Geologiýa, geofizika we seýsmologiýa adalgalarynyň iňlisçe-rusça-türkmençe düşündirişli sözlügi

English-Russian-Turkmen Terminological explanatory Dictionary of Geological, Seismological and Geophysical terms
pdf (3.3MB)
DownloadGeologiýa, geofizika we seýsmologiýa adalgalarynyň iňlisçe-rusça-türkmençe düşündirişli sözlügi
January 20, 2025
Soňky ýyllarda durnukly ösüş we geologiýa ylymlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselelerine uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanynyň Ylymalar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fizikasnyň atmosferasy instituty bilen BMGÖM-iň bilelikdäki hyzmatdaşlyk bu ugurda möhüm ädimler edilýär. Netijede, umumy geologiýanyň we giriş geofizika kurslarynyň esasy düşünjelerini öz içine alýan düşündirişli iňlis-rus-türkmen sözlügi işlenip düzüldi.
Sözlük bu ugurlarynyi öwrenýän hünärmenlere we talyplara goldamak üçin döredilen özboluşly guraldyr. Diňe geologiki we geofiziki terminleri öz içine alman, seýsmologiýa we seýsmiki gözegçilik, geodinamika, gidrogeologiýa, inžerçilik geologiýasy we inžerçilik geofizikasy, toprak-ýer ylmy we toprak-ýer mehanikasy, seýsmiki töwekgelçiligini bahalandyrmasy we seýsmiki howpyny anyklanmasy, hem-de olar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň dolandyrmak ýaly dürli ugurlardan köp ulanylýan adalgalary we düşünjeleri öz içine alýar.
2000 termini öz içine alýan bu sözlügiň döredilmegi, Türkmenistanda ýer ylymlaryny öwrenýän hünärmenleriň we talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu sözlük, çylşyrymly ylmy düşünjelere we adalgalara düşünmegi ýeňilleşdirýän we dürli dil we medeni toparlaryň arasynda maglumat alyş-çalşyny ösdürýän möhüm maglumat çeşmesidir.
Düşündirişli iňlis-rus-türkmen sözlügi, Türkmenistanda bilimiň we ylymyň ösmegine möhüm ähmiýeti bolup durýar. Geologiki we geofiziki gözleglerde ýurduň ornuny güýçlendirýär we gelejek üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşýar.