TÜRKMENISTANYŇ GURAK SEBITLERINDE OBA HOJALYGY BILEN MEŞGULLANÝAN ILATYŇ HOWANYŇ TÄSIRI BILEN BAGLY DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝLARYNYŇ DURNUKLYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK
MAKSADY:
Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek. Taslamanyň çäklerinde gelejekde ýurduň beýleki etraplaryna ýaýradyljak uýgunlaşma çözgütleriniň matrissasy işlenip düzüler we görkeziler. Taslamanyň çäginde toplanan tejribeler taslamadan alnan bilimleri ýaýratmak baradaky yzygiderli okuw çäreleriniň üsti bilen ýurduň beýleki etraplaryna ýaýradylar.
GARAŞYLÝAN NETIJELERI:
Netije 1: Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň esasy oba hojalyk meýdanlarynyň daýhan hojalyklarynda uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmek arkaly howanyň üýtgemegi bilen bagly durmuş-ykdysady görkezijileriň gowulandyrylmagy. Taslama Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň alty sany synag daýhan birleşiklerinde we iki sany maldarçylyk hojalygynda iş öndürijiligini ýokarlandyrmakda we olary artýan suw ýetmezçiligine gowy taýýarlamakda, şeýle hem goşmaça girdeji çeşmelerini ornaşdyrmakda kömek bermek arkaly takmynan 40000 – den 50000 – e çenli adamyň uýgunlaşma mümkinçiligini güýçlendirer we ynjyklygyny peselder.
Netije 2: Uýgunlaşma çärelerini oba we suw hojalyk pudaklarynyň baş ýörelgelerine (strategiýalaryna) we maksatnamalaryna girizmek. Suwaryş ulgamlarynyň we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak takmynan 20000 gektar oba hojalyk ýerlerini we 500000 gektar öri meýdanlary öz içine alar. Bu meýdanlarda howanyň üýtgemegine durnukly tehnologiýalar synag ediler we- olar gatnaşýan öý hojalyklaryň girdejilerini iň bolmanda 15% ýokarlanmagyna getirer.
Netije 3: Howanyň üýtgemegine uýgunlaşma çärelerini üznüksiz meýilleşdirmek, ýerine ýetirmek we gözegçilik etmek üçin milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak. Suw serişdelerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we öri meýdanlary, şeýle hem pudaklaýyn meýilleşdirmede täze ekologiýa taýdan amatly çäreleri geçirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek we milli mümkinçiligi ösdürmek baradaky üstünlikli uýgunlaşma tejribesiniň modellerini ýaýratmagyň mümkinçiligi synag sebitleriniň ýerleşen iki welaýatyň çäklerinde ýaşaýan takmynan 150000 adama gytaklaýyn bähbit getirer.