Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar üçin iş üpjünçiligi: bilim almak we iş bilen üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri ýaýbaňlaşdyrmak üçin jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek

 

Maksady

Bu taslamanyň maksady hünär taýýarlygyny we täze iş mümkinçiliklerini döretmek arkaly Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar üçin iş üpjünçiligi we girdeji gazanmak ýaly mümkinçilikleri artdyrmakdyr.

Taslama Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Aşgabat, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki üç sany jemgyýetçilik kärhanasynyň agzalaryna giňden goldaw bermek we habardarlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem hünär öwredýän bilim edaralary, hususy pudak we karar berijiler ýaly beýleki esasy gyzyklanýan taraplaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň guramaçylyk ukybyny ösdürmek ugrundaky ykdysady çärelerini gowulandyrar.

Garaşylýan netijeleri

Taslama aşakda görkezilen netijeleri gazanmak üçin gönükdiriler:

  • Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň öz agzalaryna ýokary hilli hünär okuwyny we mynasyp iş orunlaryny elýeter etmegi üçin ukybyny artdyrmak;
  • Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň üç sany saýlanan okuw we önümçilik kärhanasy döwrebaplaşdyrylan we enjamlaşdyrylan;
  • Hünär endiklerini öwredýän okuwyň, iş üpjünçiligiň we maýyplygy bolan adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen açyk bazara geçmegiň dowamly nusgasynyň bolmagy üçin saýlanan kärhanalar üçin özgertmeler meýilnamasy.