Türkmenistanda ýerli derejede täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek: gazanylan üstünlikler we ýüze çykan kynçylyklar

October 18, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-i: Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edýän Türkmenistanyň Hökümetiniň we hökümete dahylsyz edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinden gelen täze durmuş işi boýunça hünärmenler BMG we Türkmenistanyň bilelikdäki “Ýerli derejde öz içine alyjy ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” maksatnamasynyň çäginde hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça maslahat bermek üçin geçirilen bir günlük onlaýn sessiýasynda ýerli derejde täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek ugrunda gazanylan öňegidişlikleri we ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada pikir alyşdylar. Bu sessiýa Bolgariýanyň jemgyýetçilik çäreleri we tejribeleri institutynyň hünärmenleri, milli tälimçiler, şeýle hem Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldar berýän BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan geçirildi.

Interaktiw çekişmeler Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýän BMG-niň düzümleýin edaralarynyň maliýeleşdirmegi bilen Türkmenistanda synagdan geçirilýän 12 sany täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň iň agyr ýagdaýlaryna gönükdirildi. Duşuşygyň täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny hödürleýän gatnaşyjylary durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan käbir ulanyjylarynyň maşgalalaryna we jemgyýetlerine täzeden goşulmagy bilen tejribeleri we ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary bilen paýlaşdylar, beýleki synag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň agyr durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmegiň alternatiw ýollary barada amaly maslahatlaryny diňlediler we Bolgariýanyň jemgyýetçilik çäreleri we tejribeleri institutynyň hünär boýunça beren maslahatlaryny aldylar. Sessiýanyň gatnaşyjylary bilim we tejribe alyşmak üçin durmuş hyzmatlaryny üpjün edijileriň we ulanyjylaryň peýdasyna şular ýaly çäreleri synag döwründe we ondan soň geçirilmeginiň dowam etdirilmegi barada ylalaşyga geldiler.

Onlaýn görnüşde geçirilen maslahat beriş sessiýasy Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýän BMG-niň beýleki düzümleýin edaralarynyň goldawy bilen, Türkmenistanda täze dörän milli durmuş hyzmatlary boýunça işi alyp barmak üçin BMGÖM tarapyndan geçirilen 10 aýlyk giňişleýin okuw meýilnamasynyň tamamlanandygyny görkezýär. Başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen bu çäräniň maksady ýerli derejde öz içine alyjy ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny döretmek üçin Türkmenistanyň durmuş hyzmatlary bilen üpjün ediş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermekden ybaratdyr, esasan hem maýyplygy bolan çagalaryň, ene-atasyz çagalaryň, ene-atalaryndan aýyrylmak töwekgelçiligindäki çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we goldawa mätäç bolan gartaşan adamlaryň, jyns esasynda zorluga sezewar bolan zenanlaryň, şeýle hem howp astyndaky ýaşlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdyr.

***

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.