BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine goldaw berýär

May 31, 2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň 30-na BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin kadalaşdyryjy tehniki resminamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly onlaýyn okuw maslahaty  geçirildi.

Energetika minstrliginiň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary webinara gatnaşdylar.

Webinaryň maksady gatnaşyjylara Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek barada we  gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryny we iň oňat tejribelerini işläp taýýarlamak, eletrik energiýasy ulgamyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ulanmagy ösdürmek barada alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň barşynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi, şol sanda ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” (2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan) hakynda, “Gaýtadan dilekdilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanuny (13.03.2021ý sene-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi) we “Energiýa netijelilik we energiýany tygşytly ulanmak” hakynda Türkmenistanyň täze kanunynyň taslamasy barada habar berildi. 

***

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirlýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama şäherleriň durnukly ňsdürilmegine hem-de şäherleriň ösmegi bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga, ýagny ýurdumy sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaryň çäklerinde, daşky gurşawa zyňylýan parnikemekegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, energiýany tygşytly ulanmak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa gözegçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek, galyndylary durnukly dolandyrmak, ulag ulgamyny durnukly ösdürmek işlerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy ösdürmek we energiýa netijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrikenergetikasy ulgamyna ornaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri daşky gurşawa zyňylýan parnikemelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýär, şonuň bilen baglylykda, klimat boýunça Parij ylylaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň geçirýän ekologiki çärelerini goldaýar: