsanperwerlik meselelerinde çözgütleri tapmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdyr.

Taryh

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda öz işini 1995-nji ýylda, BMGÖM-sy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 1993-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Esasy goldawy bermek babatynda standart şertnamasyna gol çekilmeginiň esasynda başlaýar.

Soňky 30 ýylda, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ösüş ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň ynamdar strategiki hyzmatdaşyna öwrüldi. Biz ýurda ähli pudaklar boýunça ösüş ugrunda çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmak we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin goldawymyzy berdik. BMGÖM Türkmenistanda adam ösüşini öňe sürýär we ösüş ugrunda Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berýär.

Biz näme edýäris

BMGÖM, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) millileşdirilmegi we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ýurduň ösüş ugrundaky Milli çarçuwaly maksatnamalaryna girizmek boýunça Hökümetiň edýän tagallalaryna goldaw berýär.

Türkmenistanda Hökümet we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýurduň uzak möhletleýin strategiki ösüş hyzmatdaşy bolup, biz ýurda ykdysady diwersifikasiýa, sanlaşdyrma, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklaryny öňe sürmek we gender deňligi, klimatyň üýtgemegini bilen baglanyşykly täsirleriň netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak,  tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak, ilatyň iň ejiz toparlaryna aýratyn üns bermek bilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak we saglygy goraýyş hem-de durmuş gorag ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly köp sanly meseleleri çözmekde kömek berýäris.

2030 ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin BMGÖM ministrlikler, gulluklar, halkara guramalar we beýleki ösüş boýunça çekilýän hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. BMGÖM iň gowy adamlary, serişdeleri, bilimi we innowasiýalary çekip, ösüş işlerinde araçy bolmaga we bilelikdäki hereketler üçin platformalar bermäge çalyşýar.

Durnukly ösüşiň gün tertibi boýunça global we sebitleýin çekişmelere laýyklykda ýurt maksatnamasy tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak, ykdysady ösüş we adam mümkinçilikleriniň ösüşi arasyndaky baglanyşygy berkitmäge kömek edýär. Bu maksatnama, esasanam zenanlar, ýaşy ulular, maýyplar we işsizler ýaly ejiz toparlara gönükdirilendir. BMGÖM ösüş hyzmatdaşlary bilen strategiki hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşine, durmuş hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, şeýle hem klimatyň üýtgemeginiň täsirleriniň netijelerini çözmek üçin güýçli klimat syýasatyny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Sanlaşdyrmagyň geljegimizi üýtgetjekdigini we adamzadyň global kynçylyklaryna garşy durmak ukybyna täsir etjekdigini bilip, BMGÖM sanly özgerişleri çaltlaşdyrmak üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyna we BMGÖM 2022-2025 sanly strategiýasyna laýyklykda statistika, bank işi, maliýe, gümrük, raýat hasaba alyş we beýleki döwlet hyzmatlarynda ýurduň sanly mümkinçiliklerini güýçlendirýäris.

Geljege gönükdirilen täze garaýyşdan ugur alyp, Strategiki meýilnama laýyklykda, BMGÖM has uly hyjuwda we has giň gerimde hereket etmek üçin täze çözgütleri kabul edýär. Biz täze kynçylyklara jogap berip hereket edýäris we has inklýuziw, adalatly we durnukly jemgyýet gurmak üçin oňyn üýtgeşmeler girizýäris.

BMGÖM-iň 2022-2025 ýyllar üçin täze gender deňligi strategiýasy biziň işimizi zenanlaryň ykdysady hukuklaruny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň gatnaşmagyna we liderçiligine, çuňňur däp bolan gender düşünjeleri (stereotipleri) bilen döredilen aýallaryň ösüşindäki päsgelçilikleri ýok etmäge gönükdirýär. BMGÖM hyzmatdaşlar bilen bilelikde zenanlaryň ösüşi, gender esasly zorlugy ýok etmek we gender taýdan kemsitmäniň durmuş j, syýasy we ykdysady hereketlendirijilerini çözmek üçin düzümleýin we toplumlaýyn çemeleşmegi maksat edinýär.

“Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti, halkara hyzmatdaşlarymyz, raýat jemgyýeti we Türkmenistanyň halky bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibine ýetmek we Türkmenistanda hiç kimi yzda galdyrman parahatçylykly, howpsuz we durnukly geljegi gurmak üçin global bilimleri, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýa çözgütleri ulanyp milli ösüş meýilnamasyna goldaw bermegini dowam etdirýär.