Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak

Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda halkara borçnamalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy özgertmek arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, höweslendirmek we durmuşa geçirmek ulgamlaryny kämilleşdirmek, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

Hususan-da, Taslama Adalatçynyň diwanynyň Pariž ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny goramak boýunça garaşsyz we netijeli wezipelerini pugtalandyrmaga gönükdiriler.

Taslama durmuşa geçirilýän döwründe BMGÖM BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (AHÝKM), Milli hukuk goraýjy edaralarynyň global bileleşigi (GANHRI) we milli hukuk goraýjy edaralaryň sebitleýin ulgamlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk eder we öş işini şolar bilen utgaşykly alyp barar. Taslama adam hukuklary babatynda bar bolan milli we halkara mehanizmlerini mündan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam eder.

Taslamanyñ çäklerinde üç netije gazanylar diýlip garaşylýar,

Taslamanyñ çäklerinde, ýokarda beýän edilen bölekleriň çäklerinde  şu netijeler gazanylar:

Netije 1. Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiligi pugtalandyryldy.

Netije 2. Hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn hem derňew we jeza çärelerini ýerine ýetirmek wezipelerini amala aşyrýan edaralaryň işgärlerini, kazylary, adwokatlary adam hukuklary ulgamynda halkara hukugynyň kadalary barada habarly etmegi ýokarlandyrmak arkaly Adalatçynyň diwany bilen hukuk goraýyş edaralarynyň hyzmatlary pugtalandyryldy.

Netije 3. Ilatyň giň gatlaklarynyň adam hukuklary, Adalatçynyň wezipeleri we işi baradaky bilimleri we habarlylygy ýokarlandyryldy.

Aýal-gyzlaryň hukuklary barada habardarlygy ýokarlandyrmak

Taslama, aýallaryň we gyzlaryň hukuklary barada habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri öz içine almak bilen, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan işleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hususan-da, taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň aýal-gyzlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin okuw maslahatlary geçirildi we aýallaryň we gyzlaryň esasy hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly şikaýatlar boýunça maglumatlar ýygnaldy. Şikaýatlar esasan hem zähmete bolan hukuklar we ýaşaýyş jaýa bolan hukuklar bilen baglydyr.

Bu taslamasynyň çäginde, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda aýallaryň we gyzlaryň ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna deň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen bagly hukuklarynyň öňe sürilmegini dowam etdirer.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bu taslamanyň ikinji tapgyrynyň üstünde işleýär.  Taslamanyň ikinji tapgyry hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny, şol sanda azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jeza çekýän aýallaryň hukuklaryny goramaga gönükdiriler. Şeýle hem, taslamanyň indiki tapgyry Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak ugrunda işleýän jemgyýetçilik birleşikleriň gatnaşmagynda Milli öňüni alyş mehanizminiň döredilmegini öwrenmäge gönükdiriler.

Impact

START DATE

October 2020

END DATE

May 2023

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Ombudsperson's Office of TKM

DONORS

Dept of Forgn Afrs Trade & Dev

GOVERNMENT OF FINLAND

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

Unspecified

TOTAL CONTRIBUTIONS

$215,095

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2020$0

2021$68,804

2022$73,375

2023$20,938

Full Project information