KÖP SANLY BÄHBITLERIŇ ALYNMAGY ÜÇIN ARAL DEŇZINIŇ GIŇIŞLIGINDE ÝER SERIŞDELERINI WE ÝOKARY TEBIGY GYMMATLYGY BOLAN EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK WE DURNUKLY DOLANDYRMAK

Taslamanyň gysgaça beýany:

Taslamanyň wezipesi serişde çeşmeleriniň we ählumumy ähmiýetli ekoulgamlaryň ýaşama durnuklylygyny we ýaşaýyş durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, Türkmenistanda Amyderýanyň sebitinde ýerleriň zaýalanmagyny azaltmaga ýardam etmek, ýerleri we suw serişdelerini dikeltmek we olaryň ulanylyşyny gowulandyrmak bolup durýar. Bu özara baglanyşykly üç sany ahyrky netijäni öz içine alýan köp maksatly strategiýa arkaly gazanylar, bu netijeler çölleşmek we biodürlüligi ýitirmek meselelerini çözmek we köp sanly ählumumy ekologik bähbitleri üpjün etmek üçin hökümetiň syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny we tehniki mümkinçilikleri bellemek boýunça tagallalaryny goldarlar. GEF‑iň maýa goýumlary serişdelerden ýerli peýdalanyjylar üçin serişdeleriň durnukly çeşmelerini goldamak bilen baglylykda tebigy ýer maýasyna “nol arassa ýitgiler” çemeleşmesiniň hasabyna oba hojalygyny serişdeler tükenmeýän görnüşinde alyp barmaga we şol bir wagtda-da, örän möhüm ekoulgam hyzmatlaryny netijeli gorap saklamaga ýardam eder.

Narine Saakýan, Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekili:

“Bir wagtlar dünýäde ulylygy boýunça dördünji içerki deňizi bolan Aral deňzi, suw we azyk ýetmezçiligine sebäp bolup, Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň saglygyna we sebitleriň howasyna zyýanly täsirini ýetirip, soňky alty onýyllygyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gidip barýar. Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy we milli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde biz Türkmenistanyň saýlanan synag sebitleriniň Aral deňziniň krizisiniň ekologiki we durmuş-ykdysady netijelerine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýäris ".
 

Garaşylýan netijeler:

Önümçilik landşaftynyň 746 000 gektarynda ekoulgam hyzmatlaryny durnuklaşdyrmak. Suwarymly sürümli ýerleriň 100 000 gektarynda topragyň tükenmeýän önümliligini we suwdan peýdalanmagy netijeli dolandyrmagy üpjün etmek. 10 000 gektarda oba hojalyk ekinleriniň şorlaşmaga durnuklylygyny üpjün etmek. Meýdany 60 000 gektar bolan zaýalanan sürümli we tokaý ýerlerini dikeldiler. OOPT-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak we Amyderýa landşaftynda 1 077 554 gektarda, şol sanda ýitmek howpy bolan 60 000 gektara golaý meýdandaky täze ýerlerde biodürlülik derejesini üpjün etmek. Bu ýerleri esasy/möhüm ornitologik çäkler (EMOÇ) hökmünde bellemek teklip edilýär, bu işler ütelgi (Falco cherrug), müsür gajary (Neophron percnopterus), uly poganka/çomga (Podiceps cristatus), dalmata gotany (Pelecanus crispus), uly ak gotan (Pelecanus onocrotalus), uly jübtün (Phalacrocorax carbo), çal hokgar (Ardea cinerea), gyrmyzy hokgar (Ardea purpurea) ýaly guşlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň durnukly köpelmegine itergi berer. Taslama 5 ýyla niýetlenendir we oňa GEF-iň umumy möçberi 4 583 196 amerikan dollary çekiler.

Impact

START DATE

July 2021

END DATE

June 2026

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Min. of Agriculture & Environm

DONORS

Global Environment Fund Truste

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PRO

TOTAL CONTRIBUTIONS

$128,744

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2022$41,376

Full Project information