Türkmenistanda sanly döwlet hyzmatlarynyň ösmegine ýardam etmek

Taslamanyň maksatlary

Bu synag taslamasynyň maksady, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny bellige almak boýunça ulgamyň hyzmatlaryny sanlaşdyrmak we Türkmenistanyň Adalat ministrligi üçin Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň Bitewi döwlet reýestrini (mundan beýläk – RÝNÝ-nyň Bitewi Reýestri) döretmäge kömek etmekdir. Bu ulgamyň synagdan geçirilişiniň barşynda RÝNÝ-nyň geljekki Bitewi Reýestriniň özeni dörediler we bu ulgamyň işe ýarawlylygy we netijeliligi görkeziler. Synag taslamasy saýlanan çäkde başladylar.

Sanly ulgamyň döredilmegi, Türkmenistanyň “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” kanunynda bellenilişi ýaly, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyna laýyklykda RÝNÝ-nyň Bitewi Reýestrini döretmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şu taslamanyň çäklerinde BMGÖM raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny bellige almak boýunça sanly ulgamy döretmek we ornaşdyrmak boýunça degişli tehniki kömegi we goldawy Türkmenistanyň Adalat ministrligine berer.

Garaşylýan netijeler

Netije №1

ÝUNISEF bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny bellige almagyň ulgamyny milli derejede sanlaşdyrmak boýunça ýol kartasy taýýarlandy, şeýle hem bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň seljermesi geçirildi. Bu işi dünýäniň iň oňat tejribesini göz öňünde tutup, halkara hünärmenleri geçirdi.

Netije №2

Web hyzmaty – RÝNÝ-nyň Bitewi Reýestri işlenip taýýarlanylar we synag ulanyşa giriziler. Bu synag ulgamy, RÝNÝ-nyň Bitewi Reýestri atly geljekki milli ulgamyň özeni bolup hyzmat eder. Şeýle-de BMGÖM milli hyzmatdaşyny bu synag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan serwer enjamlary bilen üpjün eder we tehniki işgärler üçin okuw geçirer.

Şeýle hem bu taslamanyň çäginde raýat ýagdaýynyň namalarynyň bar bolan kagyz ýazgylaryny sanlaşdyrmagyň tehniki mümkinçiligi öwreniler, usulyýet saýlanyp alnar we raýat ýagdaýynyň namalarynyň bar bolan ýazgylarynyň saýlanan mukdarynyň synag sanlaşdyrylmasy geçiriler.