BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy insulin bilen üpjün etmegini dowam edýär

Posted September 28, 2021

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy insulin bilen üpjün etmegini dowam edýär

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 18-nji noýabry: BMGÖM süýjikeseli bejermek üçin wajyp derman bolan insuliniň üçünji tapgyryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) gowşurdy. Бу тапгыр öndürijisi Sanofi-den (Wengriýa) uzak wagtlap işleýän insulin Lantusy öz içine alýar.

Insulin bilen üpjün etmek BMGÖM we TSGDSM arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýokanç däl kesellere (ÝDK) gözegçilik etmekde ýardam boýunça taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Býujeti 32,8 million amerikan dollaryna barabar bolan, bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş synalarynyň dowamly kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak, aç-açan açyk halkara bäsleşik esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy derejesinde amala aşyrylýar. Tekliplere garalanda, derman serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryna berk laýyk bolmagy göz öňünde tutulýar. Hil ölçegleriniň giňişleýin toplumyny BMGÖM web saýtynda: https://www.undp.org/publications/undp-quality-assurance-policy-health-products we anyk bäsleşik resminamalarynda tapyp bilersiňiz.