BMGÖM we hyzmatdaşlary ýaşlaryň iş üpjünçiligini goldamak maksady bilen okuw-maglumat merkezlerini açýar

November 24, 2022

BMGÖM we hyzmatdaşlary ýaşlaryň iş üpjünçiligini goldamak maksady bilen okuw-maglumat merkezlerini açýar

BMGÖM Türkmenistanda

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde ýaşlaryň iş üpjünçiligini goldamak maksady bilen Ýewropa Bileleliginiň maliýeleşdirýän “STRIVE Asia”  taslamasynyň çäginde alty şäherde okuw-maglumat merkezlerini açdylar.

Okuw-maglumat merkezleri “STRIVE Asia”  taslamasynyň synag şäherleri bolan Aşgabat, Daşoguz, Mary, Tejen, Turkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerinde açyldy. Bu merkezleri açmak üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gerekli otaglary üpjün etdi, BMGÖM bolsa STRIVE Asia taslamasynyň çäginde 28 kompýuter hem-de 3 printer we 3 proýektor satyn alyp, merkezlere bagyş etdi.

Merkezleriň işiniň durnuklygyny üpjün etmek üçin taraplar olary döretmek boýunça ylalaşyga gol cekdiler hem-de Okuw-maglumat merkezleriniň Düzgünnamasy babatynda ylalaşdyrlar we gol çekişdiler.

Okuw-maglumat merkezleri ýaşlaryň iş mümkinçiliklerini artdyrmak we olara psihologiki we hukuk goldawyny bermek maksatly  okuwlary geçirmek boýunça gyzyklanýan taraplar üçin hyzmatdaşlyk platformasy bolup hyzmat eder. Şeýle hem, täze merkezler milli hyzmatdaşlar we BMG-niň edaralarynyň arasynda ýaşlara iş üpjünçiligi we durmuş goldawyny bermek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürer diýip garaşylýar.  Merkezlerde “Açyk sagatlar” bolup, bu halkyň merkezleriň tehnologiýa mümkinçiliklerini we çeşmelerini iş üpjünçilik maksatly ulanmagyna şert döreder.

***

“Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy pugtalandyrmak” (STRIVE Asia) ÝB bilen BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy” atly global taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt komponenti zorlukly ekstremizmiň öňüni almak ugrundaky başlangyçlary goldamak arkaly ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy, hem-de hökümet edaralaryny we jemgyýetçilik guramalaryny zorlukly ekstremizmiň öňüni almak bilen baglanyşykly maksatlaryna ýetmekleri üçin goldamagy maksat edinýär. Taslamanyň anyk maksat esasy döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak ugrundaky maksatlaryna ýetmekleri üçin taýýarlygyny goldamakdyr.  Esasy milli hyzmatdaşy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bolup durýar.