BMGÖM, ÝUNKTAD we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikdäki “Bir penjire” taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

October 30, 2020

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 29-njy oktýabry: BMG-nyň Ösüş maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy "BMG-nyň ÝYK-nyň Bir penjire boýunça 33-nji gaýtadan seredilen maslahatyna laýyklykda Türkmenistanda Bir penjire" onlaýn giriş  seminar geçirdiler. Bu seminar 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda gol çekilen, Türkmenistanda eksport-import amallary üçin Bir penjire taslamasyny  durmuşa geçirmäge ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmekde birinji ädim bolup durýar.

Seminara BMGÖM-nyň, ÝUNKTAD-yň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, „Türkmenaragatnaşyk“ döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet söwda we senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, „Türkmenstandartlary“ baş döwlet gullugynyň we „Türkmenhimiýa“ döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň, BMGÖM-nyň hem-de  ÝUNKTAD-yň strategik hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyeti, durnukly ulaglary hem-de söwdany ösdürmekdäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenip geçildi.

BMGÖM-nyň  ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin  ASYCUDA World gümrük maglumat ulgamy işlenip taýýarlandy we ornaşdyryldy. Bu ulgam Türkmenistanyň maliýe sektorynda, hususan-da, bank, söwda we ulag sektorlarynda eksport-import amallary üçin „Bir penjiräni“ tapgyrlaýyn ornaşdyrmakda esasy platforma bolup hyzmat eder.

Bir penjire haryt getirýänlere we çykarýanlara ähli düzgünleşdiriji resminamalary elektron görnüşde, bir portalda bermäge mümkinçilik berer.  Bu  bolsa olaryň wagtyny tygşytlar hem-de amal çykdaýjylaryny azaldar. ASYCUDA World gümrük resminamalaryny beýleki ähli kadalaşdyryjy düzgünler, şol sanda harytlary ýurda getirmek we ondan çykarmak üçin zerur bolan sertifikatlary, ygtyýarnamalary we tassyklaýjy resminamalary sorap almak, gowşurmak we gözegçilik etmek düzgünleri bilen elektron görnüşde baglanyşdyrar.

„Eksport-import amallary üçin Bir penjire“ atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde taraplar sanlylaşdyrmagy işjeňleşdirmegi, pudagara hyzmatdaşlyk üçin telekeçilik işlerini ýönekeýleşdirmegi we sazlaşdyrmagy hem-de dünýäniň ykdysady giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýär.