Birinji tejribe suw kranynyň açylmagy bilen başlanýar

January 24, 2021

Täze tehnologiýalar meseleleri ýüze çykarmaga kömek edýär. Mysal üçin, Geofon ses tapma ulgamyny ulanyp, turbageçirijilerdäki syzmalary ýüze çykaryp bolýar. Suratlar: Igor Šamara / BMGÖM Bosniýa we Gersegowina

Bosniýa we Gersegowinanyň Gornja Kopriwna şäherinde ýaşaýan Rasim Welić 200 metr uzaklykdaky çeşmeden suwy daşamaly bolýar. Onuň entäk gujur-gaýraty bar, emma 80 ýaşynda bu gündeki işi dowam etmek indi kyn düşýär. Haçanda ol ahyrsoňy ulgama birikdirilende, onuň köne kerpiç jaýynyň ýerzemininde diňe bir kran bardy.

Bosniýa we Gersegowinanyň suw çeşmeleriniň köpdügine garamazdan, arassa agyz suwuna elýeterlilik  ÝB-ň standartlaryndan has pesde: ilatyň 42 göterimi diňe hususy ýa-da ýerli guýulardan, çeşmelerden ýa-da oba gorlaryndan suw alyp bilýärler. Köplenç halatlarda olaryň tutuş ýylyň dowamynda yzygiderli suw üpjünçiligini üpjün etmek mümkinçiligi bolmaýar. Suwuň hiliniň gözegçilik edilmeýändigi sebäpli, suw köplenç resmi saglyk we suw standartlaryna laýyk gelmeýär.

Ilatyň beýleki galan 58 göterimi suwy hasaba alnan jemagat kompaniýalaryndan alýarlar, emma suw arassa bolsa-da, gurak tomus aýlarynda suw üpjünçilik hyzmaty doly ýerine ýetirilmeýär. Ulgamlar köne we yzygiderli tertipde abatlanmadyk, bu bolsa suwuň 50 göterimden gowragynyň ýitmegine, üpjünçilikde näsazlyklara we paýlanyşyň ýokary çykdajylaryna sebäp bolýar.

Ulgamlar netijesiz we maliýe taýdan durnuksyz bolansoň, häkimlikler we suw üpjünçilik kompaniýalary, tutuş ulgam milli hökümet tarapyndan maliýeleşdirilen bolanda, öňki Ýugoslawiýada hödürleýän hyzmatlaryny zordan saklap bilýärler. Jemagat edaralary ýerli häkimiýetler tarapyndan dolandyrylýardy, özbaşdak işledilýärdi, köplenç hem bu ýagdaýdan peýdalanýardylar. Takyk nyrhlary emele getiriş we hasaplaşyk ulgamynyň ýoklugy sebäpli, puluň nirä gidýändigi barada aç-açanlyk ýokdy we raýatlar almadyk hyzmatlary üçin tölemeli bolýardylar.

2016-njy ýyldan bäri Şweýsariýanyň Ösüş Hyzmatdaşlygy (SDC) tarapyndan goldanýan we BMGÖM-y tarapyndan durmuşa geçirilýän 18 häkimlikler, 700,000-den gowrak adam üçin suw üpjünçiliginiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin iş alyp barýarlar.

Rasim Welić suw almak üçin öň ýörän ýerlerini görkezýär.

Syzdyrmalar we näsazlyklar sebäpli käbir ulgamlarda suwuň 70 göterimi diýen ýaly ýitýärdi.

Jemagat ulgamyna hyzmat ediş işleri täze GIS maglumatlar bazasy arkaly amala aşyrylýar.

Täze düzgünnamalar kabul edildi. Häzir bolsa ähli kompaniýalar üçin birmeňzeş usuly ulanýan, emma hakyky hyzmat we tehniki hyzmat çykdajylaryny görkezýän aç-açan hasaplaşyk ulgamy işlenip düzülýär. Öňkülerden tapawutlylykda adamlar indi näme üçin  töleýändiklerini bilerler, ýagny gizlin nyrhlar bolmaz. Ulgamyň işgärleri müşderiler bilen işleşmek boýunça tälim alýarlar, bu bolsa  ulgam bilen jemgyýetiň arasyndaky ynamy güýçlendirmäge kömek edýär.

Emma iň uly kynçylyk, hyzmatlary gowulandyrmak we amal çykdajylaryny azaltmak arkaly jemagat kärhanalaryny durnukly işe öwürmekden ybaratdyr. Muňa ýetmek üçin suwuň ýitgisini azaltmaga (häzirki wagtda takmynan 70 göterim), abatlaýyş işlerine gözegçilik etmäge, we arassa suwuň hakykatdanam öýlere ýetýändigine göz ýetirmäge kömek berýän täze tehnologiýalar we enjamlar ornaşdyrylýar.

Bu aralykda, ýerli hökümetlerden subsidiýalar pes girdejili toparlara gider, bu kömek olara aýlyk suw töleglerini tölemäge kömek eder. Häzirki wagtda bu goldaw 700 töweregi raýata berildi, gelejekde bu sanyň artmagyna garaşylýar.

Elwisa we Momčilo Kejić öz öýleriniň daşynda.

Indi olar yzygiderli suw üpjünçiligine birikdirildiler.

Mysal üçin, Momčilo we Elwisa Kejić häzir goldaw alýarlar. Iki ogly bilen 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda olar Kostajnika göçüp geldiler, häzir olaryň täze jaýy jemagat suw üpjünçilik ulgamyna birikdirilen.

"Podoşkada biz suwy guýudan çekmeli bolýardyk, ony içmek, nahar bişirmek, kir ýuwmak we beýleki işler üçin ulanýardyk" –diýip, ol ýatlaýar. Bu guýy köplenç tomusda guraýardy, şonda suw almak üçin olar üç ýa-da dört kilometr uzaklykdaky başga bir suw çeşmesine gitmeli bolýardylar. Kostajnica suw hojalyk kompaniýasy tarapyndan işe alnan Momčilo: "Indi suw aşhanamyzda-da, hammamda-da, hemme ýerde bar" –diýip aýdýar.

Rasim ýaňy-ýakynda subsidirlenen suw liniýasy bolan täze jaýa göçdi. “Tapawudy näme diýip sorasaňyz: islän wagtyň krany açyp, islän zadyňy ýuwubermeli. Hemme zat has aňsatlaşdy" diýip, ol aýdýar.

Durnuklylyk kompaniýalara diňe bir eýýäm birigen raýatlara däl-de entäk mätäçlik çekýän hojalyklarada hyzmatlaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Taslama, suw köp ýitýän sebitlerde tutuş suw üpjünçilik ulgamyny dikeltmegi we täze sebitlere ýaýratmagy maksat edinýän uzak möhletli maýa goýumdyr.