BMGÖM, Türkmenistanyň pandemiýa taýýarlygyny ýokarylandyrmak üçin Bütündünýä banky bilen bileleşýär

September 21, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy  (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi bilen Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “COVID19 öňüni alyş” taslamasyny durmuşa geçirmek we ýurduň pandemiýa taýynlygyny güýçlendirmek üçin şertnama gol çekdi.

20 million dollar býudjetli taslamanyň COVID19 pandemiýasyna taýýarlygy we garşylygy güýçlendirmek üçin çäreleri geçirmegine garaşylýar. Taslama, aýratyn hem, milli synag we bejeriş kuwwatyny güýçlendirmäge, saglyk işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga, reagentleri, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga we pandemiýa bilen baglanyşykly durmuş we saglyk töwekgelçiligini çözmäge gönükdiriler. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini goldar.

Uzak möhletleýin perspektiwada taslama pandemiýalara netijeli jogap bermek üçin milli saglyk ulgamyny hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýär.

Taslama, BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we dessin çärelerini görülmegini üpjün etmek” meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berer, bu meýilnama COVID-19-a garşy alnyp barylýan keseli üçin öňüni alyş we jogap beriş çärelerini kesgitleýär.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hanym Natia Natswlişwili: "Global pandemiýalara garşy ýurduň saglygy goraýyş pudagynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegine getirjek bu möhüm inisiatiwa gatnaşýandygymyz sebäpli buýsanýarys"- diýdi. "BMGÖM, beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde, “2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş gün tertibiniň” esasy ýörelgesi bolan «Hiç kimi çetde goýmazlyk» ýörelgesine esaslanyp we özüniň ýokary hilli çeşmelerinden we tejribesinden peýdalanyp,  global pandemiýanyň täsirini azaltmak babatynda edýän tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardyr.”