BMG-niň ÖM Türkmenistanyň myhmanhana pudagynda “ýaşyl” standartlaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär

Posted November 17, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 17-nji noýabry: Şu gün, BMG-niň ÖM bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” bilelikdäki taslamasynyň çäginde “Awazanyň myhmanhanalarynda “ýaşyl” standartlary ulanmak babatyndaky tejribe boýunça bar bolan ýagdaýy öwrenmek” atly webinar geçirildi.

Webinaryň barşynda “ýaşyl” gurluşygyň halkara standartlary bilen tanyşdyryş boldy hem-de Awazanyň myhmanhanalarynda “ýaşyl” standartlary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň myhmanhanalarynda energiýanyň, suwuň rejeli peýdalanylmagyny we galyndylaryň oýlanyşykly dolandyrylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berýän milli “ýaşyl” standartlary ösdürmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň, Türkmenbaşy şäheriniň we Awaza etrabynyň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary ş.) we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşdy.

Webinaryň barşynda oňa gatnaşyjylar BREEAM, LEED we DGNB ýaly “ýaşyl” gurluşyk üçin halkara sertifikatlaşdyrma ulgamlaryna seretdiler we olary milli şertlerde ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini we meselelerini, şeýle hem durnukly dolandyryşy we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň myhmanhana pudagy üçin özbaşdak “ýaşyl” standartyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň ÖM-niň taslamasynyň menejeri Batyr Ballyýew: “Myhmanhanalary durnukly dolandyrmaklyga ekologik çemeleşmeler suwy we energiýany tygşytlamaga, hapalanmany we galyndylaryň möçberini azaltmaga, girdejileri artdyrmaga we myhmanlarda galýan täsiri gowulandyrmaga mümkinçilik berýär” -diýip belledi.. “Türkmenistandaky myhmanhanalar üçin milli “ýaşyl” standartyň işlenip taýýarlanylmagy we ornaşdyrylmagy geljekde ýurduň Klimat baradaky Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmeklige goşant goşar”.

***

“Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” durmuş-ykdysady ösüşiň maksatlaryna ýetmek babatynda ýurduň tagallalarynyň çäklerinde bughana gazlarynyň zyňyndylaryny we howanyň hapalanmagyny azaltmak, energiýanyň sarp edilişini azaltmak we galyndylary durnukly dolandyrmak ýaly, ýurtda şäherleri durnukly ösdürilşine ýardam bermeklige we şäherleriň ösüşiniň zyýanly netijelerini azaltmaklyga gönükdirilendir. Taslama tehniki, institusional we strategik goldawyny berýär, şeýle hem Aşgabady we Awazany öz içine alyp, rejeli peýdalanmak we galyndylary oýlanyşykly dolandyrmak babatyndaky özüňi alyp baryşy üýtgetmäge ýardam berýär, şeýle-de Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde gazanylan oňyn netijeleri ulanmak üçin esas döredýär.