Howanyň üýtgemegine garşy ýerli hereketleriň mümkinçiliklerini giňeltmek

June 12, 2019

2019-njy ýylyň başy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda örän ygally bolup, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda 33 mm-den gowrak ygal ýagypdy.

Source: World Weather Online

Häzirki wagtda Amyderýa suwdan doly, pagta we bugdaý şu ýyl gowy hasyl bermegine garaşylýar. Gynansak-da, şu ýyl şeýle bolmady. Soňky onýyllygyň dowamynda ygalyň pes derejesi guraklyga, şorlaşma, çölleşmä we her gektardan alynýan hasylyň mukdarynyň peselmegine getirdi. Netijede, ýerli daýhanlar we çopanlar girdejileriň peselmeginden ejir çekýärler we ýaşaýyş üçin serişdeleriň alternatiw çeşmelerini gözlemäge mejbur bolup, ykdysady işjeňligiň däp bolan zolaklaryndan daşlaşýarlar.   

Meselelere gözegçilik edip we olary seljerip, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Bütindünýä Ekologik gaznasy bilen birleşip, ýerli jemgyýetlere howanyň üýtgemeginiň olaryň durmuşyna ýetirýän täsirini azaltmagyň alternatiw ýollaryny teklip etdi.  

Biz ol ýere ilkinji gezek 2017-nji ýylda gelenimizde, batgaly oba-hojalyk ýerlerini, guran ownuk ýaşyl agaçlary we öň bol hasyl beren meýdanlarda ösýän pagta bilen bugdaýyň seýrek meýdançalaryny gördük.

Şeýle hem, kanallara ýerleşdirilen zeýkeş suwlarynyň meýdanlaryň batga öwrülmegine we ekinleriň kadaly ösmegine ýol bermeýän ullakan duzly suw derýasyny emele getirendigine şaýat bolduk.

“I am a farmer for the last 37 years. Gradually, farming became more and more difficult in the past 10 years. The soil is dry and salty, water levels rise, it became extremely hard to keep up the amount of yield that we need to grow,” tells Dadebay, local farmer. “In the good year, a farmer can harvest around 18-20 centers of cotton from 1 ha. When the weather conditions are bad, we receive roughly 10 centers from 1 ha.”

 

Iki ýyl geçenden soň, biz Daşoguza başga bir wakanyň şaýady bolmak üçin geldik. Ýerli ilat öz baglarynda we öýleriniň töweregindäki çäklerinde gök önümleri we miweli agaçlary ösdürip başlady, meýdanlarda sentýabr aýynda ýetişjek bugdaý gögerip otyr, käbir otluklar ýakyndaky wagtda bagy-bossanlyga öwrüler, çünki ýaňy-ýakynda bu ýerlerde pagta ekildi. Ýaşaýjylaryň köpüsiniň häzirki wagtda süýt berýän iri şahly mallary bolup, olar gatyk we beýleki süýt önümlerini ýerli bazarlarda satýarlar.

Şeýle üýtgeşmeleriň sebäbi näme?

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Bütindünýä Ekologik gaznasynyň “Türkmenistanyň gurak sebitleriniň oba-hojalyk jemgyýetlerinde howa şertlerine durnukly ýaşaýyş serişdelerini üpjün etmek” atly taslamasy 2017-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk daýhan birleşiginde we Garagum maldarçylyk fermasynda öz işini başlady. Ýagtylyk daýhan birleşigi bugdaýy we pagtany ekmek üçin ulanylýan we umumy meýdany, takmynan, 3000 gektara deň bolan sekiz sany obadan ybarat. Garagum maldarçylyk fermasy 880 gektar öri meýdanlardan we 100 gektara golaý sürüm meýdanlardan ybarat bolan we uzak çöllük ýerlerde ýerleşen üç sany obadan ybarat.     

Ähli zat ýerli jemgyýetler, ýerli gyzyklanýan taraplar bilen tanyşmaklygyň we olaryň meselelerini öwrenmekligiň başlangyjy bolup durýar. Bu işleriň ählisi jemgyýetleriň öz meselelerini özleriniň çözmekleri üçin mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen olaryň bilimini, tejribesini we kuwwatyny ulanmagyň esasynda amala aşyryldy.

Jemgyýetiň resmi we resmi däl öňdebaryjylary (BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Türkmenistan/5-nji surat) BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň topary bilen ýerli daýhanlaryň arasynda ynamy pugtalandyrmakda aýgytly orun tutdy. Ikitaraplaýyn ynam kemala gelenden soň, doly göwrümli işler ýerine ýetirilip başlandy.

Ýerli jemgyýetler bilen bilelikde, toparlar goldaw beriş işlerini teklip etdiler. Bu işler ýerli potensialynyň ösdürilmeginden we infrastrukturanyň dikeldilmeginden ybarat. Şeýlelik bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýerli daýhanlara ýardam berjek we ýüze çykan meselelere iň talabalaýyk jogap berip biljek ýerli maslahat beriş merkezlerini esaslandyrdy. Şol bir wagtda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ýerli jemgyýetler infrastrukturany dikeltmek boýunça iň gowy netije berip biljek ýerli başlangyçlary kesgitlediler.   

Netijede:

1.       Uzynlygy 30 km bolan drenaž kanaly arassalandy;

2.       Suwy tygşytlaýjy 6 sany enjam gurnaldy;

3.       25 gektara deň bolan oba-hojalyk meýdanynda topragy tekizlemek işleri geçirildi;

4.       Garagum maldarçylyk hojalygynyň suwarylýan çäginden esasy howdana suwy geçirmek üçin 2 km gowrak çäkde suw sorujylary, transformator we elektrik geçirijiler gurnaldy;

100-den gowrak daýhan yzygiderli gepleşikleriň we öri meýdanlar bilen baglanyşykly günleriň çäklerinde, oba-hojalyk we suwaryş işlerini alyp barmagyň häzirki zaman usullary babatdynda maslahat aldy. Bu çäreleriň dowamynda ýerli daýhanlar, alymlar we ýerli guramalaryň hünärmenleri suwy we topragy oýlanyşykly ulanmagyň ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Men öz ýerimiň bol hasyl getirmegini isleýändigim üçin, bu maksatnama goşuldym. Meniň 1,5 gektar ýerim bar we eger ähli zat gowy bolsa, biz 1 gektar ýerden 20-25 sentner bugdaý alyp bileris. Taslamanyň maslahaty boýunça, men soýa noýbasyny ekdim, olar topragymyň dikelmegine ýardam berer, hasyly bolsa men maldarçylyk hojalygy bolan daýhana sataryn” diýip, Dädebaý düşündirýär.

Şeýle çäreler ýerasty suwlaryň derejesini we şorlulygy peseltmäge ýardam berer. Ondan başga-da, taslama suw baýlyklarynyň netijeli hem-de deň paýlamagyny üpjün etdi. Netijede, ýerli obalaryň ýaşaýjylary indi pagta bilen bugdaýyň adaty oba-hojalygyny ýöredip, şeýle-de gök önümleri we miweli agaçlary ekip, öz hasyllaryny satyp bilýärler. Bu bolsa öý hojalyklara alternatiw girdejileri almaga mümkinçilik döredýär. Ykdysady şertleri ösdürmek üçin, daýhanlar teplisalary döretmek ugrunda bilelikde maliýeleşdirme üçin mümkinçilikleri gözleýärler.

“Dogry girdeji aljakdygym üçin pulumy goýmaga taýyn. Bu gezek taslama soýa tohumyny satyn almak üçin 500 ABŞ dollary töledi we men traktoryň, işçi güýjüniň kärendesine we dogry suwarmagy üpjün etdim. Daýhanlaryň ýylda bir gezek aýlyk alýandyklaryna garamazdan, bu puluň maňa gaýdyp geljekdigine ynanýaryn. Mundan başga-da, taslama pul gazanmagyň alternatiw usullary barada pikirlenmäge we hasylymyň her böleginiň pul gazanylandygyna göz ýetirmäge kömek edýär "-Dädebaý dowam etýär..

Mundan beýläk çäkde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri durnukly we ulgamlaýyn çözmek üçin ýerli potensialy kuwwatlandyrmakda we taslama tamamlanandan soň BMG-niň Ösüş maksatnamasy Daşoguzda ýerleşen Oba-hojalyk instituty bilen oba-hojalyk we maldarçylyk pudaklarynda ylmy-barlaglara goldaw berjek hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Oba-hojalyk instituty alymlaryň we 1200 sany talybyň ylmy potensialyny ýokarlandyrýar. Institut damjalaýyn suwaryş ulgamynyň üsti bilen suwuk dökünleriň ulanylmagyny ýola goýdy, şeýle-de howa şertlerini öňünden bilmek üçin meteobeketlerini ulanýar we öz enjamlaryny daýhanlara berýär.

 

“Biziň institutymyz sebit üçin täze tehnologiýalary girizýär. Häzirki wagtda biz miweli agaçlar üçin damjalaýyn suwaryş usulyny barlagdan geçirýäris. Taslamanyň goldaw bermeginde, biz enjamlary satyn aldyk we dürli topraklarda, şol sanda toýunly we çägeli topraklarda ýaşy üç we dört ýyla deň bolan agaçlaryň barlagyny geçirýäris. Aram-aram ýerli daýhanlar bize ýüz tutýarlar we biz uly höwes bilen öz bilimimizi paýlaşýarys” diýip, Oba-hojalyk institutynyň mugallymy Aýnabat Ataýewa aýdyp berdi.

Geljekde, institut Daşoguz şäherinde oba-hojalygy we maldarçylygy alyp barmagyň durnukly usullary, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmagyň usullary boýunça maglumat binýady bolup hyzmat eder.

Biziň sebitdäki işimiz tebigy baýlyklaryndan durnuksyz ýagdaýda peýdalanylmagy we oba-hojalyk sektorynda ýüze çykýan kynçylyklar zerarly ýüze çykan howa şertleriniň üýtgemeginiň ýerli daýhanlara ýetirýän täsirini azaltmaga ýol açýar. Biz bar bolan meseleleri çözmek we geljekde ýüze çykyp biljek howplary azaltmak üçin, suw we ýer baýlyklaryny ýerlikli ulanmaga, täze tehnologiýalary we innowasiýalary girizmäge, tebigy baýlyklary dolandyrmagyň durnukly, jogapkärli we talabalaýyk usullaryny ulanmaga sebitlere ýardam berýäris.