BMGÖM döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär

December 21, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 21-nji dekabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly taslamanyň çäginde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary boýunça gibrid görnüşde bäş günlük okuw geçirilýär.

Çäräniň esasy maksady Döwlet akademiýasynyň mugallymlarynyň sanly transformasiýa boýunça mümkinçiliklerini artdyrmak we sanly tehnologiýalary we çözgütleri ornaşdyrmak arkaly  döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de döwlet hyzmatlary bilen üpjün etmekdir, şeýle hem Döwlet akademiýasyna döwrebap okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goldaw bermekdir.

2021-nji ýylyň 20-25-nji dekabry aralygynda geçiriljek bu tehniki  seminara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we döwlet dolandyryşyny öwrenýän aspirantlar gatnaşýar.

Seminar fizika we matematika ylymlarynyň kandidaty, Sankt-Peterburg Döwlet Uniwersitetiniň bellige alyş (reýestr) boýunça Tehnologiýa merkeziniň ylmy ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň elektron pul we pul iberiş bazarynyň gatnaşyjylar bileleşiginiň geňeşiniň başlygy Wiktor Dostow tarapyndan geçirilýär. Çäräniň dowamynda jenap Dostow gatnaşyjylary döwlet pudagyny sanlaşdyrmagyň esaslary, döwlet edaralarynyň hem-de täjirçilik pudagynyň arasynda özara sanly gatnaşygyň esaslary, şeýle hem geljekde sanlylaşdyrmagyň dünýä ýüzi boýunça we ýerli derejde mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar.

Bu çäre “2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynda” we “2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda” nazara alnan meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda bilelikdäki tagallalaryň çäginde gurnalýar we emeli intellekt, daşky gurşawa gözegçilik etmek, gorag astyndaky maglumatlary ibermek üçin bellige alyş (reýestr) ulgamlary, döwlet edaralaryna ýüz tutmazdan dürli hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýän döwlet edaralary bilen jemgyýetçiligiň arasyndaky özara gatnaşygy üçin täze sanly guraly döretmek, döwlet edaralarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, çykdajylary gözegçilikde saklamak, zerurlyklary çaklamak we maglumat ulgamlaryny ösdürmek ýaly sanly ulgamlary we çözgütleri milli ykdysadyýet pudagyna ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilendir.

"Bu okuw, bütin dünýäde dowam edýän pandemiýanyň döwründe möhüm ähmiýete eýe bolan sanly transformasiýa boýunça milli syýasatyň çäginde Türkmenistanyň döwlet işgärleriniň ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhümdir" – diýip, Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň kömekçisi Röwşen Nurmuhamedow belläp geçdi.

***

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly bilelikdäki taslamanyň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we döwlet edaralarynda işleýän işgärleriň hünär ukyny artdyrmak hem-de olary kämilleşdirmek, şeýle hem ýolbaşçy wezipelerde işleýän ýaş hünärmenleriň (şol sanda aýallaryň) mümkinçiliklerini artyrmakdyr.

Taslamanyň çäginde döwlet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sertifikatlaşdyryş maksatnamalary işlenip düzüler we durmuşa geçiriler, şeýle hem sanly transformasiýa şertlerinde halkara hyzmatdaşlar bilen döwlet dolandyryşynyň we öz-özüni dolandyrýan ýerli edaralarynyň ösüş ugrunda ileri tutýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýular.