Laçynyň arzuwlary

June 9, 2020

Maýyplyk oturgyjynda ýylgyryp otaga giren Laçynyň ruhubelentligi onuň yüzüne ýaňsap durdy. Dogumly, maksada okgunly, geljege umutly bakýan gözleri onuň öz hyýallaryna ýetmek üçin aşylmajak dagyň ýokdygy älem-jahana jar edýän ýalydy.

Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasy “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnamasynyň çarçuwasynda Laçyn we oňa meňzeş durmuş hyzmatlaryna mätäç adamlaryň hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryny gazanmaga çalyşýarlar. Bu maksatnama Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýolbaşçylyk edýär we BMG-niň dört sany edarasy, ýagny Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy hyzmatdaşlyk edýär. Bilelikdäki Maksatnamanyň çarçuwasynda milli gymmatlyklary göz öňünde tutup, durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze modelini döretmek, ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmek üçin işçi güýjini artdyrmak, hem-de durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze modelini durmuş taýdan goraglylyk ulgamyna girizmek üçin kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk binýadyny güýçlendirmek arkaly Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny özgertmek göz öňünde tutulýär.

“Birinji topara degişli maýyplygym bolmagyna garamazdan, men oglumy ýeke özüm kemala getirdim we ol häzir başlangyç synpda okaýar. Çagakam uzak wagtlap maýyp çagalar üçin niýetlenen mekdep-internadynda ýatymlaýyn okamaly boldum we entägem maşgalamdan uzakda ýaşamak bilen bagly başdan geçiren kynçylyklarymy ýatdan çykaryp bilemok” diýip, Laçyn ýatlaýar.

Eger Laçyn we onuň maşgalasy ýerli derejede berilýän hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryndan peýdalanan bolsalardy, onda köp çagaly maşgalada dünýä inen Laçynyň durmuşy, belki-de, başgaça bolardy. Edil Laçyn ýaly ýerli derejede berilýän durmuş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilikleri bolmandygy sebäpli maýyplygy bolan köp çagalar, ýeke ýaşaýan gartaşan ýa-da maýyplygy bolan adamlar ýörite edaralara ýerleşdirilip, doly döwlet üpjünçiliginde ýaşamaly bolýarlar.   

“Men maýyplyk boýunça berilýän döwlet kömek puluny alýaryn. Oglumy ýeke özüm terbiýeläp ýetişdirýändigim üçin türkmen milli lybaslaryna nagyş etmek arkaly goşmaça girdeji etmäge çalyşýaryn. Gynansagam, biynjalyk edýän agyrylaryň arkamda köpelýändigi sebäpli bu işiň üstünde uzak wagtlap oturyp bilemok,” diýip, Laçyn aýdýar.

Ýörite edaralarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn döwlet üpjünçiliginde ýaşamak hem-de döwlet tarapyndan berilýän kömek puluny almak durmuş kömegine mätäç adamlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan ähli kynçylyklaryna çözgüt bolmaýar.  Durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça gazanylan halkara tejribe ýerli derejede berilýän hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlarynyň kömege mätäç adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryna çözgüt tapmaga we öz ýaşaýan ýerlerinde özbaşdak durmuşlaryna dowam etmäge ýardam edýändigini görkezýär.

Bilelikdäki maksatnamanyň çarçuwasynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan işe alnan 45 sany durmuş işi boýunça hünärmen hem-de polisiýa işgärleri, mugallymlar, we saglyk işgärleri ýaly durmuş işi bilen bagly hünärmenler topary durmuş işi boýunça okuw geçerler. Şeýle-de, durmuş işi boýunça hünärmenler durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça çuňlaşdyrylan we ýöriteleşdirilen okuwa gatnaşarlar. Mundan başga-da, durmuş işi boýunça menejerler we döwlete degişli we döwlete degişli däl edaralardan durmuş işini üpjün edijiler hem degişli gysga möhletli okuwlara gatnaşyp, durmuş işini dolandyrmak boýunça hünär bilimlerini artdyrarlar. Ýurdumuzda häzirki bar bolan durmuş hyzmatlaryna seljerme bermek arkaly durmuş taýdan hyzmat etmegiň täze modeli işlenip düzüler we onuň esasy elementleri synag ediler. Şeýle-de, bu maksatnama Laçyn ýaly durmuş taýdan edilýän hyzmatlardan peýdalanýanlar üçin şahsy ideg we özbaşdak ýaşamaklygy goldaýan durmuş hyzmatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk binýadyny güýçlendirmäge goşant goşar.

“Men oglumyň we öz geljegimiň ýagty boljagyna ynanýaryn. Munuň üçin men köp işlemek isleýärin. Hemişelik işimiň we öz jaýymyň bolmagyny arzuw edýärin. Meniň aýdym aýtmaga we tans etmäge bolan höwesim meniň ýaly ýagdaýa düşen köp adamlara öz ukyplaryna bolan ynamy we durmuşlaryny gowulandyrmaga bolan höweslerini artdyrmaga ýardam edýär” diýip, Laçyn öz isleg-arzuwlaryny beýan edýär.

Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny özgertmek Laçyn ýaly durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga bolan mümkinçiliklerini artdyrar. Munuň üçin BMG-niň edaralary milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny berýän işçi güýjini artdyrar we durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze modelini Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyna girizmek üçin kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk binýadyny güýçlendir.