#KlimatyňÄhmiýetiUly (#ClimateCounts)
November 19, 2025
Bu hekaýanyň iňlis, fransuz we ispan dillerinde asyl nusgasyny tapyň.
Howanyň üýtgemegi biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna täsir edýär.
Howa çökgünligi barada gyssagly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny we çözgütleriň netijelidigini görkezýän 30 hakykaty tapyň.
Ýer şary diýlen zat örän täsindir. Planetamyzyň ýaşaýşy üpjün etmäge ukyplylygy köp sanly faktorlaryň netijesidir, şol sanda suwuň köp mukdarly gorlary, Gün radiasiýasyndan goraýan magnit meýdany we izolirleýji atmosfera bilen saklanýan aram temperaturalar.
Adam işjeňligi netijesinde dörän bugarma gazlary bilen baglanyşykly klimatyň üýtgemegi Ýer şaryndaky howanyň taryhda bolmadyk tizlikde maýyllaşmagyna sebäp bolýar. Munuň özi ýaşaýşy üpjün edýän pugta bolmadyk deňagramlylygy bozýar, hem-de janly tebigata uly zyýan ýetirip, ynsan jemgyýetleriniň durmuşyna howp salýar.
Bilýärdiňizmi: Baý ýurtlar Ýeriň serişdelerini şeýle bir güýçli depgin bilen ulanýarlar welin, bu gidişine ýaşaýşy üpjün etmek üçin ýene 3-den 9-a çenli planeta gerek bolar. Klimatyň üýtgemegini bes etmek we Ýerdäki geljegimizi üpjün etmek üçin, biziň özümiz üýtgemeli.
2015-nji ýylda döwletler klimatyň üýtgemeginiň meselesine bagyşlanan gepleşikleri täze derejä çykaryp, Parižde degişli ylalaşygy kabul etdiler. Bu, hukuk taýdan taýdan borçlandyryjy taryhy halkara ylalaşyk global derejede klimatyň üýtgemegine garşy hereketleriniň binýadyna öwrüldi, döwletleri klimatyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini azaltmak we olara uýgunlaşmak babatynda maksatlary kabul etmäge itergi berdi.
Parižde baglaşylan ylalaşyk maýyllaşmanyň temperatura çägini anyk görkezen ilkinji halkara ylalaşyk boldy: döwletler global temperaturanyň ýokarlanmagyny 2°C-den ep-esli pesräk çäkde saklamak ugrunda, we hatda ony 1,5°C-e getirmäge ymtylmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.
Alymlar global ortaça temperaturanyň senagat ösüşinden öňki derejesinden 1,5°C ýokarlanmagyny çäklendirmegiň klimatyň üýtgemeginiň iň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak we ýagdaýy üýtgediji nokatlara (gyzyl çäklere) ýetmezlik üçin juda wajypdygyny duýdurýarlar.
Bilýärdiňizmi: Maýyllaşmanyň güýçlenmeginiň her bir derejesi howanyň adatdan daşary ýagdaýlaryny we töwekgelçiliklerini artdyrýar. Mysal üçin, 1,5°C derejedäki maýyllaşmada, global ilatyň 14%-iniň her bäş ýylda iň azyndan bir agyr yssylyk hadysasyna duçar bolmagy ähtimal. 2°C derejedäki maýyllaşmada, bu görkeziji 37%-e çenli ýokarlanýar, bu tapawut bolsa takmynan 1,7 milliard adamyň durmuşyna täsir edýär.
Klimatyň üýtgemegi ynsan jemgyýetlerine düýpli howp salyp, has ýygy-ýygydan we has adatdan daşary howa hadysalaryny döredýär, azyk önümçiligine täsir edýär, jemgyýetçilik saglygyna täsir edýär we öwezini dolup bolmaýan ýitgilere getirýär.
Dünýäde her bir adam klimatyň üýtgemeginiň täsirlerini eýýämden duýýan bolsa-da, käbir döwletler geografiki ýerleşişine, ykdysady kuwwatyna we uýgunlaşma ukybyna görä beýlekilerden has güýçli täsirlenýär. Häzirki wagtda Afrikanyň, Günorta Aziýanyň, Merkezi we Günorta Amerikanyň uly böleklerinde, kiçi adalarda we Arktikada klimatyň üýtgemegine has ýiti täsirlenýän 3,3 bilen 3,6 milliard adam ýaşaýar.
Bilýärdiňizmi: Klimatyň üýtgemeginiň meselesi pes girdejili döwletlere deňagramsyz täsirini ýetirmek bilen, düýpli adalatsyz häsiýetini görkezýär. Bu ýurtlar 30 ýyl öňkä garanyňda sekiz essä çenli köp howa bilen bagly howplara duçar bolýarlar, bu bolsa ykdysady zyýanyň üç esse artmagyna getirýär.
Klimatyň üýtgemegi gönüden-göni adalatsyzlyk ýagdaýy bilen baglanyşykly hadysadyr. Klimatyň üýtgemeginiň täsirlerinden iň köp ejir çekýän adamlar, jemgyýetler we döwletler - köplenç bu ýagdaýyň döremegine iň az goşant goşanlardyr.
Afrika ýurtlarynyň paýyna bugarma gazlarynyň zyňyndylarynyň 4%-den azragy düşýär, ýöne klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri şol ýurtlaryň ösüşiniň her bir ugruna täsir edýär, açlygy, howpsuzlygyň ýoklugyny we mejbury göçe-göçlügi artdyrýar.
Köp mukdarda bugarma gazlaryny zyňmak bilen baglanyşykly senagatlaryň hasabyna baýlaşan döwletler we pudaklar uglerodsuzlaşdyrmanyň depginini güýçlendirmek we klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerinden iň köp ejir çekýänlere kömek etmek üçin jogapkärdirler.
Bilýärdiňizmi: Hatda bir döwletiň çäginde hem, klimatyň üýtgemeginiň täsirleri milli, etniki gelip çykyşyna, jynsyna, ýaşyna we durmuş-ykdysady ýagdaýyna esaslanýan düzümleýin deňsizlikler sebäpli deň bolmadyk derejede duýulyp bilner.
Parižde baglaşylan ylalaşyk klimatyň üýtgemegine garşy barha işjeňleşdirilýän hereketleriň bäş ýyllyk dolanyşygynda hereket edýär. Klimatyň üýtgemegine garşy hereketleri işjeňleşdirmegiň esasy gurallary Milli Derejede Kesgitlenilýän Goşantlardyr (MDKG). Bular döwletleriň bugarma gazlarynyň zyňyndylaryny nähili azaltjakdygyny we klimatyň üýtgemeginiň täsirlerine nähili uýgunlaşjakdygyny jikme-jik beýan edýän milli klimatik meýilnamalardyr.
MDKG-lar döwletlere energiýa, ulag, infrastruktura, oba hojalygy, suw serişdeleri, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we başgalar ýaly ileri tutulýan pudaklarda maksatlary, möhletleri we hereketleri kesgitlemäge kömek edýär. Ahyrky netijede, MDKG-lara her bäş ýyldan täzeden seredip, döwletler öz ykdysadyýetlerini 2050-nji ýyla çenli arassa nolluk derejedäki zyňyndylaryň ýoluna salyp bilerler.
Bilýärdiňizmi: MDKG-laryň birinji nesli dünýäni global ortaça temperaturanyň 3,7°C ýokarlanmagyna ugrukdyrdy. MDKG-laryň ikinji nesli bu görkezijini 2,7°C-e çenli pese düşürdi. Üçünji nesliň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hödürlenmegine garaşylýar, şunda döwletleriň degişli görkezijini 1,5°C çägine laýyk getirmek baradaky çagyryşlary barha artýar.
Klimatyň üýtgemeginiň häzirki maýyllaşma derejelerinde eýýämden ýüze çykýan täsirleri dünýä ykdysadyýetini 2050-nji ýyla çenli 19% azaldyp biler.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyna, zähmet öndürijiligine we infrastruktura ýetýän zyýanyň takmynan 38 trillion ABŞ dollary bolup biljekdigi çaklanylýar, munuň özi global maýyllaşmany 2°C çenli çäklendirmek üçin, klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak üçin zerur bolan çykdajylardan alty esse köpdür.
Bilýärdiňizmi: Klimatyň üýtgemeginiň netijeleriniň hakyky bahasy onýyllyklar boýy aşa pes bahalandyryldy. Täze ylmy barlaglar ykdysady zyýanyň ozal çaklanylandan has ýokary bolup biljekdigini görkezýär.
Öňki nesilleriň kabul eden çözgütleri sebäpli, çagalaryň we ýaşlaryň howpsuz öýe, sagdyn daşky gurşawa, saglygy goraýşa, azyk üpjünçiligine we bilim almaga bolan hukuklarynyň ählisi Klimatyň üýtgemeginiň meselesi sebäpli howp astyndadyr.
Çagalar we ýaşlar öz durmuşlarynda yssylyk tolkunlary, suw joşmalary, tokaý ýangynlary we hasylsyzlyk ýaly klimatyň üýtgemeginiň täsirleriniň doly agramyny gerdeninde çekmeli bolarlar. Munuň özi, ýaşlar tarapyndan dolandyrylýan klimatyň üýtgemegine garşy başlangyç hereketleri, klimatyň meseleleri boýunça kazyýet işlerini we klimat bilen bagly howpsuzlyk töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak babatyndaky tagallalary döreden nesiller arasyndaky adalaty gözlemek meselelerini gozgaýar.
Bilýärdiňizmi: Pes girdejili ýurtlarda ýa-da amatly şertleri bolmadyk jemgyýetlerde ýaşaýan çagalar we ýaşlar klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine has duýgurdyr. Owganystanda çagalar öz atalarynyň we eneleriniň gören yssy günlerinden 18 essä çenli köp yssy günleri görüp bilerler, Malide bolsa adamlar 10 essä çenli köp hasyl ýitgilerine duçar bolup bilerler.
Klimatyň üýtgemegi boýunça iň giňişleýin jemgyýetçilik pikir soraşmasy global derejede adamlaryň 80%-iniň hökümetleriniň Klimatyň üýtgemeginiň meselesini çözmek ugrunda has aýgytly hereketleriň edilmegini isleýändigini görkezýär.
Olar şeýle hem global raýdaşlyga ymtylýarlar: 86%-i öz ýurtlarynyň söwda we howpsuzlyk ýaly geosyýasy gapma-garşylyklaryny bir gyra goýup, klimatyň üýtgemeginiň meselesiniň üstünde bilelikde işleşmelidigi barada ylalaşýarlar.
Bilýärdiňizmi: Bütin dünýäde adamlaryň 72%-i gazylyp alynýan ýangyçlardan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine tizden-tiz geçmegi goldaýar. Hatda dünýäde gazylyp alynýan ýangyjyň iň uly gorunyň öndürijileri bolan döwletlerde hem raýatlaryň aglabasy kömüriň, nebitiň we gazyň iň gysga wagtda dolanyşykdan çykarylmagyny goldaýar.
Ýaşyl ykdysadyýet güýçli depginler bilen ösýär. Döwletleriň we jemgyýetleriň klimatik we ekologik meseleleri çözmäge synanyşýan wagtynyň özünde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň öndürilmegi, energiýa taýdan tygşytly we klimatik taýdan durnukly desgalar, galyndylary dolandyrmak, hapalanmany gözegçilikde saklamak we akylly oba hojalygy ýaly pudaklar giňeldilýär.
Şol önümlere we hyzmatlara bolan islegiň ýokarlanýandygy nazara alynsa, ýaşyl ykdysadyýete häzirki wagtda 7,9 trillion ABŞ-nyň dollary möçberinde baha berilýär we dünýäde satylýan paýnamalaryň 9%-ine deňdir.
Bilýärdiňizmi: Soňky onýyllykda ýaşyl paýnamalaryň bazar kapitallaşmasy ýyllyk 15% çylşyrymly ösüş depgini bilen ösdi, bu bolsa onuň tehnologiýadan soň ikinji iň çalt ösýän pudak bolmagyny üpjün edýär.
Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak häzirki ýa-da garaşylýan klimatik täsirlere bolan duýgurlygy azaltmak we jemgyýetleriň hem-de ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.
Uýgunlaşma çärelerine goýlan her 1 dollar 10 ýylyň içinde klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri zerarly ýitgileriň öňüni almak, ykdysady ösüşi höweslendirmek hem-de durmuş we ekologik bähbitleri gazanmak arkaly 10 dollardan gowrak peýda getirip biler.
Bilýärdiňizmi: Saglygy goraýyş pudagyndaky we irki duýduryş ulgamlaryndaky uýgunlaşma maýa goýumlar ýaşaýyş-durmuşy, infrastrukturany we ykdysady öndürijiligi goramagyň hasabyna iň ýokary peýdalaryň käbirini üpjün edýär.
Dünýäniň senagat kärhanalary gazylyp alynýan ýangyçlardan alynýan energiýanyň köp mukdaryny sarp edýär. Netijede, senagat pudagynyň energiýany sarp edijiligi energetika bilen bagly global zyňyndylaryň dörtden bir bölegini düzýär.
Köp sanly senagat prosesleri ýokary temperaturalara çenli gyzdyrmany talap edýär, bu bolsa häzirki zaman gaýtadan dikeldilýän energiýa tehnologiýalarynyň bu talaby kanagatlandyrmaga çäklidikleri sebäpli uglerodsuzlaşdyrmany kynlaşdyrýar. Şeýle-de bolsa, energiýa tygşytlylygynyň artmagy ep-esli çykdajylary tygşytlamaga mümkinçilik berip, 2030-njy ýyla çenli global energiýa bilen bagly zyňyndylary 11% azaldyp biler.
Bilýärdiňizmi: 2030-njy ýyla çenli binalarda, senagatda we ulag pudagynda energiýa netijeliligini iki esse ýokarlandyrmak energetika bilen bagly bugarma gazlarynyň zyňyndylaryny takmynan üç esse azaldyp biler. Munuň özi dünýäni 2050-nji ýyla çenli arassa nolluk derejesine alyp barýan ýolda möhüm ädimdir.
Klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri dünýäniň jemgyýetlerine täsir edenlerinde, olar erkekleriň we zenanlaryň deňsizliklerini dürli ýollar bilen ýitileşdirýär we güýje girizýär.
Klimatyň üýtgemeleri ýüze çykanda, gyzlar köplenç okuwdan ilkinji nobatda alnyp gaýdylýar, hem-de maşgalalar çäkli serişdeler ýa-da tölenmeýän çaga ideginiň ýüküniň artmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Klimatyň üýtgeýän şertlerinde käbir çagalaryň, aýratyn-da gyzlaryň 12 ýyllyk bilimini doly alyp bilmeklerini üpjün etmek - bütin dünýäde durnukly ösüş üçin örän wajypdyr.
Bilýärdiňizmi: 2050-nji ýyla çenli klimatyň üýtgemegi 158 milliona çenli aýallary we gyzlary garyplyga iterip biler, bu bolsa erkekleriň we oglanlaryň umumy sanyndan 16 million köpdür.
Plastik - bizi durmuşymyzyň ähli babatlarynda doly gurşap alýan zatdyr. Ol içýän suwumyzda, iýýän azyk önümlerimizde we dem alýan howamyzda bar. Ol saglygymyza howp salýar, tebigaty hapalaýar we ýabany haýwanlary öldürýär. Plastik hem, onuň dolanyşygynyň her bir tapgyrynda, ýagny plastmassa önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýän gazylyp alynýan ýangyçlary çykarmakdan başlap, plastik galyndylaryň ýakylmagyna ýa-da dargadylmagyna çenli bugarma gazlarynyň zyňylmagy bilen Klimatyň üýtgemeginiň meselesini has-da ýitileşdirýär.
Dünýäde her ýyl takmynan 430 million metrik tonna täze plastik öndürilýär. Onuň aglaba bölegi zyňyndy hökmünde taşlanmazdan öň diňe bir gezek ulanylýar.
Her ýyl 13 million tonna plastik topraklarda toplanýar, munuň özi topraklaryň ýagdaýyna täsir edýär we ekinleriň ösmegini we iýmitlik maddalary siňdirmegini çäklendirýär. Wagtyň geçmegi bilen, bu plastik dargap, mikroplastige bölünýär, ol bolsa ahyrsoňy adamlaryň sarp edýän suwunda we azyk önümlerinde peýda bolup biler.
Bilýärdiňizmi: Mikroplastik adam saglygy üçin howply, ol rak, ýürek keselleri, önelgesizlik we başga-da köp saglyk meseleleri bilen baglanyşdyrylýar. Alymlar, ulularyň hepdede bir kredit kartynyň ölçegine deňeçerli möçberde mikroplastigi ýuwudyp bilýändiklerini çakladylar.
Ulag pudagynyň durnuklylygy klimatyň üýtgemegine garşy hereket etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Global zyňyndylaryň takmynan 14%-i ulag pudagynyň paýyna düşýär. Ony has durnukly etmek üçin, ýurtlar pyýadalar üçin geçelgeler we welosiped ýanýodalary, pes zyňyndyly köpçülikleýin ulaglar, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna işleýän elektrik awtomobil ulaglary, we has arassa deňiz we awiasiýa gatnawlary ýaly giň görnüşli hereket ulgamlaryna maýa goýmalydyrlar.
Durnukly ulaglaryň artykmaçlyklary zyňyndylary ýönekeý azaltmak bilen çäklenmeýär. Taslamasy talaba laýyk işlenip düzülende, durnukly ulag ulgamlary şol bir wagtda saglygyň berkidilmegine, ykdysady mümkinçiliklere we daşky gurşawyň goralmagyna ýardam berýär.
Bilýärdiňizmi: Elektrik awtoulaglar 2024-nji ýylda satylan ähli awtoulaglaryň 20%-den gowragyny düzdi, we bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 25%-e ýetmegine garaşylýar.
Gazylyp alynýan ýangyçlara esaslanýan ulgamdan gaýtadan dikeldilýän çeşmelere esaslanýan ulgama energetiki geçiş Klimatyň üýtgemeginiň meselesini çözmek ugrunda hereket etmek üçin örän wajypdyr. 2024-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýyna global elektrik energiýasynyň önümçiliginiň üçden biri düşdi. Ýel we Gün energetikasy 15% üpjün etdi, suw energetikasy we beýleki gaýtadan dikeldilýän çeşmeler bolsa 17% üpjün etdi.
Gün we ýel energiýasy gazylyp alynýan ýangyç alternatiwalaryndan degişlilikde 41% we 53% arzan bolany sebäpli, olar taryhdaky iň tiz depginli ösýän elektrik energiýa çeşmeleridir. Olaryň elektrik energiýasyny öndürmekdäki paýynyň 2030-njy ýyla çenli iki esseden gowrak artmagyna garaşylýar, bu bolsa has durnukly we ýaşaýşa ukyply jemagatlary üpjün eder.
Bilýärdiňizmi: 2024-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän çeşmeler bütin dünýäde goşulan täze elektrik energiýany öndürmek babatyndaky täze kuwwatlyklaryň 92%-den gowragyny düzdi. Gün we ýel energiýasynyň ýaýradylmagy eýýämden zyňyndylara uly täsir edýär, emma döwletler 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikanyň global kuwwatlyklaryny üç esse artdyrmak boýunça maksadyna ýetmek üçin muny has hem çaltlandyrmalydyr.
Klimatyň üýtgemeginiň netijeleriniň artmagyna görä, alymlar adatdan daşary howa hadysalarynyň sebäp bolan zyýanynyň näçe böleginiň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolandygyny anyklamaga synanyşýarlar.
2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli 185 adatdan daşary howa hadysasyny seljerýän bir ylmy barlagyň çäklerinde klimat bilen baglanyşykly zyýanyň möçberiniň ýylda 143 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýa-da sagatda 16 million ABŞ-nyň dollaryna barabar bolandygy anyklandy. Käbir maglumatlaryň doly bolmandyklary sebäpli, esasan hem pes girdejili döwletlerde, megerem, hakyky ýagdaýa kembaha garalýan bolmagy ähtimal.
Bilýärdiňizmi: Klimatyň üýtgemegi sebäpli dörän zyýanyň belli bir bölegine pul möçberinde baha bermek mümkin däl. Bu ýitgiler we zyýan klimat bilen baglanyşykly mejbury göçe-göçlük netijesinde medeni mirasyň ýa-da şahsy aýratynlyklaryň ýitirilmegi ýaly maddy däl täsirlere degişli bolup biler.
Soňky asyrda adamlaryň işjeňligi diňe bir klimatyň üýtgemegine sebäp bolman, eýsem biologik köpdürlüligiň howply derejä çenli azalmagyna hem getirdi. Durnuksyz önümçiligiň we sarp edişiň birmeňzeş modelleriniň hasabyna ýüze çykan klimatik we tebigy çökgünlikler özara düýpli baglanyşykly we biri-birini güýçlendirýärler, bu bolsa şol meseleleriň ikisini hem bir wagtda çözmek üçin özara ylalaşykly hereket etmegiň zerurdygyny aňladýar.
Goragly ýerler tebigaty we biologik köpdürlüligi goramak üçin örän wajypdyr, we tebigatyň ýitgisini bes etmek klimatyň üýtgemegine garşy hereket etmek üçin möhümdir. 2022-nji ýylda döwletler Biologik köpdürlülik barada Kunmin-Monreal global çarçuwaly maksatnamasyny kabul etdiler. Onuň maksady - tebigatyň ýitgisini bes etmek we onuň dikeldilmegine ýardam bermek. Muny şol sanda 2030-njy ýyla çenli Ýer şaryndaky gury ýeriň we deňizleriň 30%-ini goramak borçnamasy arkaly hem amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Soňky birnäçe ýylda döwletler bu maksatda haýal, ýöne durnukly öňegidişligi gazandylar, häzirki wagtda gury ýerleriň we içerki suwlaryň 17%-den gowragy goralýar.
Bilýärdiňizmi: Jemgyýetleriň klimatyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, tebigaty goramak babatyndaky esasly çözgütler Parižde baglaşylan ylalaşygyň maksatlaryna ýetmek üçin 2030-njy ýyla çenli zerur bolan bugarma gazlarynyň zyňyndylarynyň 37%-e çenli azaldylmagyny üpjün edip biler.
Tokaýlar Ýer şaryndaky gury ýeriň ýüzüniň üçden birine golaýyny, ýa-da 4 milliard gektary örtýär. Olar durmuşyň her bir tarapynyň aýrylmaz bölegidir. Sagdyn tokaýlar uglerody uly mukdarda özüne siňdirýärler, ýagny olaryň uglerod dioksidini özüne siňdirmegi we saklamagy bize klimatyň üýtgemegine garşy hereket etmekde ýardam berýär.
Şeýle-de bolsa, tokaýlar adamyň işjeňligi, oba hojalygynyň giňelmegi we şäherleşme, şeýle hem klimatyň üýtgemegi bilen has hem möwç alýan tokaý ýangynlary sebäpli selçeňlemegiň we ýitmegiň howpy astyndadyrlar.
2024-nji ýylda 6,7 million gektar meýdanly ilkinji tropiki tokaýlaryň ýitmeginiň rekord derejesi bellige alyndy, bu bolsa tokaýyň minutda 18 sany futbol meýdançasynyň tizliginde ýitýändigini, munuň hem biologik köpdürlülik, uglerodyň saklanmagy we olara bil baglaýan adamlaryň ýaşaýyş şertleri üçin näderejede düýpli täsirleriň ýetýändigini aňladýar.
Bilýärdiňizmi: Ýerli halklaryň 70 millionyny goşmak bilen, takmynan 1 milliard adam öz ýaşaýyşy üçin tokaýlara bil baglaýar. Sagdyn tokaýlar arassa suwa, azyk önümlerine we dermanlara elýeterliligi üpjün edýär, ygalyň görnüşlerini kadalaşdyrýar hem-de suw joşmalarynyň we topragyň eroziw dargamasynyň öňüni alýar.
Oba hojalygy klimatyň üýtgemegine esasy goşant goşýanlaryň biridir. Onuň paýyna global bugarma gazlarynyň zyňyndylarynyň üçden bir bölegi düşýär. Ol hem biziň sarp edýän süýji suwumyzyň 70%-ini ulanýar, topragyň dargamagyna sebäp bolýar we biologik köpdürlüligiň ýitmegine iň uly itergi berýän pudakdyr.
Muňa garamazdan, her ýyl bütin dünýäde öndürilýän azyk önümleriniň üçden bir bölegi zyňylýar. Şol göwrümiň 13%-i üpjünçilik zynjyrynda, hasyly ýygnamakdan satuw nokadyna çenli ýolda ýitýär. Goşmaça 19%-i - dükanlarda, restoranlarda we öýlerde zyňylýar.
Bilýärdiňizmi: Azyk önümleriniň ýitgileri we zaýalanmagy gaýragoýulmasyz çözülmäge degişli möhüm ekologik meseledir. Bu bütin dünýäde açlyk sebäpli ejir çekýän 783 million adamy iýmitlendirmek babatda elden gidirilen mümkinçilikdir.
Suw klimatik we tebigat çökgünlikleriniň merkezindedir. Klimatyň üýtgeýän şertlerinde ygalyň häsiýetini öňünden çaklamak gitdigiçe kynlaşýar, buz örtükleri we buzluklar has ýokary tizlikli ereýär, suw bilen baglanyşykly tupanlar, suw joşmalary we gurakçylyklar ýaly adatdan daşary howa hadysalary bolsa has ýygy-ýygydan we has güýçli bolýar.
Bularyň ählisi adamlara elýeterli bolan süýji suw serişdelerine täsir edýär, bu bolsa Ýerdäki suwuň diňe 0,5%-ini düzýär. Soňky ýigrimi ýylda her adama düşýän süýji suw 20% azaldy.
Emma dünýäniň käbir sebitleri beýlekilerden has köp täsirlenýär, suw ýetmezçiligi aşa çynlakaý kynçylyk bolup, serişdeleriň çäkliligi sebäpli bäsdeşlik döredip, gapma-garşylygy tutaşdyryp biler.
Bilýärdiňizmi: Häzirki wagtda 2 milliarddan gowrak adam suw ýetmezçilikli döwletlerde ýaşaýar we dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy ýylda iň azyndan bir aýlap agyr suw ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Klimatyň üýtgemeginiň meselesi - saglygy goraýyş pudagynyň meselesidir. Aşa yssydan we howanyň hapalanmagyndan başlap, ýokanç keselleriň ýaýramagyna hem-de azyk we suw üpjünçiliginiň durnuksyzlygynyň ýokarlanmagyna çenli, klimatyň üýtgemeginiň jemgyýetçilik saglygyny goraýyşa köp täsirler ýetýär.
Bu täsirler deňsizligiň dolanyşyklaryny dowam etdirip ýa-da has hem agyrlaşdyryp, döwletleriň içinde we döwletleriň arasynda saglygy goraýyş we durmuş babatyndaky deňsizlikleri ýitileşdirip biler. Pes we orta girdejili döwletler deňeçerli bolmadyk uly ýüki çekýärler. 2050-nji ýyla çenli bu döwletlerde saglyga degişli klimatik täsirleriň möçberi aramlyk maýyllaşma çaklamasyna laýyklykda 21 trillion ABŞ-nyň dollaryna ýetip biler.
Bilýärdiňizmi: Klimatyň üýtgemegi täze we has güýçli kesel ýaýramalarynyň we pandemiýalaryň döwrüniň başyny başlaýar. Mysal üçin, temperaturanyň ýokarlanmagy, kesel göteriji çybynlaryň ozal çybynly bolmadyk sebitlere ýaýrap bilýändigini aňladýar. 2070-nji ýyla çenli bu, goşmaça 4,7 milliard adamyň malýariýa we denge gyzzyrmasyna duçar bolmagyna getirip biler.
Dolanyşykly ykdysadyýete çemeleşmeler adamzadyň sarp edişiniň we önümçiliginiň durnuksyz modellerini üýtgetmek üçin örän wajypdyr. Olar galyndylary we hapalanmany iň pes derejä düşürýär we tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga höweslendirýär.
Bu çemeleşmeler oba hojalygyndan we senagatdan başlap, dokma we gurluşyk pudagyna çenli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ulanylyp, bu prosesde millionlarça täze iş orunlaryny döredýär. 2030-njy ýyla çenli dolanyşykly ykdysadyýet Afrikada 11 million, Latyn Amerikada we Karib deňzinde 8,8 million we Ýewropa Bileleşiginde 2,5 million täze iş orny döredip biler.
Bilýärdiňizmi: Çig mallaryň 7%-den az bölegi ulanylandan soň ykdysadyýete gaýtadan dolanýar. Dolanyşykly ykdysadyýete çemeleşmeleri kabul etmek bilen, döwletler bugarma gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, şol bir wagtda tebigaty gorap we dikeldip, ykdysady mümkinçilikleri açyp bilerler.
Temperaturanyň ýokarlanmagy buz örtükleriniň we buzluklaryň eremegine we deňiz suwunyň giňelmegine sebäp bolýar. Netijede, deňziň global ortaça derejesi 1880-nji ýyldan bäri takmynan 23 santimetr ýokarlandy.
Deňziň derejesiniň ýokarlanmagy bütin dünýäde kenarýaka şäherler we jemgyýetler üçin esasy howpdur. Kenarýaka suw joşmalary, eroziýa we şorly suwuň aralaşmagy infrastruktura zyýan ýetirýär, süýji suw gorlaryny hapalaýar we ekoulgamlara zyýan berýär. Bu täsirler oba hojalygy, balykçylyk we syýahatçylyk ýaly pudaklarda düýpli ykdysady ýitgilere sebäp bolýar, ýaşaýyş-durmuş serişdelerine howp salýar, göçe-göçlügi we migrasiýany döredýär.
Kiçi ada döwletleri bu babatda aýratyn duýgurdyr. Häzirki maýyllaşma derejelerinde hem, Ýuwaş umman adalary indiki 30 ýylyň içinde iň azyndan 15 santimetr deňiz derejesiniň ýokarlanmagyny başdan geçirjekdir. Kenarýaka uýgunlaşmasy käbir zyýany çäklendirip bilse hem, käbir ada döwletleri öz gury ýerleriniň suw astynda galmagy sebäpli olaryň geljekki barlygynyň özi gümanadyr.
Bilýärdiňizmi: Karib deňzinde ýaşaýan ýakyn 22 million adam deňziň derejesinden 6 metrdan pes belentlikde ýaşaýar, we Ýuwaş umman ada döwletleriniň köpüsiniň infrastrukturasy ýarysyndan gowragy kenardan 500 metrlik çäkde ýerleşýär, bu bolsa olary deňiz derejesiniň ýokarlanan halatynda aşa ejiz edýär.
Irki duýduryş ulgamlary siklonlar, suw joşmalary, gurakçylyklar, yssy tolkunlar we tokaý ýangynlary ýaly ýakynlaşýan howplar barada öz wagtynda we iş ýüzünde ulanylaýjak maglumatlary berýär.
Olar artýan klimatik täsirleriň arasynda jemgyýetleriň has howpsuz we has durnukly bolmagyna kömek etmek üçin örän wajyp gurallardyr.
Tupan ýa-da yssy tolkun ýaly aralaşýan howp barada 24 sagat öňünden duýduryş jany halas edip we zyýany 30%-e çenli azaldyp biler.
Bilýärdiňizmi: Pes we orta girdejili döwletlerde irki duýduryş ulgamlaryna diňe 800 million ABŞ-nyň dollary möçberinde maýa goýmak ýylda 3 milliarddan 16 milliard ABŞ-nyň dollaryna çenli ýitgileriň öňüni alar.
Ýerli halklar dünýäniň gury ýeriniň takmynan 25%-ini dolandyrýar we dünýäniň bitewi tokaýlarynyň iň azyndan 36%-iniň ekologik dolandyrylyşyny üpjün edýär. Bu tokaýlar has gowy goralýandygy we tokaýlaryň selçeňlemegi we doly ýitmeginiň has pes depginlerini başdan geçirýändigi sebäpli, olar arassa uglerod siňdiriji hökmünde işlemegini dowam etdirýärler, bu bolsa klimatyň üýtgemeginiň netijelerini aradan aýyrmak babatynda ýerli halklaryň ýerleriniň wajyplygyny ýokarlandyrýar.
Uglerody siňdiriji we biologik köpdürlüligi goraýan bu esasy ekoulgamlary gorap, ýerli halklar dünýäniň galan bölegine köplenç ykrar edilmeýän ekologiki hyzmaty üpjün edýärler we bu has güýçli syýasy goraga we maliýe goldawyna mynasypdyr.
Bilýärdiňizmi: Tebigaty goraýyş babatyndaky çözgütler we dolanyşykly ykdysadyýet müňýyllyklaryň dowamynda ýerli halklaryň durmuşynyň bir bölegi boldy, we bu bilim klimatyň üýtgemegine garşy hereket etmek babatynda esasy serişde bolup durýar.
Nahar bişirmek üçin arassa tehnologiýalaryň elýeterliligi - diňe bir energetikanyň meselesi däldir. Munuň özi saglygy goraýyş, gender meseleleri we adam hukuklary babatyndaky meselesi hem bolup durýar.
Elektrik energiýasynyň elýeterliligi giňelýän bolsa hem, nahar bişirmek üçin arassa çözgütleriň elýeterliligi pes bolmagynda galýar. Takmynan 2,3 milliard adam, ýa-da dünýä ilatynyň 26%-i, häzirki wagtda agaç we kömür ýaly ýönekeý ýangyçlary ulanyp naharyny bişirýär. Bu ýangyçlar tokaýlaryň egsilmegine sebäp bolmak bilen bir hatarda, ýakylanda zyýanly tüsse çykarýar, ýylda 3,7 million adamyň, esasan aýallaryň we çagalaryň hataryndan, wagtyndan öň ölümine sebäp bolýar.
Mundan başga-da, aýallaryň bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi we garaşsyz bolmaklary babatyndaky mümkinçilikleri bu ýangyjy yzygiderli ýygnamak üçin zerur bolan wagt bilen çäklendirildi.
Bilýärdiňizmi: Agaç we kömür peçleriniň deregine has arassa alternatiwalaryň ulanylmagy Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda ýylda iň azyndan 463 000 ölümiň we saglygy goraýyş maksatlary üçin 66 milliard ABŞ-nyň dollary möçberindäki çykdajylaryň öňüni alyp biler.
BMG-niň Halkara Kazyýeti, özüniň taryhy çözgüdinde döwletleriň klimatyň üýtgemegine sebäp bolýan bugarma gazlarynyň zyňyndylaryndan daşky gurşawy goramaga borçludygyny karar etdi.
Klimatyň meseleleri boýunça taryhda iň iri kazyýet önümçiligi hasaplanan kazyýet işi Ýuwaş umman adalaryndan 27 sany talyp tarapyndan we Wanuatu milletiniň ýolbaşçylyk etmeginde gozgaldy. Şol iş klimatik meseleler babatyndaky adalatyň üstün çykmagy we ýagdaýy oňyn tarapa üýtgetmäge ukyply ýaşlaryň güýji diýip yglan edildi.
Bilýärdiňizmi: Adamlar klimatyň üýtgemegine garşy hereketleriň dinamikasyny üýtgetmek üçin çözgüt hökmünde barha köp kazyýetlere ýüz tutýarlar. 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli 65 ýurisdiksiýada klimat bilen baglanyşykly 2180 sany iş gozgaldy.
Uglerod zyňyndylaryna nyrhyň emele getirilmegi - bugarma gazlarynyň zyňyndylarynyň daşarky harajatlaryny hasaba alýan we olary bahasy arkaly çeşmesine baglaýan guraldyr. Munuň özi klimatyň üýtgemegi sebäpli dörän zyýanyň ýüküni oňa jogapkär taraplaryň üstüne atmaga kömek edýär.
Uglerod zyňyndylaryna nyrhyň emele gelmegi uglerod bazarlary üçin ykdysady esasdyr, çünki ol uglerod karzlary hökmünde satylyp bilinjek zyňyndylary azaltmagyň gymmatyny kesgitleýär.
Häzirki wagtda ugleroda gönüden-göni kesilen nyrh global bugarma gazlarynyň zyňyndylarynyň takmynan 28%-ini öz içine alýar, bu bolsa döwletlere maliýeleşdirmäge we durnukly ösüşe maýa goýmaga ýardam berýär.
Bilýärdiňizmi: Uglerodyň zyňyndylaryna kesilen nyrhlardan alnan girdejiler 2024-nji ýylda 100 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçdi. Döwlet býujetleri üçin döredilen bu girdejiniň ýarysyndan gowragy daşky gurşaw, infrastruktura we ösüş babatyndaky taslamalara gönükdirildi.
Klimatyň üýtgemegi biologik köpdürlülikde öwezini dolup bolmajak üýtgetmelere getirýär. Temperaturanyň ýokarlanmagy, ygalyň häsiýetiniň üýtgemegi we tokaý ýangynlarynyň has uzak möwsümleri janly jandarlaryň ýaşaýyş ýerlerini we görnüşler arasyndaky özara täsirleri üýtgedýär we tutuş ekoulgamlary durnuksyzlaşdyryp biler.
Netijede, köp sanly görnüş ýok bolup gitmek howpy astyndadyr, we global ortaça temperatura 1,5°C-den ýokarlanan ýagdaýynda bu sanyň çalt artmagyna garaşylýar. 5°C ýokary maýyllaşmagyň çaklamasyna laýyklykda, Ýerdäki ähli görnüşleriň 29%-den gowragy ýok bolup gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Bilýärdiňizmi: Klimatyň üýtgemegi we ýaşaýyş ýeriniň ýitirilmegi, ikisi hem adam işjeňligi sebäpli, Ýeriň altynjy köpçülikleýin gyrylmagyna getirýär. Planeta öň bäş sany köpçülikleýin gyrylma hadysasyny başdan geçirdi, iň soňkusy 65,5 million ýyl ozal, dinozawrlaryň ýok bolan wagtynda bolup geçdi.
Çagalar we 30 ýaşdan kiçi ýaşlar dünýä ilatynyň ýarysyny düzýär. Klimatyň üýtgemegi olaryň durmuşynyň her bir tarapyna, olaryň nirede ýaşajakdygyndan we nähili bilim aljakdygyndan başlap, näme bilen meşgullanyp pul gazanjakdygyna we hatda öz çagalarynyň bolup-bolmajakdygyna çenli täsir eder.
Köp ýaşlar klimatyň üýtgemegine täsirlenip hereket etmekligiň gaýragoýulmasyz häsiýetli we planetar derejede bolmalydygyna akyl ýetirýärler. Olar başlangyç jemgyýetçilik hereketlere ýolbaşçylyk edýärler, klimatyň üýtgemeginiň meselesine bagyşlanan global gepleşiklere gatnaşýarlar we özgertmeleri üpjün edýän innowasion çözgütleri öňe sürýärler.
Bütin dünýäde çözgütleri kabul edijiler olaryň talaplaryny diňlemäge we olaryň geljegini goramak üçin hereket etmäge borçludyrlar. Adamzat klimatyň üýtgemeginiň netijelerinden ejir çeken planetada gülläp ösüp bilmez. Klimatyň üýtgemegine garşy şu wagtdan hereket etmäge başlan döwletleriň ykdysadyýetleri geljekde iň ösen ykdysadyýetler bolar.
Klimatyň üýtgeýändigi barada 30 ýyldan gowrak dowam eden gepleşiklerden soň, pes uglerodly, howpsuz we adalatly geljegi gurmaklyga ömrümizi bütinleý bagyşlamagyň wagty geldi. Çünki, durmuşymyzyň ähli taraplarynda we çagalarymyzyň durmuşynda #KlimatyňÄhmiýetiUly.