Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin lukmançylyk önümlerini satyn almak arkaly Türkmenistanyň ilatyna ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny amala aşyrmak.

Taslamanyň maksatlary

Taslamanyň maksady, inçekesel, AIDS, köpeliş saglygy, howpsuz gan we gepatit C wirusy üçin üznüksiz we ýokary hilli üpjünçilik arkaly Türkmenistanyň ilaty üçin ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Taslama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin saglyk hyzmatlaryny tutuş ýurt boýunça degişli gulluklaryň zerurlygy üçin satyn alar.

Düşündiriş

Türkmenistanyň hökümeti inçekesele we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmegi maksat edinýär we degişli maksatnamalaryň köpüsini maliýeleşdirýär. Saglygy goraýyş ulgamayna yzygiderli içerki maliýeleşdirmäniň köpelmegi ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek möhüm faktorlaryň biridir. “Saglyk” maksatnamasynyň çäginde inçekesele garşy göreşmek, ýiti dem alyş kesellerine we jyns ýollary arkaly geçýän ýokançlyklara garşy degişli çäreleri geçirmeklik ähmiýet berilýär. Maksatnamanyň çäginde onko we süýji keselli, wirusly gepatiti, inçekeselli, gemofiliýaly we beýleki näsaglar üçin derman serişdeleri bilen üpjünçiligini  maliýeleşdirmegi gowulandyrjakdygy bellidir.

BMGÖM-iň üsti bilen satyn alyşlar aşakda beýan edilenlere dogry gelýändir: 1) saglyk önümleriniň ýokary hilini üpjün edýär, sebäbi BMGÖM önümleri BSGG tarapyndan tassyklanan we daşky gurşawy goramak ülňülerine laýyk gelýän önüm öndürijilerden satyn alýar; 2) ykdysady netijelilige ýetýär, sebäbi korporatiw derejede, BMGÖM öndürijiler bilen uzak möhletleýin şertnamalary baglaşýar we köp ýurt üçin konsolidirlenen sargytlary etmek arkaly pes bäsdeşlik bahalary barada gepleşikleri  geçirmäge mümkinçilik berýän; şeýle hem BMGÖM halkara ýük ekspeditorlary bilen uzak möhletleýin şertnamalary baglaşýar, bu önümleri wagtynda we bahany tygşytlamak we temperatura talaplaryna laýyklykda daşamaga mümkinçilik berýär; 3) satyn almalary, töwekgelçilikleri dolandyrmagy, ätiýaçlandyryş we maliýe dolandyryşyny aç-açan üpjün etmegi.

Impact

START DATE

April 2019

END DATE

December 2022

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Ministry of Health,Turkmenist

DONORS

MINISTRY OF HEALTH OF TURKMENISTAN

TOTAL CONTRIBUTIONS

$14,219,435

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2019$4,204,136

2020$5,406,123

2021$1,719,708

Full Project information