2021-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada Ylalaşyk

Bu taslama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligine 2021 - 2023-nji ýyllar aralygynda saglyk hyzmatlaryny üpjün etmek üçin saglyk önümleri satyn almakda tehniki goldaw berer:

  • Inçekesele;
  • AIDS we reprodutiw saglygyna;
  • Howpsuz gan tabşyrmaga/geçirmäge;
  • Wirusly gepatit C;
  • Zerur bolsa beýleki saglyk edaralaryna;

Taslama, AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşmek üçin Global gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän BMGÖM inçekesel taslamasynyň üstüni ýetirer we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Global gaznanyň inçekesel maksatnamasynyň içerki maliýeleşdirilmegine, şol sanda tehniki kömek, mümkinçilikleri artdyrmak, raýat jemgyýeti guramalary bilen sosial şertnama we inçekesel bilen kesellänlere Türkmenistanda Global Gaznanyň maksatnamasynyň hilini, dowamlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin goldaw bolup durýar.

Häzirki wagtda üznüksiz we hil taýdan kepillendirilen saglyk hyzmatlary dünýäde aýratyn alada döredýär, sebäbi COVID-19 pandemiýasy global önümçiligiň we haryt daşamagyň kesilmegi sebäpli “üpjünçilik zarbasyna” sebäp boldy. Bu taslamada saglyk önümleriniň satyn alynmagy, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny (CPRP) hem Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny (SERP) durmuşa geçirilmegine goşant goşar sebäbi olaryň ikisi-de Türkmenistanyň ilaty üçin zerur saglyk hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň üpçünçiligini iň esasy mesele hökmünde kesgitleýär.

Impact

START DATE

July 2021

END DATE

December 2023

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Ministry of Health,Turkmenist

DONORS

MINISTRY OF HEALTH OF TURKMENISTAN

TOTAL CONTRIBUTIONS

$8,552,176

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2021$1,205,842

Full Project information