Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik

December 10, 2021

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 10-njy dekabryndaky Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik yglan etdi .

Bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplarynyň arasynda geçirilýär. Bäsleşigiň esasy mowzuklary:  adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;  adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary; adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy; adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi.

Emin agzalarynyň toparyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri girizildi.

Şeýlelikde, bäsleşigiň netijelerine görä emin agzalary ýeňijileri yglan etdi.

1-nji orun baýragy aşakdaky talyplara berilýär:

Aýbölek Amangeldiýewa (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty)

Çary Rahmanow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti)

Diýar Yhtyýarow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti)

2-nji orun baýragy aşakdaky talyplara berilýär:

Ogulbibi Mämmetgurbanowa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti)

Hatyja Döwletnazarowa (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty)

3-nji orun baýragy aşakdaky talyplara berilýär:

Jahan Öräýewa (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty)

Tofe Hoşanowa (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty)

Mazmunly ýazylan iş üçin ýörite baýrak aşakdaky talyplara gowşuryldy :

Serdar Jepbarow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti)

Aýjan Mätiýewa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti)

Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň binasynda dabaraly ýagdaýda yglan edildi, ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşuryldy.

BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Sahakýan: "Bu bäsleşik geljekdäki diplomatlaryň, syýasatçylaryň we ýurduň hukukçylarynyň ylmy gözleg we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge goşant goşar diýip umyt edýärin" diýip belledi.

Bu bäsleşik BMGÖM-niň "Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam etmek" atly üç ýyllyk taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamasynyň çäginde gurnaldy.