BMGÖM we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri utgaşdyrmak boýunça 2-nji ýygnagyny geçirdiler

Posted October 19, 2021

Aşgabat, 19-njy oktýabr 2021: Şugün BMGÖM we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümetine daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ösüş ugrunda taslamalary amala aşyrmakda goldaw bermek üçin ýola goýlan gepleşigi dowam etdirmek maksady bilen ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň howanyň meseleleri babatynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmak üçin onlaýn görnüşde ýygnak geçirdiler.

Duşuşyk 2021-njy ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek howa babatynda COP26 maslahatyna taýýarlyk görmek üçin we ýurduň Milli derejede kesgitlenen goşantlary barada täze maglumat bilen üpjün etmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda ýurduň milli ileri tutýan ugurlaryna ýetmek üçin alyp barýan tagallalary bilen bir hatarda häzirki wagtda dowam edýän maksatnamalar barada maglumat paýlaşmak üçin forum hökmünde hyzmat etdi.

"Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin häzirki wagtda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän başlangyçlar barada pikir alyşmak üçin geçirilen bu möhüm ýygnaga gatnaşanyma begenýärin", - diýip BMGÖM-niň Türkmenistanda Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan aýtdy.

"Glazgoda geçiriljek COP26 maslahatynyň hemme meseleleriň üstünde durup geçjek we hiç bir halky yzda galdyrmaýan ýokary derejede gepleşiklerinde ägirt uly, hemmetaraplaýyn we deňagramly netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň jebisleşmegi zerurdyr", – diýip Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Jon Hamilton aýtdy. “Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy - BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, BMGÖM we milli hyzmatdaşlar bilen Türkmenistana COP26 maslahatyna taýýarlyk görmekde goldaw bermek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Şeýle hem biz ýakyn ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň edýän milli tagallalaryny mundan beýläk-de goldamak üçin pikirdeş bolan ähli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge taýýardyrys."

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri gatnaşyjylara Türkmen wekiliýetiniň Glazgo maslahatyna ýokary derejeli saparynyň taýýarlygy barada maglumat berdiler we häzirki wagtda Türkmenistanda BMGÖM-niň utgaşdyrmagy bilen işlenip düzülýän Milli derejede kesgitlenen goşantlary taýýarlamak baradaky çekişmelere gatnaşdylar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşyjylara Türkmenistanda BMG, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiren Howa babatynda ilkinji ýaşlar maslahatynyň jemleýji resminamasy hökmünde işlenip düzülen we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynda (COP16) hödürlenjek Türkmenistanda ýaşlar başlangyçlarynyň jemleýji gysgaça mazmuny barada gysgaça maglumat berdiler.

***

Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilýän bu ýygnak yzygiderli gurnalýar we Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin ygtybarly utgaşdyryjy mehanizm bolup hyzmat edýär.